81 ýaşly Nikolaý Hasig, diktator Stalin Abhazystanyň doly ygtyýarly Sowet respublikasy statusyny ýatyryp, ony Sowet Gürjüstanynyň welaýaty edeninden bir ýyl soň, ýagny 1932-nji ýylda doglupdyr.
1936-njy ýylyň aýagynda şol wagt Transkawkaz regionynyň baştutany, soňra hem Staliniň sadistik gizlin gullugyna ýolbaşçylyk eden Lawrentiý Beriýa ilhalar abhaz lideri Nestor Lakobany özüniň Tbilisidäki öýüne nahara çagyrýar. Lakoba duýdansyz ýagdaýda ölýär. Resmi taýdan ýürek näsazlygy sebäpli diýilse-de, adamlar onuň awy berlip öldürilendigine ynanýarlar.
1937-nji ýylda başlanan repressiýalarda hem tutuş abhaz hökümeti tutulyp, ile göz edilip, adalatsyz sud prosesine sezewar edilýär.
"Munça zorluk, munça kemsitme, munça ezýet, beýle genosid… Biziň halkymyz bular ýaly zatlary ozal asla görmändi" diýip, Hasig bolan wakalary ýatlaýar.
"Iç uruş"
Ikinji jahan urşy belli bir manyda wagtlaýyn dynçlyk boldy. Ýöne 1930-njy ýyllarda başlanan bu iç uruş sowlan badyna ýene dowam etdirildi.
Ol mahallar Hasig orta mekdepde okaýardy. Ol bu hakda şeýle gürrüň berýär: "1945-nji ýylda uruşdan soň abhaz mekdepleri ýapylyp, mejbury assimilýasiýa syýasaty başlandy. Biziň çagalarymyz - özümiz hem - gürji dilinde okamaly bolduk. [Öň bu dilde] ýekeje söz-de bilmeýärdik. Şeýdip kökümiz gyryldy".
1991-nji ýylda Sowet Soýuzy ýykylandan soň bu köneden galan gahar-gazap möwjäp, aýan bolup ugrady. Muňa Kawkazyň çeçenler, çerkezler, osetinler ýaly ozal ejir-azap çeken halklarynyň wekilleri-de goşuldylar.
Abhazlary ors harbylary-da işjeň goldadylar. Netijede, çak edilişine görä, 8 müň adam ölüp, 240 müň gürji öý-owzaryndan jyda düşdi.
Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda 2008-nji ýylda turan uruşdan soň Abhazystanyň garaşsyzlygy Orsýet, şeýle hem beýleki sanlyja döwletler tarapyndan ykrar edildi.
Gürjüstan we dünýä döwletleriniň aglabasy regionyň Orsýet tarapyndan basylyp alnandygyny aýdýarlar. Hasig hem göwnüçökgünlik bilen Abhazystany "Orsýetiň koloniýasy" diýip häsiýetlendirýär.
1990-njy ýyllaryň başlarynda uruş öňki Sowet Soýuzynyň beýleki ýerlerinde-de turdy. Köpüsi Sowet Soýuzynyň 60 ýyl mundan ozal alyp baran syýasaty bilen ýitileşdirilen şular ýaly etniki konfliktlere "Staliniň sagatly bombasy" diýlip at berildi.
Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Çeçenistanda we oňa goňşulykdaky respublikalarda-da iki gezek uruş boldy. Sowet Soýuzy darganda başlanan zorlukly hereketler bu ýerlerde şu wagt hem dowam edýär.
Çeçenistanyň şol wagtky prezidenti Johar Dudaýew 1993-nji ýylda: "Orsýetde ýaşaýan ýüz müň çeçen – çeçen halkynyň bähbitlerini goramakda ýüz müň esgere öwrülmeli. Olar mukaddes uruş yglan etmeli. Her bir çeçen şehit bolmaga taýýarlanmaly" diýipdi.
Merkezi Ýewropadan başlap, tä Orta Aziýadaky serhetlere çenli uzap gidýän bu konfliktler, dürli azlyk milletler barada Staliniň 30 ýyl çemesi alyp baran, özi-de köplenç zorlukly syýasatynyň netijeleri diýlip hasaplanýar.
Manysyz serhet çekişlik syýasaty, etniki toparlaryň tutuşlygyna deportirlenmegi, etnik orslaryň dürli regionlara köpçülikleýin sürgün edilmegi bilen Staliniň alyp baran syýasaty köp konfliktleri döretdi ýa-da ýitileşdirdi. Bu gün Ýewraziýa düşünjek bolsaň, ilki bilen şu konfliktlere düşünmeli.