Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AR-niň žurnalistine haýbat atyldy


Hatyja Ismailowa
Hatyja Ismailowa
Bukjanyň ahyrsoňy gelip gowuşmagy žurnalistlik işini derňew esasynda alyp barýan Hatyja Ismailowany geňirgendirmedi. Azerbaýjanly žurnalist aslynda muňa garaşman hem duranokdy.

Ol indi ençeme ýyl bäri Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna, şeýle hem beýleki metbugata makala üstüne makala ýazýar. Bu makalalarda hem azerbaýjan hökümetiniň ýokary gatlagynda bolýan korrupsiýa, şol sanda prezident Ylham Alyýew we onuň maşgala agzalarynyň giň gerimli maliýe goýumlary barada hem jikme-jik maglumat berilýär.

Şol sebäpden 7-nji martda eline gowşan bukjany açanda onuň öz şahsy suratlary bilen ýüzbe-ýüz bolmagy geň zat däldi. Bukjanyň içindäki ýazgyda hem ol “jelep” diýlip atlandyrylyp, özüni “dogry alyp barmasa”, garalanyp, abraýdan düşüriljekdigi aýdylýardy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna Bakuwdan jaň eden Ismailowanyň aýtmagyna görä, ol ara salym salman, jemgyýetçilige ýüz tutupdyr:

—Düýn bir açyk beýanat berip, maňa näme gara ýöňkeseler-de, garşyma haýsy ýigrentgi çäreleri görseler-de, munuň meni durzup bilmejekdigini açyk bildirdim. Men öz tutumyma doly ynanýaryn, şek-şübhe edemok.

Ismailowa Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky býurosynyň ozalky başlygy. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Korn bir beýanatda şeýle diýdi: "Biz Hatyja guwanýarys. Onuň özüniň, işiniň arkasynda durus".

Ismailowa iberilen suratlar Azerbaýjanda iň azyndan ýene iki gazete ýollanypdyr. Ýöne olaryň hiç biri bu suratlary neşir etmedi.

Žurnalistler üçin howply ýer

Azerbaýjan žurnalistler üçin howply ýer hasaplanýar. Ol hökümete degişli däl gurama "Transparency International" tarapyndan 2011-nji ýyl üçin taýýarlanan korrupsiýa görkezijisinde 183 ýurduň içinde 143-nji orny eýeledi.

2005-nji ýylyň martynda Bakuwda žurnalist Elmar Huseýenow öldürildi. Ony kimiň öldürendigi henize çenli anyklananok.

2011-nji ýylyň noýabr aýynda ýazyjy we žurnalist Rafig Tagi birehimlik bilen pyçaklandy. Bu tanymal ýazyjy şondan dört gün soň keselhanada aradan çykdy. Rafig Tagi Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna hem makala ýazýardy.

Azerbaýjanly žurnalist Şahweled Çobanoglu medianyň uzak ýallaryň dowamynda basyş astynda bolmagynyň halkyň ähli zada biparh garamagyna getirendigini belleýär:

—Hatyja Ismailowa ýaly azerbaýjanly žurnalistler şular ýaly gorkuly ýagdaýda, hatda ölüm howpy astynda ýaşaýarlar. Bu Azerbaýjandaky hakyky ýagdaý, täze zat däl. Bular ýaly ugur ençeme ýyllap dowam edip geldi. Şol sebäpden bu wakanyň biziň jemgyýetimizde oýaran reaksiýasy bolmady. Adaty ýagdaýda birini gorkuzmak üçin edilýän bular ýaly işler jemgyýeti, döwleti sarsdyrmaly.

Ýüzlerçe aktiwist goldaw bildirdi

Ýöne Ismailowa barada welin, öňkülerden tapawutly bir zadyň bolmagy mümkin. Diňe bir 24 sagadyň içinde "Facebook" saýtynda ýüzlerçe aktiwist ony goldajakdyklaryny bildirip, oňa arka durmak üçin tagalla girişdiler. Oppozision "Halk Fronty" partiýasy hem bir beýannama çykaryp, gorkuzmak barada edilýän bu synanyşygy ýazgaryp, hökümetden žurnalistlere gysyş görkezmegi bes etmegi talap etdi.

Ismailowa studioda bir adaty gün ýaly öz indiki programmasyny taýýarlap otyr. Ol öz ýolundan hem dönmekçi däl. Onuň özi bu barada şeýle diýýär:

—Olar Elmar Huseýnowy öldürdiler, ol durzuldy. Gorkuzmak, para bermek, basyş etmek bilen ýene ençeme žurnalistiň işini duruzdylar. Bu ýagdaýyň indi öňi alynmaly. Olar gorkuzmak, basyş etmek, öldürmek bilen adamlary dymdyryp bolmajakdygyna düşünseler, onsoň dymyşlyk bolmaz. Olar munuň peýdasyzdygyna düşünip, bu işi goýarlar. Meniň etmeli iň bärkije işim – öz ýolumy dowam etdirip, göreşmek.
XS
SM
MD
LG