Türkmenabatda awtobusda bir zenan Türkiýede okaýan gyzy bilen mobil telefonynda gürleşýär. Gürleşip bolandan soň gapdalynda oturan başga bir zenan oňa “Siz Türkiýede bolupmydyňyz?” diýen sorag bilen ýüzlenýär, ol “hawa” diýen jogaby alansoň, iki zenan türk dilinde dürli temalardan gürleşip başlaýarlar.
Awtobusdaky gürrüňini türkçe dowam etdiren iki zenan türk diliniň türkmenabatlylaryň gündelik durmuşyna näderejede ornaşanlygyny görkezýän diňe bir mysal. Emma näme üçin türkçe?
Sebäpleri
Bu soraga Türkiýede ýaşaýan lebaply Rozybaý şeýle jogap berdi: ”Bärde işläp giden ene-atalar türk diliniň aňsatdygyny, türk dilinde gepleşmegiň, düşünişmegiň aňsatdygyny aýdýarlar. Biziň ýurdumyzda türk firmalary bar, Türkiýä gaýdýan talyplarymyz bar, [üstesine-de], türk diliniň biziň dilimiz bilen kybapdaşlygy sebäpli, biziň ýurdumyzda, türk dilinde gürleşýän adamlaryň, hatda çagalaryň hem sanynyň köpelip barýandygyny görmek bolýar”.
Ýerli ýaşaýjylar hem türk dilini gowy bilýänleriň köpelmeginiň sebäbini Türkiýe döwletine gidýänleriň köpdügi bilen bir hatarda türk diliniň türkmen diline ýakyn bolmagy bilen düşündirýärler.
Bu iki diliň ýakyn bolmagy sebäpli, türk telekanallaryna tomaşa edýän türkmenistanlylaryň sany az däl. Türkmenabatly 8-nji klas okuwçysy Merdan hem şol ýaşlardan biri. Merdan Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle gürrüň berýär: “Men çagalygymdan türk kanallaryna tomaşa edýän, olardaky multfilmdir kinolary sypdyrmajak bolýan. Şeýdip, türkçäni öwrendim”.
Türkiýede ýaşaýan Rozybaýyň aýtmagyna görä, Lebapda türk telekanallaryna tomaşa edýänler diňe ýaşlar däl, olaryň arasynda dürli ýaşlardaky uly adamlar hem bar, türk telekanallarynyň halanmagynyň birnäçe sebäbi bar.
Türkiýede ýaşaýan Rozybaý bu hakda Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Sebäbi olaryň gürleýiş şekilleri biziň käbir däplerimiz bilen kybapdaş gelýär, göni. Hiç bu taýda bir aýrar ýaly zat ýok. Diňe daşky görnüşinde birneme tapawut bolaýmasa, ýa edýän hereketleri, dini hereketleri halallyga ýol görkezýär we ýaşlarymyzy özüne çekiji rollary ýerine ýetirýär. Şol sebäplerem adamda soň höwes döredýär-dä, şu ýurdy bilsem, şu ýurdy gezsem ýa-da şu ýurduň dilini öwrensem, men şu ýurda gitjek diýip, adamda höwes döreýär”.
Türkmen-türk okuw jaýlary
Diňe türk telekanallary däl, garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanda açylan türkmen-türk mekdepleriniň hemem paýtagt Aşgabatda ýerleşýän Türkmen-Türk uniwersitetiniň türk diliniň türkmenistanlylaryň arasynda ornaşmagyna uly goşandynyň bolandygyny aýdýarlar.
Uniwresitet bolmasa-da, şeýle mekdepleriň birnäçesi Lebap welaýatynda hem açylypdy. Halk arasynda uly abraý gazanan we türkmen-türk mekdepleri diýlip atlandyrylan şol okuw jaýlarynda türk dili esasy dil hasaplanýardy. Olar 2011-nji ýylda ýöriteleşdirildi.
Netijede, käbir ýerli synçylaryň pikiriçe, türk dili soýuz döwründen miras galan rus diliniň ornuna geçip barýar. Edil sowetler zamanynda rus dili ýaly, indi türk dilini bilmek hem goşmaça abraý hasaplanýar.
Kitaplar
Galyberse-de, türkmen dilinde çap edilýän kitaplaryň sanynyň az bolmagy hem türk diliniň ilat arasynda has köp ornaşmagyna sebäp bolýar. Türkiýä gatnaýan lebaply kitap söwdagäri Hemra Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu ugurda öz pikirini şeýle beýan edýär: “Türk dilinde köplenç dini kitaplary okaýarlar. Köplenç dini kitaplary buýurýarlar, men hem eýdip-beýdip, şolar ýaly kitaplary getirýän”.
Türk diliniň türkmenleriň arasynda güýçlenip barýan täsirine türkmenleriň internetde, sosial ulgamlarda ulanýan sözlerinden has hem gowy göz ýetirmek mümkin. Azatlyk Radiosynyň Facebook sahypasynda goýlan bir surata Divane Derviş atly okyjy “bitmek bilmeýen çile” diýip, teswir galdyrypdyr. Bu türkmençä terjime edilende, yzy üzülmeýän alada” diýildigi bolýar.
Söhberdeşimiz Rozybaý özüne hem türk diliniň täsiriniň ýetendigini aýdyp, şeýle diýýär: “Elbetde, men türkmençe gepleşýän, emma kämahal-kämahal gepleşen mahalym birden arasynda türkçe sözlerem garyşdyrýan-da. Meniň kemçiligimi hatda çaga-da aýdyp otyr, gürleşen mahalym dilimden birden sypyp gidýär. Şonda çaga entek okap bilmese-de, ýaňky eşiden sözüni ýatlap, soň maňa aýdýar”.