Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak lideriniň gazanan “halkara söýgüsi”


"Wideoýazgy tebigy resurslara baý Gazagystany mahabatlandyrmak üçin döredildi diýilse-de, onuň dowamynda diňe Nazarbaýewiň arşa göterilýändigini görmek bolýar".
"Wideoýazgy tebigy resurslara baý Gazagystany mahabatlandyrmak üçin döredildi diýilse-de, onuň dowamynda diňe Nazarbaýewiň arşa göterilýändigini görmek bolýar".
Ýakynda Gazagystanyň döwlet telewideniýesinde Günbataryň ozalky liderleriniň prezident Nursoltan Nazarbaýewi wasp edýän wideoýazgylary görkezildi.

Eger kimde-kim “söýgüni pula satyn alyp bolmaýar” diýen pikirde bolsa, onda ol adam dünýäniň nebit ýataklary boýunça 11-nji orunda durýan we köp möçberdäki beýleki tebigy resurslara baý döwletiň uzak möhletleýin ýolbaşçysy bolan däldir.

Eger-de biriniň bijesi çüwüp, ol bular ýaly göz gamaşdyryjy orunda bolaýsa, mysal üçin, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýaly, onda dünýä derejesindäki şahsyýetleriň onuň şanyna alkyş ýagdyrmagynyň onçakly bir bolmajak zat hem däldigine göz ýetirse gerek.

Bu ýagdaýa göz ýetirmek üçin “Youtube” saýtynda ýerleşdirilen 67 minutlyk wideoýazga seredäýmeli. Ýazgy tebigy resurslara baý Gazagystany mahabatlandyrmak üçin döredildi diýilse-de, onuň dowamynda diňe Nazarbaýewiň arşa göterilýändigini görmek bolýar.

Toni Bleýr has-da aktiw

Bu wideoýazgyda prezident Nazarbaýewiň eden çykyşlaryndan sitatalar, şeýle-de onuň dünýä döwletleriniň ozalky liderleri bilen bilelikde düşen suratlary görkezilýär.

"Maglumata görä, gazak hökümeti Toni Bleýriň şirketi bilen 13 million dollarlyk ylalaşyk baglaşypdyr".
"Maglumata görä, gazak hökümeti Toni Bleýriň şirketi bilen 13 million dollarlyk ylalaşyk baglaşypdyr".
Suratlaryň arasynda gazak prezidentiniň Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr, Italiýanyň ozalky premýer-ministri we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti bolan Romano Prodi we Polşanyň öňki prezidenti Aleksandr Kwasniewskiý bilen düşen suratlary we gaýrylar bar.

Ýazgyda Toni Bleýr N.Nazarbaýewi uzak wagtlap Singapura ýolbaşçylyk eden Li Kuan Ýew bilen deňeşdirýär. Ýeri gelende belläp geçsek, käbir maglumatlara görä, geçen ýyl gazak hökümeti Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýriň “Tony Blair Associates konsulting” şirketi bilen 13 million dollarlyk ylalaşyk baglaşypdyr.

Ýazgyda bolsa Bleýr şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe, olar mundan beýläk-de ýurdy edil Singapurdaky ýaly, öňe äkitmegi ýüreklerine düwen bolmaly, olar muny etmegi-de başardylar. Ýöne, bilýäňizmi, bärde entegem ýeňip geçmeli zatlar bar. Meniň pikirimçe, bular gaty açyk we aýdyň...”

Ýurtdaky ýaramazlyklar agzalmandyr

Toni Bleýriň metbugat wekiliniň “The Telegraph” gazetine beren interwýusynda bellemegine görä, ýazgydan Bleýeriň “ýurtda syýasy, şol sanda adam hukuklary boýunça reformalaryň amala aşyrylmalydygy” baradaky aýdan sözleri kesilip aýrylypdyr.

Wideoýazgynyň ahyrynda Garaşsyzlygyň 20 ýylynyň içinde Gazagystanyň gazanan käbir üstünlikleri agzalyp geçilýär. Bularyň arasynda 2011-nji ýylda Gazagystanyň ykdysadyýeti çalt gerim bilen ösýän döwletleriň üçlügine girmegi, içerki önümçiligiň dolanyşygynyň 1993-nji ýyldan bäri 16 esse ýokarlanmagy, 40 müň kilometr asfalt ýollaryň gurulmagy ýaly zatlar bar.

Ýöne, şol bir wagtda-da, bu sanawda Gazagystanyň ýaramaz görkezijileri barada beýleki statistiki maglumatlar welin berlenok. Mysal üçin, “Freedom House” guramasy metbugat azatlygy boýunça Gazagystany 196 ýurduň arasynda 172-nji orunda ýerleşdirýär.

Mundan daşary, “Serhetsiz peportýorlar” guramasynyň hasabatynda Gazagystan 178 ýurduň arasynda 162-nji orunda, “Transparency International” guramasy bolsa “Korrupsiýanyň indeksi” atly geçen ýylky hasabatynda Gazagystany 183 ýurduň arasynda 120-nji ýerde ýerleşdirdi.
XS
SM
MD
LG