81 ýaşly Nikolaý Hasig, diktator Stalin Abhazystanyň doly ygtyýarly Sowet respublikasy statusyny ýatyryp, ony Sowet Gürjüstanynyň welaýaty edeninden bir ýyl soň, ýagny 1932-nji ýylda doglupdyr.
18-nji ýanwarda Orsýetiň çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmeni amerikan raýatlary tarapyndan ogullyk alnan orsýetli çaganyň ýanwar aýynda ölendigini habar berdi.
Geçen hepdede Ukrainanyň premýer-ministri Kiýewiň 24-nji ýanwarda “Royal Dutch Shell” nebit kompaniýasy bilen 10 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekjekdigini aýtdy.
Ýewraziýa gümrük bileleşiginiň Ýewropa Bileleşigine potensial bäşdeş hökmünde döräp gelýän statusy, belli bir ýoly saýlap tutmaklary üçin, Ermenistan, Moldowa we Ukraina ýaly ýurtlary basyş astyna salýar.
Saraýewoda we Buharestde ýerleşýän "Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa raporty proýekti" (GJKRP) korrupsiýada "abraýly" atlaryň sanawyny düzdi.
Germaniýanyň öňki kansleri Gerhard Şröderiň ýolbaşçylygynda Berlin Ýewropada ençeme ýyllap Orsýetiň iň gowy dosty bolup gelipdi. Orsýetiň Germaniýa bilen aradaky aýratyn gatnaşygy indi petige diräýdimikä?
Geçen 4 ýyllykda ýurduň daşynda Obamanyň ýadawsyz wekiline öwrülen, onuň öňki syýasy bäsdeşi Klinton Birleşen Ştatlaryň bir möhlet baş diplomaty bolmagyň özi üçin ýeterlikdigini ençeme wagt mundan ozal duýdurdy.
Ikinji möhlete saýlanmak diýmek, birinjiniň gaýtalanmagy diýmek däldir. Köpleriň pikiriçe, Kreml Barak Obamanyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine saýlanmagyny umyt edýärdi.
Ukrainada 28-nji oktýabrda geçen saýlawlaryň yzysüre aýdyňlyk bolar diýip, hiç kim garaşmandy. Berlen sesler entek sanalyp gutarmasa-da, köpçüligiň bu pikiri dogry boljaga meňzeýär.
Orsýet bilen dikleşmek bilen oňa boýun bolmagyň arasyndaky altyn ortany tapmak Gürjüstanda Iwanişwili üçin iň agyr wezipeleriň biri bolar. Ol 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Orsýetde ýaşapdy, şol ýerde işläpdi.
Rus-gürji konflikti bilen bagly düşürilen kinofilmde Orsýetiň harby şahsyýetleriniň şol döwürde prezidentlik wezipesini eýelän Dmitriý Medwedewi uruş babatynda wagtynda belli bir karara gelip bilmändigi üçin tankytlamagy Orsýetiň syýasy elitasyny haýran galdyrmagyny dowam etdirýär.
Tatarystanda hökümetiň goldawyndan peýdalanýan ýokary derejeli yslam ruhanysynyň ýaralanyp, onuň orynbasarynyň wepat bolmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň, ýurduň hökümeti barha artýan dartgynlylygyň üstüni ýapmaga synanyşýar.
Orsýetde regional ýolbaşçylarynyň saýlawlar arkaly bellenmegi baradaky täze kanun güýje girýär. Tatarystanda bu proses federalizme degişli wajyp meseleler boýunça Moskwa bilen çekeleşikleriň bir bölegine öwrüldi.
Ýakynda Gazagystanyň döwlet telewideniýesinde Günbataryň ozalky liderleriniň prezident Nursoltan Nazarbaýewi wasp edýän wideoýazgylary görkezildi.
Şu hepde dünýä liderleriniň Seulda geçiren iki günlük sammitinde duşuşyga gatnaşmadyk ýurtlara, ýagny Demirgazyk Koreýa, Pakistana, Hindistana we Eýrana köp üns berildi. Olaryň üçüsi hem ýadro ýaragyna eýe bolan ýurt.
Moldowada kanun çykaryjylar ýaşy 15-den aşak çagaralara edilýän jynsy zorlugy mejbury himiki kastrasiýa (derman sanjyp agta etmek) bilen jezalandyrmaly diýip ses berdiler.
Bukjanyň ahyrsoňy gelip gowuşmagy žurnalistlik işini derňew esasynda alyp barýan Hatyja Ismailowany geňirgendirmedi. Azerbaýjanly žurnalist aslynda muňa garaşman hem duranokdy.
"Google" 1-nji martdan başlap özüniň dürli platformalaryndaky hususy sferany goramak, şahsy maglumatlary kesekilere elýeterli etmezlik baradaky 60 sany aýratyn düzgünleri bir bütewi syýasata öwürdi.
Öňki Gündogar Germaniýanyň antikommunist aktiwisti, 72 ýaşly Ýoahim Gaugyň Gemaniýanyň prezidentligine kandidat bellenmegi garaşylmadyk waka bolup, iň bolmanda onuň özüni geň galdyrana meňzeýär.
Ýene-de ýükle