“Täze doglan çagama şahadatnama almak üçin etrabyň ZAGS bölümine irden sagat 8:40-da bardym. Nobaty kagyza ýazýan ekenler, 94-nji bolup nobata ýazyldym. ZAGS bölümi sagat 8-de öz işine başlaýar. Bu ýere gelen adamlar daňdan has ir gelen bolmana çemeli” diýip, Serdarabat etrabynyň Dogry ýol obasynyň ýaşaýjysy Serdar aýdýar.
Serdar raýatlyk ýaly möhüm dokumentleri resmileşdirýän etrabyň ZAGS, ýagny Graždan ýagdaýlarynyň aktlary ýazylýan bölüminde ýa-da halk arasynda aýdylyşy ýaly Nikalar öýüniň öňünde garaşyp duran onlarça lebaplydan diňe biri. Olaryň arasynda Serdarabat etrabynyň beýleki bir ýaşaýjysy Gülnabat ýaly daňdan dörtde gelen adamlaram bar.
“Irden sagat 4 töweregi gelsem-de, birinji bolmak beýlede dursun, nobatda hat-da 10-njy hem bolmak miýesser etmedi. Men 19-njy bolup, spisoga adymy ýazdyrdym” diýip, Gülnabat daýza gürrüň berýär.
ZAGS bölümine işi düşen adamlar üçin indi nobata durmak kadaly ýagdaýa öwrülip barýar, hatda birinjileriň hataryna girmek üçin bir gün öňünden gelip, gijesini edaranyň gapysynyň öňünde geçirýänleriňem bardygyny aýdýarlar.
Diňe Serdarabatda däl, Lebap welaýatynyň beýleki etraplarynda ýerleşýän ZAGS ýaly hökümet edaralarynyň hem ýagdaýynyň Serdarabadyňkydan o diýen tapawutly däldigi aýdylýar.
Eýsem, şeýle nobatlaryň döremegine näme sebäp bolýar diýen soraga ýerli hem merkezi hökümet edaralarynyň resmilerinden jogap alyp bolmady.
Emma şeýle nobatlary başdan geçirenlerden biri Galkynyş etrabynyň ýaşaýjysy, özüni Gülüstan diýip tanadan bir gelniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, munuň birnäçe sebäbi bar, olardan birem degişli edaralaryň talabalaýyk işlemeýänliginde.
“Näme üçindir ZAGS bölümleriniň köpüsi hepdede diňe üç gün işleýär. Galan günler adamlary kabul edenoklar. Olarda işleýän adamlaryň sany-da ujypsyz, biziň etrabymyzdaky ZAGS edarasynda diňe 1 adam işleýär. Dogry, ýakynda geňeşligiň işgärini-de şahadatnama ýazmana goşmaça bellediler. Ýöne, muňa garamazdan, edara talaby ödäp bilenok” diýip, Gülüstan gürrüň berýär.
Gülüstanyň aýtmagyna görä, şol edarada işleýän adamyň hem iş ýerinde tapylmaýan wagtlary az bolmaýar. “Onsoň wagtyň az, adamyň köplügi sebäpli dokumentleriň ýalňyş ýazylyp, ýaşayjylar üçin goşmaça kellagyry döredilýän halatlaram az bolanok” diýip, ol sözüni jemleýär.
Şeýle ýagdaýlarda adamlaryň degişli dokumentleri almak üçin günläp, hepdeläp, hatda kähalatlarda aýlap edara gatnaýan wagtynyňam bolýandygy aýdylýar. Özüni Nesibe diýip tanadan Serdarabatly bir gelin hem şolaryň biri.
“Ejemiň şahadatnamasyny ýitiremizsoň, men ZAGS bölümine bardym. Adamlaryň köpdügini görüp, yzyma dolandym, indiki gezek gelenimde, sagat 5-de nobat ýetdi, emma oba geňeşinden, bankadan we käbir beýleki edaralardan degişli dokumentleri getir diýip yzyma ugratdylar” diýip, Nesibe aýdýar. “Olary ýygnaýançam ep-esli wagt geçdi, soňunda alan dokumentimizde ejemiň familiýasyny, adyny ýalňyş ýazypdyrlar”.
“Aýdan zatlaryny taýýarlanymdan soň 4 sapar nobatym ýetmän, yzyma dolanmaly boldum. Gepiň tümmegi, günläp, hepdeläp gatnamagym owarramyna diýseňem, 200 manat töweregi çykdajym boldy” diýip, Nesibe sözüni jemledi.
Hökümet edaralarynyň öňündäki nobatlar türkmenler üçin o diýen täzelik däl, sowet döwründe şeýle nobatlara hasam köp duş gelnerdi. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu nobatlar sowet döwründäki endigiň Türkmenistanyň käbir hökümet edaralarynda henizem dowam edýändigini görkezýär.