Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda çaga zähmeti aradan aýrylanok


Lebap welaýatyndaky bu işçi çagalar göz öňünde tutulsa, çaga zähmetiniň doly aradan aýrylandygyny aýtmak kyn.
Lebap welaýatyndaky bu işçi çagalar göz öňünde tutulsa, çaga zähmetiniň doly aradan aýrylandygyny aýtmak kyn.
Şu günler Lebap welaýatynda mekdep okuwçylarynyň tomusky kanikul döwründe dürli hili işler bilen meşgullanyp, gazanç edýändiklerine duşsa bolýar. Olaryň arasynda garpyz satýanlary-da, süýt-gatyk satýanlary-da, mellek ýerlerinde öndürilen gök-bakja önümlerini aýlap satyp ýörenleri-de bar.

Şol işler bilen meşgullanýan çagalar az girdejili hojalyklaryň çagalary bolup, gazanan pullaryny täze okuw ýyly üçin okuw esbaplaryny, geýim-gejimleri satyn almak üçin ulanjakdyklaryny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýdýarlar.

Graşsyzlyk etrabynyň obalarynyň biriniň ýaşaýjysy 12 ýaşly Serdar özüniň 4-nji klasy tamamlandygyny, garpyz ýetişdirip satýan daýysyna kömekleşýändigini aýdýar. Serdar bu hakda şeýle gürrüň berdi: “Men daýyma garpyz satyşýan. Meniň esasy kömegim – maşynyň üstünde garpyz satýanlygymyzy bildirmek üçin gygyryp durmagym”.

12 ýaşly Serdar munuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Bu maksat üçin öňler maşynyň signalyny işledýärdik. Ýöne maşynyň signaly adamlary birahat edýär, ondan “garpyz alan!” diýip, gygyranyň has gowy”.

Serdaryň aýtmagyna görä, garpyz satmak bilen meşgullanmagyň sebäbi täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda gerekli okuw-esbaplary, geýim-gejimleri edinmek: “Daýym hususy mülk ýerinde garpyz ekip ýetişdirýär. Men daýyma 1 aýyň dowamynda ýardam bersem, daýym okuwa gerek ähli zady özüm alyp bererin diýdi”.

Öýlerinde köp mal saklaýan maşgalalaryň çagalary esasan süýt-gatyk, çal staýarlar. Ýöne demirýol beketlerine golaý ýaşaýan maşgalalaryň çagalarynyň arasynda ýönekeý agyz suwuny satýanlary-da bar.

Gazanç ugrunda

8-nji, 9-njy klaslary tamamlan mekdep okuwçylarynyň arasynda jaý gurýan, ýaşaýyş jaýlaryny remont edýän ussalaryň gapdalyndan ýardamçy bolup gazanç edýänleri-de bar.

“Işimiz kyn bolsa-da, gazanjymyz erbet däl. Bir aýda 600 manada golaý gazanmagym mümkin. Gazanýan pulumyz eden işimize bagly. Näçe köp işlesek, şonça-da köp pul gazanyp bolýar” diýip, täze okuw ýylynda 10-njy klasa barýan ýigit, Galkynyş etrabynyň ýaşaýjysy Ylham gürrüň berýär.

Onuň sözlerinden çen tutsaň, kanikulda pul gazanýan okuwçylaryň ählisi meýletin zähmet çekýärler, olary mejbur edýän ýok. Galkynyş etrabynyň ýaşaýjysy Ylham Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde bu hakda şeýle diýýär: “Her bir okuwçynyň, ýaş çaganyň-da gowy egin-eşikleri geýesi gelýär. Onsoň bir zatlar edip, öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin gazanç ýollaryny gözleýärler. Beýle işleriň hem her bir okuwça tapdyryp durmaýanlygyny-da aýtmak isleýärin. Baş ussa meniň goňşym bolanlygy üçin meni ýanyna işe aldy”.

Özüni Gülsere diýip tanadan Serdarabat etrabynyň Ala göz obasynda ýaşaýan kärendeçi zenanyň aýtmagyna görä, täze okuw ýylynyň başlansoňam, käbir çagalaryň okuwdan soň gazanç edýändiklerini görse bolýar.

“Täze okuw ýyly bilen bir wagtda täze pagta ýygym möwsümi başlar. Köp çagalar okuwdan soň ýarym günläp pagta ýygmaga çykarlar. Olaryň köpüsi meýletin çyksa-da, ýygym möwsüminiň soňunda her bir okuwça mekdebe belli möçberde pagta tabşyrmak däbiniň ýene gaýtalanmagy mümkin. Men kärendeçi, ýöne çagalarymyň kärendeçi bolmaklaryny islämok. Okuwçylar bar ünsüni okuwyna berseler, gowy bolardy” diýip, serdarabatly zenan Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýtdy.

Käbir ata-eneler öz çagalarynyň kanikul döwründe gazanç etmeklerini goldaýandyklaryny aýdýarlar. Emma raýatlaryň arasynda bu ýagdaýyň halkyň ykdysady ýeter-ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýandygyny aýdýanlar hem bar.

Türkmenistanda çaga zähmeti gadagan, ýolbaşçylar hökümet ýygnaklarynda bu nogsanyň düýbünden aradan aýrylandygyny gaýta-gaýta ýatladyp gelýärler, emma Lebap welaýatyndaky bu işçi çagalar göz öňünde tutulsa, çaga zähmetiniň doly aradan aýrylandygyny aýtmak kyn.
XS
SM
MD
LG