Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Arka dükanlary ýapylýar


Sökülen arka dükany. Aşgabat
Sökülen arka dükany. Aşgabat

Aşgabatdaky dowam edýän abadanlaşdyrmak işleriniň çäginde köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň böwründäki geçelgelerde, ýagny arkalarda gurlan dükanlar ýok edilip başlandy.

Häzirki wagta çenli şäheriň Parahat-1 we 2 mikroraýonlaryndaky 2-3 sany şonuň ýaly kommersiýa dükanlary aýryldy. Arkalaryň astynda ýerleşýän beýleki dükanlaryň-da ýakyn wagtda ýok ediljekdigi aýdylyp, olaryň eýelerine öz dükanlaryny başga ýerlere göçürmek maslahat berlipdir.

Parahat-2 mikroraýonyndaky arkadaky dükanyň eýesi Meýlisiň aýtmagyna görä, bu arkalarda gurlan dükanlaryň köpüsi ýörite rugsatnama bilen gurlan. “Mende ähli zerur bolan resminamalar bar. Emma olara seredenoklar. Ýaşaýyş jaýlarynda hiç hili artykmaç zat bolmaly däl diýýärler” diýip, Meýlis gürrüň berýär.

Mundan başga-da, käbir telekeçileriň berýän gürrüňine görä, häkimiýet wekilleri ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde ýerleşen dükanlaryň hem ýakyn wagtlarda ýapylyp başlanjakdygyny duýdurypdyrlar.

Emma ýapyljak dükanlaryň eýelerine nähilidir bir görnüşde kompensasiýa tölenjekdigini habar bermändirler. Hatda dükan üçin täze ýer hem berilmez. Gaýta häkimiýet wekilleri dükan eýelerine indi kommersiýa dükanlarynyň düýbünden ýok ediljekdigini aýdypdyrlar.

Mundan öň...

Ýatlap geçsek, häkimiýet wekilleri öň hem ýerzeminlerdäki we ýarym ýerzeminlerdäki kommersiýa dükanlaryny ýapmak synanyşygyny edipdiler. 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda paýtagtyň Parahat 1-2-3-4-nji mikroraýonlarynda 100-den gowrak kommersiýa dükanlary ýapylypdy. Emma birnäçe wagt geçensoň, olar ýene-de gaýtadan açyldy.

Häkimiýetler kiosk görnüşli kommersiýa dükanlaryny ýa-da, il içinde aýdylyşy ýaly kommersiýa budkalaryny, birnäçe ýyllaryň dowamynda yzygiderli ýok etdiler. Iň soňky gezek 2014-nji ýylda şäherde galan az sanly kiosk kommersiýa dükanlarynyň iň soňkulary ýapyldy.

Ýeri gelende aýtsak, paýtagtda kommersiýa dükanlary diňe bir köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşen mikroraýonlarynda däl, eýse bir gatly hususy ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşen ”Hitrowka”, ”Posýolka” ýaly raýonlaryndaky hususy kommersiýa dükanlary hem wagtal-wagtal ýapylyp durýar.

Geçen ýylyň maý aýynda bolsa paýtagtyň Bedew ýaşaýyş massiwindäki gurluşyk materiallary satylýan hususy dükanlaryň ählisi diýen ýaly ýapyldy.

Ýurtda kommersiýa dükanlarynyň ençemesiniň hereket edýändigine garamazdan, olaryň sany, alyjylara hyzmat etmekde tutýan orunlary barada hiç hili statistik maglumatlar ýok.

XS
SM
MD
LG