Häzir Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar. Bu ýerde ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen awtoulaglary görmek bolýar. Olarda sökülýän jaýlaryň gurluşyk materiallary daşalýar.
Köpetdag etrap häkimliginiň wekili ýerli ýaşaýjylary ýygnap, olara öz kondisionerlerini häzirki duran ýerinden aýryp, jaýyň diwarynda bir setir edip asmaga rugsat berilýändigini habar berdi.
Aşgabadyň köçelerinde şu günler, ýollardaky ýörite bellenilen ýerlerden däl-de, bellenilmedik ýerlerden ýoly kesip geçýän pyýadalar saklanyp, iň golaýdaky polisiýa bölümine eltilýärler.
1-30-njy aprel aralygynda geçiriljek “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” sport biraýlygy paýtagtyň Köpetdag prospektinde we welaýat merkezleriniň prospektlerinde uzak aralyga marafon ylgawy bilen başlandy.
Aşgabady abadanlaşdyrmak işiniň çäginde paýtagtyň Parahat 2/1 mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň käbirlerindäki çanak antennalarynyň kabelleri kesilýär.
Indi airbagsyz, ýagny howpsuzlyk ýassygy bolmadyk awtoulaglar Türkmenistana goýberilmez. Bu täze düzgüniň 1-nji aprelden girizilýändigini paýtagtyň gümrükhanasynyň işgäri aýdýar.
Aşgabadyň etegindäki Çoganlynyň daçalary ýumrulýar. Jaýlaryň käbirleri häkimiýetleriň elten tehnikasy bilen ýykylsa, beýlekileri ýaşaýjylaryň öz elleri bilen sökülýär.
Şu ýylyň başyndan bäri Aşgabadyň ähli raýonlarynda diýen ýaly şäheri abadanlaşdyrmak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Emma bu işler, esasan, jaýlaryň daş keşbi bilen çäklenýär.
Türkmenistanda Nowruz baýramçylygynyň esasy baýramçylyk çäresi Aşgabatdan 20 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän “Ahal ýaýlasy” diýlip atlandyrylýan giň meýdanda geçirilýär.
Düýn sagat 15.00-da paýtagtyň Parahat-2/1 mikroraýonynyň ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde suw kesildi. Suw, aradan tas bir gije-gündiz geçenden soň, şu gün günortan sagat 12.00-da berlip başlandy.
Häzirki wagtda paýtagtda şäheriň köçelerini abadanlaşdyrmak we giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtyň dürli künjeklerinde estakadalardyr köprüler gurulýar.
Ençeme ýyl bäri her bir ýaş türkmenistanly, ýokary okuw jaýyna okuwa gireninde, okuw döwri kafe, diskoteka gitmejekdigi we awtoulag sürmejekdigi barada ýazmaça käbir wadalary bermeli bolýar.
20 million dollara gurlan bu stadionyň futbol meýdançasy indi mal bakylýan meýdana meňzeýär. Onuň oty ösüp gidipdir. Bu meýdanda otdan başga ösümlikler hem ösýär.
Paýtagtyň halkara aeroportunyň 2-nji terminalynyň öňündäki awtoduralganyň “adaty däl” duralgadygyny bu ýere gelen her bir paýtagtly bilýän bolsa gerek. Bu duralga diňe döwlete degişli taksilerdir, awtobuslar girip bilýärler.
Paýtagtda çanak antennalary aýrylyp, olaryň ýerine iki mümkinçilik hödürlenýär, ”AşTu-nyň” telefon liniýalary arkaly berilýän telekanallar we ”Türkmentelekomyň” antennalaryndan çekilen teleýaýlymlar.
19-njy fewralda paýtagtyň Garaşsyzlyk şaýolunda ozal bir döwürde dünýäde iň beýik baýdak sütüni diýlip mahabatlandyrylan baýdak sütüniniň ýanynda Baýdak baýramynyň esasy çäresi bolup geçdi.
Türkmen häkimiýetleri saglyk öýlerinden gelýän puluň azalýanlygyndan nägile. Bu ýagdaýyň öňüni almak wezipesi saglyk merkezlerinde işleýän lukmanlara tabşyrylýar.
Aşgabadyň käbir raýonlarynda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny abatlaşdyrmak diýen çäre bilen bagly ýaşaýjylaryň çanak antennalaryny aýyrmak işi dowam edýär.
Häzirki wagtda, uzak arakesmeden soň, Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurtlarda ýokary we orta bilim alan türkmenistanly ýaşlaryň diplomlaryny ykrar etmek işine gaýtadan girişdi.
Türkmenistanda 1-nji fewraldan şahsy taraplara edilýän ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalary ýokary galdy. Prezidentiň bu baradaky karary 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda kabul edildi.
Ýene-de ýükle