Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryny abdanlaşdyrmak işleri üznüksiz dowam edýär. Bu çäräniň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary reňklenip, ençeme ýyllap ideg edilmedik jaýlaryň daş keşbi özgerýär.
Şol bir wagtda, daş keşbi öňden hem o diýen erbet bolmadyk ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary-da täzeden reňklenýär. Özi-de şol jaýlaryň käbirleriniň diwarlary ozal hem uzak bolmadyk döwürde iň bärkisi azyndan bir gezek oňarylypdy.
Ýatlap geçsek, 2009-njy ýylda şol jaýlar türk suwagy diýip atlandyrylýan suwag bilen suwalyp, dürli-dürli reňklere boýalyp, dürli dekorasiýalar bilen bezeldi. Protokol we uly köçeleriň gyralarynda ýerleşýän bu jaýlaryň şondan soňky eýe bolan keşbini häzirem görse bolýar.
Paýtagtyň S.Türkmenbaşy, Magtymguly, Görogly prospektlerindäki we beýleki käbir köçeleriň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsiniň diwarlary “türk suwagy” bilen suwalypdy.
Emma häzirki wagtda şol jaýlaryň diwarlary ýaňadan abadanlaşdyrylýar. Esasanam, S.Türkmenbaşy prospektinde ýerleşen şonuň ýaly ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary oňarylýar. Mundan ozal özleriniň özboluşly bezegi we reňki bilen beýlekilerden tapawutlanýan bu jaýlaryň diwarlary indi mermere meňzeş “alkoban” atly gurluşyk materialy bilen örtülýär.
Käbir gurluşykçylaryň aýtmaklaryna görä, “alkoban” atly bu gurluşyk materialy plastmassa meňzeş bolup, oňa çala fiziki basyş edilse döwlüp ýa-da ýemşerip bilär. “Munuň ömri 3-4 ýyl. Şondan köp durmaz. Öňki türk suwagyça ýokdur” diýip, daşoguzly guruşykçy Han gürrüň berýär.
Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryny alkoban bilen “mermerlemek” işi esasan paýtagtyň S.Türkmenbaşy prospektiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynda alnyp barylýar. Bu köçäniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň käbirlerinde rejeleýiş işleri gutarsa-da, käbirlerinde eýýäm birnäçe aýdan bäri dowam edýär.
Dogrusy, diňe bir “türk suwagly” ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary däl-de, eýse ýaňy-ýakynda reňklenen ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary-da häzirki wagtda “alkoban” bilen örtülýär. Mysal üçin, golaýda paýtagtyň Parahat-2 mikroraýonynyň Ýunus Emre köçesiniň ugrundaky üç sany ýaşaýyş jaýynyň diwarlaryny “mermerlemek” işine başlandy.
Bu ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlarynyň reňklenenine entek 2 aý hem bolanok. Emma indi, ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ol jaýlaryň diwarlaryny “mermerlemek” buýrulypdyr.
Ýeri gelende bellesek, paýtagtyň Parahat-2 mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlary 2017-nji ýylda üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça ”V Aziýa oýunlarynyň” geçiriljek olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýär. Paýtagtyň beýleki raýonlaryndaky ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryny oňarmak işleri hem ”Aziada-2017-ä” taýýarlyk işleriniň çäginde alnyp barylýar.
Bu işleriň gidişi bilen Türkmen döwlet habarlar agentliginiň ýurduň Ministrler kabinetiniň mejlisinden berýän raportlary arkaly tanyşmak mümkin. 20-nji martda bolup geçen Ministrler kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2015-2016-njy ýyllaryň iş planyna laýyklykda, iki ýylyň dowamynda Aşgabat şäheri boýunça Jemagat hojalygy ministrliginiň hasabynda duran ýaşaýyş jaýlarynyň 3639-synyň, şu ýylyň dowamynda bolsa 2073-siniň durkuny täzelemegiň we abatlamagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.
Emma paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryny abadanlaşdyrmak işlerine näçe maliýe serişdeleriniň sarp edilýändigi barada halka hiç hili maglumat berilmeýär. Şol bir wagtda-da, resmi maglumatlara görä, diňe Aşgabatdaky ”Aziada-2017-iniň” geçiriljek olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna 5 milliard dollara golaý çykdajy ediler.