Şu günler Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesiniň köçelerinde suwgeçiriji liniýa çekilip, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ol işleri “Lebap agyz suw üpjünçilik” edarasy amala aşyrýar. Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, suw üpjünçilik edarasy diňe köçeden suw geçirjek liniýany çekýär, öýlerine bolsa adamlaryň özleri, öz hasabyna suw geçirtmeli bolýarlar.
Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjysy Röwşeniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “Lebap agyz suw üpjünçilik” edarasynyň işgärleri köçeleri gazyp, turbalary geçirenden soň, ýaşaýjylara 10-15 günüň dowamynda öýlerine suw çekdirmäge möhlet berilýär”.
Fotogalereýa: Garaşsyzlyk etrabynda turbalar çekilýär
Röwşeniň sözlerine görä, resmileriň duýduryşynda öýlere turbalary çekmek üçin kesgitlenen möhletiň gutarmagy bilen, gazylan köçeleriň gum bilen örtüljekdigi bellenilipdir. Mundan soň olaryň gaýtadan gazylmagyna rugsadyň berilmejekdigi hem nygtalýar.
Röwşen köçeden öýe suw çekdirmek orta hasapdan 200 manada durýandygyny aýdýar.
Kynçylyklar
Lebap welaýatynyň beýleki etrapdyr obalarynda bolşy ýaly, Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy oba hojalyk bilen meşgullanýarlar. Käbir daýhanlaryň aýtmagyna görä, 200 manat hem olar üçin uly pul, onsoň bu duýduryş käbir gurby çatmadyk adamlaryň “iki aýagyny bir gonja sokýar”.
Nyýazow şäherçesiniň suw meseleleri diňe bular bilen çäklenmeýär. Geçirilip, ulanmaga berlen turbalardaky suwuň hiliniň göwnejaýdygy, emma onuň dowamly akmaýandygy hem aýdylýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylaryň belleýşi ýaly, munuň sebäbi suwuň basyşynyň pesligi bilen bagly.
Suwuň basyşynyň pesligi barada ýerli hökümet resmilerinden jogap alyp bolmady. Emma bu barada ilat arasynda dürli-dürli garaýyşlar bar. Olardan biri hem etrap merkezinde mellek ýerleri bolan adamlaryň, ýaplardan akýan suwuň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, suwgeçirijiden gelýän agyz suwundan ekinlerini suwarmak üçin peýdalanyp başlamagydyr. Bu bolsa öz nobatynda suwuň basyşyna erbet täsir ýetirýär diýip, käbir ýaşaýjylar belleýärler.
Şol bir wagtyň özünde, Lebap welaýatynyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Garaşsyzlyk etrabynyň käbir ýerlerinde, şol sanda Nyýazow şäherçesiniň käbir ýaşaýjylary agyz suwuny almak üçin nasoslardan peýdalanýarlar. Bu hem öz gezeginde täze turbalardan akdyrylýan suwuň basyşyna özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär.
Emma ýerli ýaşaýjylar çekilýän turbalar bilen bagly dürli problemalara garamazdan, agyz suwy meselesinde kynçylyk çekýän ilata munuň oňaýly täsiriniň boljakdygyna umyt edýändiklerini aýdýarlar.