Ukrainada 28-nji oktýabrda geçen saýlawlaryň yzysüre aýdyňlyk bolar diýip, hiç kim garaşmandy. Berlen sesler entek sanalyp gutarmasa-da, köpçüligiň bu pikiri dogry boljaga meňzeýär.
Sesleriň üçden birinden gowragy sanalanda, äşgär edilen ilkinji sanlar Regionlar partiýasynyň sesleriň 36 prosentinden köprägini alandygyny görkezdi. Onuň yz ýanynda bolsa, 21 prosent ses almak bilen, häzir türmede oturan öňki premýer-ministr Ýulia Timoşenkonyň “Ata-Watan” partiýasyny hem öz içine alýan Birleşen oppozisiýa durýar.
Aradan salym geçirmän hem hökümet, hem oppozisiýa özleriniň ýeňiş gazanandyklaryny aýtdylar. Bularyň haýsysynyň aýdýanynyň dogrudygyny 450 orunly parlamentiň ýarpysyny emele getirýärn täk mandatly 225 saýlaw bölüminde nämeleriň bolup geçendigi görkezer.
Nähili ýaranlyk gurlar, bu belli däl
"Deputatlaryň ýarpysy täk mandatly saýlaw bölümlerinden saýlanmaly. Olaryň takmynan ýarpysy garaşsyz deputatlar. Käbirleri syýasy partiýalara wekilçilik edýärler. Ýöne täk mandatly bölümlerde saýlanan deputatlaryň täze parlamentde nähili ýaranlyk gurjakdygy ýa haýsy tutumy tutjakdygy indi belli bolmaly" diýip, Birmingem uniwersitetiniň Orsýet we Gündogar Ýewropa boýunça barlaglar merkeziniň mugallymy Katarina Wolçuk aýdýar.
Adat boýunça, täk mandatly saýlaw bölümlerinde garaşsyz kandidat bolup dalaşa goşulýanlar köplenç häkimiýet başyndaky partiýany goldaýarlar.
Londonly analizçi Elena Gnedina munuň häkimýet başyndaky partiýa artykmaçlyk gazandyrýandygyny şeýle düşündirýär:
"Garaşsyz deputat hökmünde saýlanjak 225 adam bar. Köp adamlar bular “Regionlar partiýasyna we Kommunistik partiýa birigip, parlamentde bir güýçli topary emele getirer” diýip, howatyr edýärler. Bu doly mümkin we Ukrainada ozal bolan zat. 1998-nji we 2002-nji ýyllarda aýgytly roly oýanan şu ýagdaý" diýip, Gnedina aýtdy.
Täk mandatly saýlaw bölümleriniň netijerleri üstümizdäki hepdäniň aýaklarynda belli bolmaly. Galyberse-de, analizçiler “Regionlar partiýasy beýleki partiýalaryň kanun çykaryjylaryny öz tarapyna çekmek üçin elde baryny eder” diýýärler.
Möhüm platforma
Ukrain parlamenti oppozisiýa öz alyp barjak syýasatyny we adamlaryny tanatmaga bir möhüm platforma bolup durýar. Bu hem 2015-nji ýylda geçmeli indiki prezidentlik saýlawlary üçin gaty ähmiýetli. Ýöne bu täze parlamente girjek iki esasy oppozision partiýanyň - Timoşenkonyň "Ata-Watan", Witaliý Kriçkonyň "Urgy" partiýalarynyň - özlerini nähili alyp barjaklaryna bagly.
Brýusseldäki Karnegi merkeziniň alymy Olga Şumyla-Tapiola oppozision ýolbaşçylaryň arzuw-hyýallary 2015-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda olara gowulyk getirer diýip pikir edenok:
"Iki oppozision partiýa gaty gowy sanlar bilen parlamente girer. Ýöne bular bile işleşip bilmez. Biz bu ýerde 2015-nji ýyl üçin prezidentlik arzuwlarynyň gürrüňni edýäris. Kliçko bilen Ýatsenýuk saýlawçylara 2015-nji ýylda kimiň gowudygyny görkezmek üçin parlamentde hyzmatdaşlygyň deregine partiýalarynyň üsti bilen özara göreşe girmäge synanyşarlar" diýip, Olga Şumyla-Tapiola aýdýar.