Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewraziýa gümrük bileleşigimi ýa-da Ýewropa bileleşigi?


Ýewraziýa gümrük bileleşiginiň ýygnagy. Orsýet. 2009 ý.
Ýewraziýa gümrük bileleşiginiň ýygnagy. Orsýet. 2009 ý.
Moskwa Ukrainanyň "Ýewropa Bileleşigi" bilen ýakyn ilteşiklere ymtylyp, şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky "Ýewraziýa gümrük bileleşigine" agza döwletler üçin göz öňünde tutulan artykmaçlyklardan peýdalanmaga synanyşmagyndan halys irene meňzeýär.

Ors prezidenti Wladimir Putiniň daşary syýasat boýunça baş proýekti bolan "Ýewraziýa gümrük bileleşigi" soňky ýyllarda 2015-nji ýylyň başlarynda Ýewraziýa ykdysady bileleşigine öwrülmek maksadyna tarap çalt ösüş etdi.

Ýöne bu Bileleşigiň Ýewropa Bileleşigine potensial bäşdeş hökmünde döräp gelýän statusy, belli bir ýoly saýlap tutmaklary üçin, Ermenistan, Moldowa we Ukraina ýaly ýurtlary basyş astyna salýar.

Agzalan ýurtlaryň ýene birki ýyldan bu kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklaryny Moskwa-da, Brýussel-de bilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aştonyň sözçüsi Maýa Koçijançiç Ermenistana salgylanyp, Ýewraziýa gümrük bileleşigine goşulyp, Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn ykdysady ilteşige ymtylmagyň mümkin däldigini aýtdy.

Koçijançiç: "Ermenistan haýsy hem bolsa, bir gümrük bileleşigine goşulmaly bolsa, bu Ýewropa Bileleşigi bilen Ermenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn çuň hem giň gerimli erkin söwda ylalaşygyna bap gelmez. Sebäbi her bir gümrük bileleşiginiň umumy daşary söwda syýasaty bolýar. Oňa agza bir aýratyn döwlet öz daşary söwda syýasatyna özbaşdak kontrollyk edip bilenok".

Ukraina üns merkezinde

Öňki sowet respublikalarynyň arasynda häzir Ýewropa Bileleşigi bilen çuň gatnaşykly döwlet Ukraina. Şol sebäpden Kiýew häzir üns merkezinde.

Ekspert Olga Şumylo-Tamiolanyň pikiriçe, Ukraina Ýewraziýa gümrük bileleşigine agzalygy ret edip, Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiatiw ylalaşyga gol çekişse, Ýewraziýa gümrük bileleşigi Ýewropadan ýüz öwrüp, ähli güýjüni Orta Aziýa we hatda Aziýa-Ýuwaş okean regionyna gönükdirmeli bolar.

Moskwa goňşularyny zorlukly taktikalar bilen Gümrük bileleşigine girizýär diýen ady almazlyga synanyşýar.

Häzir Belarusy, Gazagystany we Orsýeti öz içine alýan Ýewraziýa gümrük bileleşigi geçen iki ýyllykda berk pugtalandy.

Katerina Wolçuk Birmingem uniwersitetinde Orsýet we Gündogar Ýewropa barlaglary boýunça mugallym. Ol bu Bileleşigiň postsowet döwletlerini integrirlemäge gönükdirilen beýleki proýektlerden tapawutlylykda amala aşyrylýandygyny, onuň berk institusiýa bolup ornandygyny aýdýar: "Gümrük bileleşigi bir täze kanuny binýada daýanýar. Ol düýpli kanunlaşdyrylan. Ol kanuna esaslanýar hem-de giň göwrümli. Kanuny esas gaty gowy. Ol häzir ýerine hem ýetirilýär".

Muňa garamazdan, Gümrük bileleşigi heniz-de "Orsýetiň agalygyndaky gurama" diýip, Wolçuk sözüniň üstüni ýetirýär. Möhüm kararlara syýasy-diplomatik derejede gelinýär. Munda hem Orsýetiň güýçli täsiri bar.

"Onuň nähili ösjekdigi gaty gyzykly bolar. Ýöne gümrük bileleşigi bilen baglanyşykly köp ýurtlary öz içine alýan institusiýanyň döredilmeginiň regionda bir täze zatdygyna şübhe ýok" diýip, Wolçuk belleýär.

Ýewraziýa gümrük bileleşigini ýa-da Ýewropa bileleşigini saýlap tutmak baradaky kynçylyk Ermenistanda fewral aýynda geçjek prezidentlik saýlawynda, Moldowada 2014-nji ýyldaky parlament saýlawynda, 2015-nji ýylda hem Ukrainada boljak prezidentlik saýlawynda möhüm rol oýnar.
XS
SM
MD
LG