Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadrodan saplanyş – postsowet tejribesi nusga bolup bilermi?


Sowet Soýuzynyň ilkinji ýadro synagy, Semipalatinsk, 1949-njy ýylyň 19-njy awgusty.
Sowet Soýuzynyň ilkinji ýadro synagy, Semipalatinsk, 1949-njy ýylyň 19-njy awgusty.
Şu hepde dünýä liderleriniň Seulda geçiren iki günlük sammitinde duşuşyga gatnaşmadyk ýurtlara, ýagny Demirgazyk Koreýa, Pakistana, Hindistana we Eýrana köp üns berildi. Olaryň üçüsi hem ýadro ýaragyna eýe bolan ýurt, Eýran bolsa özüniň ýadro programmasy bilen ýarag öndürmekligi maksat edinýanlikde güman edilip, halkara jemgyýetçiligini alada goýýar.

Häzirlikçe bu ýurtlary ýadro arsenallaryndan we ambisiýalaryndan el çekmekligiň bähbitlidigini ynandyryp biljek iş planyny hödürläp biljekler ýok ýaly görünýär.

Kämil ýadro howpsuzlygyny daşary syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýan Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Seulda Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy we Merkezi Aziýanyň bu ýurdunyň tejribesini görelde alarlyk diýip häsiýetlendirdi.

“Ýigrimi ýyl mundan ozal Gazagystan ýadro ýaragyny edinmezlik barada karar kabul etdi. Bu onuň ýurdunyň ösmegine we baýlaşmagyna getirmek bilen bir hatarda, nädogry toparlarayň ellerine düşüp biläýjek ýadro galyndylaryny ýok etmekdäki onuň tagallalary dünýä görelde boldy”.

Eýrana sapak

“Nýu Ýork Taýms” gazetinde 25-nji martda çap edilen “Eýranyň Gazagystandan öwrenip biljek zady” diýen prowakasion sözbaşyly makalasynda Nursultan Nazarbaýew “Tähran biziň tejribämizden öwrenmeli” diýip çagyryş etdi. “Dünýäde şeýle karara gelen has baý, asuda we täsirli hem-de dostlary köp bolan ençeme döwletleriň bardygyna şübhelenmeýärin” diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, Belarus, Ukraina we Gazagystan ýaly täze dörän garaşsyz döwletler öz territoriýalarynda taktiki we strategiki ýadro arsenallary bilen ýüzbe-ýüz boldular. Hakykatdan-da, şol döwürde Gazagystanda dünýä boýunça iň uly dördünji ýadro arsenaly bardy.

Ol ýurtlaryň üçüsi hem ýadro ýaragyndan el çekip, ýadrosyz ýurt bolmak kararyna geldiler. Bu ýurtlar öz territoriýalarynda ýaraglaryň howpsuzlygy üçin kömek almak bilen bir hatarda, beýleki ýadro materiallarynyň hem howpsuzlygyny we Sowet döwrüniň ýadro programmasynyň mirasyndan arassalanmagy gazandylar.

Eýsem, kim nämä eýe boldy? Olar iki onýyllykdan soň özlerini nähili duýýarlar?

Üçüsiniň arasynda Gazagystan has köp bähbit gazanan ýurt diýilip hasaplanýar. Bu ýurt Sowet döwrüniň Semipalatinsk ýadro synag desgasynyň mirasyndan saplanmakda uly işler etdi. Häzir Gazagystan Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň düzgünlerini kabul eden ýurtlaryň energetika zawodlaryny ýangyç bilen üpjün edýän halkara Ýadro ýangyjy bankyny öz ýurdunda ýerleşdirmek ugrunda iş alyp barýar.

Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň ozalky orunbasary Tulegen Žukeýew ýadro ýaragyndan el çekmek karary ýurdy halkara ösüş tendensiýasy boýunça ugrukdyrmakda uly kömek boldy diýýär.

“Meniň pikirimçe, maýa goýum şertlerini döretmek we ägirt uly inwestisiýany ýurda getirmek bilen, hususan-da nebit–gaz ulgamynda, biz Gazagystany gowy tarapdan görkezmegi başaryp bildik. Şeýle hem, biz Gazagystanyň üstünlikli we örän jogapkärli döwlet hökmünde kabul edilmegi üçin zerur bolan şertleri döretdik”.

Çernobyl problemasy

Ukraina hem uly bähbide eýe boldy. Kiýewli howpsuzlyk boýunça analitik Mihaýlo Samus ýadro ýaragyndan el çekmekde ýurda berlen halkara kömeginiň esasy faktor bolup hyzmat edendigini aýdýar.

“Meniň pikirimçe, Çernobyl problemasyny çözmekde berlen kömek möhüm rol oýnady. Şonda ABŞ we ýadro klubynyň beýleki agzalary Çernobyl atom energiýa zawodynyň howpsuzlygy üçin zerur bolan infrastrukturasyny döretmekde Ukraina uly kömek etdiler” diýip, Samus aýdýar.

Belarusyň parlamentiniň ozalky agzasy Meçislau Hryb Günbatara garşy durýan prezident Aleksandr Lukaşenkonyň baştutanlygyndaky Belarusy ýadro ýaragyndan el çekmekde iň az bähbit gören ýurt diýip hasaplaýar.

“Biz hiç hili kompensasiýa talap edemzok. Ýadro ýaragyndan el çekenimizde biz göni kompensasiýa almadyk. Häzirem almaýarys” diýip, Hryb aýdýar. “Men Orsýetiň Belarusa yzygiderli edýän kömegini inkär edemok. ABŞ hem kömek edýär. Bu umuman adaty ýaraglary ýok etmekde Belarusyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin edilýän kömek bolup durýar. Gönüden-göni öwezini doldurmak barada gürrüň edilende, biz ýadro ýaragyndan öwezi doldurylmazdan el çekdik”.

Elbetde, öňki sowet döwletleriniň ýagdaýy Demirgazyk Koreýanyňkydan ýa-da Pakistanyňkydan tapawutlanýar.

Semipalatinskiniň rak keseli we atmosferany zaýalamak mirasy bilen Gazagystan Ýaponiýa bilen deňeşdirilende atom asyrynyň pidasy diýlip kabul edilip bilner. Çernobylyň ýetiren zyýany göz öňünde tutulanda, Ukraina we Belarus barada hem şeýle pikir edip bolar.

Ýöne Demirgazyk Koreýa we Pakistan, şeýle hem Eýran özlerini halkara talabynyň pidasy hasaplaýarlar we ýadro programmalaryny öz howpsuzlyklarynyň we abraýlarynyň görkezijisi hökmünde kabul edýärler.

Demirgazyk Koreýa we Pakistan ýaly döwletler öz ýadro arsenallaryny birnäçe ýylyň dowamynda giň we janygyp eden tagallalary bilen döretdiler. Häzirlikçe, eýýäm ýadro ýaragyny döreden hiç bir ýurduň ondan däniş nusgasy döredilmedi.
XS
SM
MD
LG