Öňki Gündogar Germaniýanyň antikommunist aktiwisti, 72 ýaşly Ýoahim Gaugyň Gemaniýanyň prezidentligine kandidat bellenmegi garaşylmadyk waka bolup, iň bolmanda onuň özüni geň galdyrana meňzeýär.
—Häzirki garym-gatym duýgularyň içinde men size artykmaç bir zat aýdyp biljek däl. Bu mümkin däl. Ýaňy uçardan düşüp, takside gelýärkam kansler jaň etdi. Entek duşa-da giremok. Ýöne bu möhüm däl. Meniň aljyraňňy ýagdaýdadygymy, kellämiň hem az-kem bulaşykdygyny özüňiz göräýärsiňiz—diýip, Gauk aýtdy.
Ýöne Gündogar Germaniýanyň kommunistik režimini agdarmakda oýnan roly üçin “Germaniýanyň Nelson Mandelasy” diýen ady alan bu adam hukuklary aktiwistiniň öten hepde prezidentlikden çekilen Kristian Wulfuň öňki wezipesine abraý getirjekdigine köpler ynanýarlar. Wulf korrupsiýada aýyplanypdy.
Halk tarapyndan hormatlanýan Gauk hiç bir partiýanyň agzasy däl. Onuň syýasy dawalar bilen garalanan ýeri hem ýok.
Gaugyň Gemaniýanyň prezidenti wezipesine bellenmegini german parlamenti “Bundestag” 18-nji marta çenli oňlamaly, ýöne muňa şübhe edilenok. Sebäbi köplenç öňki Gündogar Germaniýanyň kommunistlerinden durýan "Die Linke" partiýasyndan başga parlamentdäki partiýalaryň ählisi ony goldaýarlar.
1940-nj yýylda Rostok şäherinde doglan Gauk Gündogar Germaniýada önüp ösdi. Ol 11 ýaşyndaka kakasy Günbatar bilen gatnaşyk saklaýanlykda gümürtik ýagdaýda aýyplanyp, Sibirdäki zähmet lagerine ugradyldy. Soňra Gauga kommunistik ýaşlar guramalaryna goşulmakdan boýun gaçyranlygy üçin žurnalistika ugrundan okamaga ýol berilmedi. Şeýdip ol lýuteran ruhanysy bolup, Gündogar Germaniýanyň gizlin gullugy “Ştazi” tarapyndan “düzedip bolmajak antikommunist” diýen ady aldy.
Ýoahim Gauk 1990-njy ýyldan 2000-nji ýyla çenli Gündogar Germaniýanyň gizlin polisiýasy “Ştaziniň” eden jenaýat işlerini paş edýän hakykat we barlyşyk edarasyna ýolbaşçylyk etdi.
Gauk 2007-nji ýylda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kommunistik döwrüň hökman paş edilmelidigini nygtapdy:
—Biz ýeke pida çekenler we edilen jenaýat işler sebäpli däl, eýsem döwrebap syýasatyň tutuş Sowet Soýuzynda düýpden yza süýşürilendigi üçin hem kommunistik döwri kanunylykdan çykarmaly.
Edward Lukas "The Economist" žurnalynyň Halkara bölüminiň redaktory. Ol Gaugyň kandidat bellenmegine Germaniýanyň birleşigi üçin möhüm diýip garaýar:
—Meniň pikirimçe, özara german gatnaşyklary iň möhüm zatdyr. Şeýle edilse, öňki gündogar germaniýalylar özlerini ikinji derejeli raýatlar hasap etmezler. Indi Germaniýada gündogardan gelen iki sany ýokary derejeli şahsyýet bar. Kansler Angela Merkel günbatarda doglan bolsa-da, gündogarda önüp ösdi. Meniň pikirimçe, bu simwoliki we psihologik taýdan örän ähmiýetli. Bu Polşa, Çehiýa Respublikasy we Slowakiýa ýaly ýurtlar üçin hem gowy. Sebäbi ol bularyň näme isleýändigine düşünýän adam.
Gauk hemişe şahsy jogapkärçiligi nygtap geldi. Ol 19-njy fewralda kandidatlyga bellenen soň hem şony aýtdy:
—Bir zady bilýärin: meniň esasy işim jogapkärçiligi kabul edýän adamlara ýakyn durmak bolar. Bular biziň ýurdumyzda ýeke syýasy derejede däl, eýsem hemme ýerde bar. Men adamlaryň ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda bir çetde diňe synçy, tankytçy, gözegçi bolup durman, bu jogapkärçiligi öz üstlerine almaklary ugrunda işlemek isleýärin.