Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji monumentini “dabaraly ýagdaýda” açmak üçin soňky taýýarlyk işleri görülýär.
“Arkadag binasy” diýlip atlandyrylýan bu monument paýtagtyň günortasyndaky baýyrlykda ýerleşen “Aşagabat” köpugury sport toplumynyň golaýynda gurulupdyr. Atyň üstünde oturan Berdimuhamedowyň bu heýkeli daş postamentiniň üstünde ýerleşdirilip, ol altyn bilen çaýylypdyr. Berdimuhamedowyň ýokary galdyryp duran sag eliniň aşagynda bolsa kepderi şekillendirilipdir.
Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, türkmen milli lybasyndaky, kellesi silkme telpekli prezidentiň bu heýkeli üç ýyl mundan ozal, 2012-nji ýylda 8-nji mart zenanlar güni geçirilen güller sergisinde hem görmek bolýardy.
Elbetde şol sergidäki heýkel gürrüňi edilýän monument ýaly altyn çaýylan däldi. Onuň möçberi hem täze açyljak monumentiňkiden ep-esli kiçi. Emma şol güller sergisindäki heýkel prezident Berdimuhamedowyň köpçülige görkezilen ilkinji heýkelidi. Indi bolsa Saragt Babaýewiň döreden bu heýkeli prezident Berdimuhamedowyň paýtagtda dikilen ilkinji monumenti bolar.
Häzirki wagtda prezident Berdimuhamedowyň monumetntiniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Monumente barýan köçe we onuň töwereklerinde eýýäm birnäçe aýlap gurluşyk we abadanlaşdyrylyş işleri alnyp barylýardy.
Düýn bu işleriň tamamlaýjy tapgyrlary geçirildi. Bitaraplyk prospektinden “Aşagabat” stadionyna barýan şol köçe we onuň trotuarlary ýuwulup, köçäniň ugry boýunça güller ekildi. Monumentiň öňünde ýörite sahna guruldy.
Bu monumentň açylyş çäresine adat bolşy ýaly edara-kärhanalaryň işgärleri, mekdep we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylarydyr, studentleri gatnaşarlar. Olar eýýäm birnäçe gün bäri bu monumentiň açylyş dabarasyna repetisiýa geçýärler. Şu gün dynç günüdigine garamazdan olaryň iň soňky repetisiýalary geçdi.
Ýatlap geçsek, geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň paýtagt gurluşygynyň täze etapynyň proýekti bilen tanyşlygy mahaly wise-premýer we daşary işler ministri Reşid Meredow “paýtagtyň gözel künjekleriniň birinde, görnükli ýerde Arkadag prezidentiň” heýkelini oturdylmagyna yýgtyýar bermegini prezidentden haýyş etdi. Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Babaýew hem bu haýyşy şol tanyşdyryş çäresinde gaýtalady.
Şol wagt resmi maglumatda nygtalşy ýaly, bu hili heýkeli oturdulmagy barada ýurduň ýolbaşçylaryndan we köpsanly raýatlardan köpsanly teklipleriň gelendigini şol iki çinownikler aýdypdyrlar. Bu iki ýokary wezipeli çinownigiň haýyşlaryndan soň bir ýyla golaý wagt geçensoň, Aşagabatda Türkmenistanyň prezidentiniň heýkeli peýda boldy.
Bu monumentiň açylşy 25-nji maýda bellenjek Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän baýramçylygyň esasy wakasy bolmaly. Şeýle-de, şol gün “Arkadag binasyndan” başga-da, “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym”, “Ak bugdaý” we “Sagdynlyk” binalaryny hem dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.