Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soňky jaň näçä durýar?


Soňky jaň, Türkmenistan
Soňky jaň, Türkmenistan

Geçen ýylky arakesmeden soň ýurduň orta mekdeplerinde indiki hepdäniň başynda, 25-nji maýda, ýene-de soňky jaň dabaralary geçiriler. Mälim bolşy ýaly, ýurtda täze bilim konsepsiýasyna geçilmegi, ýagny orta okuw möhletiniň 12 ýyla getirilmegi bilen geçen ýyl orta mekdepleri tamamlan okuwçylar bolmady. Onsoň orta mekdeplerde “soňky jaň” dabarasy hem geçirilmedi.

Häzir paýtagtyň orta mekdeplerinde bu dabara taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Okuwçylar “soňky jaň” dabarasyndaky tanslaryna, çykyşlaryna taýýarlanýarlar. Mysal üçin, paýtagtyň Parahat-2 mikroraýonyndaky 55-nji we 52-nji mekdeplerde şu ýyl okuwy tamamlajak okuwçylaryň wals, küştdepdi ýaly tanslardan repetisiýa geçýändiklerini görse bolýar.

Dabara taýýarlyk görülýär

Bu taýýarlyklar bilen birlikde düýn mekdeplerde bu dabara bilen bagly käbir ýagdaýlar barada mugallymlaryň arasynda ýygnaklar geçirilipdir. Bu ýygnaklarda okuwçylaryň soňky jaň dabarasynda mekdep formasynda bolmalydyklary, hususan-da gyzlaryň egin-eşikleriniň erkin bolmaly däldigi aýdylypdyr.

Şeýle-de, kafe we restoran ýaly ýerlerde oturylyşyklaryň guralmagynyň o diýen goldanylmaýandygyny, eger-de şonuň ýaly dabara gurnalaýanda hem okuwçylaryň ýanlarynda mugallymlarynyň hem gözegçilik etmelidigi barada mugallymlara aýdylypdyr.

Çagalar üçin çykdajy

Orta mekdepleri tamamlamaly uçurymlar hem öňdäki dabaralar bilen bagly şu wagtdan pul goşup başladyrlar. Bu goşulýan pullar, esasan, olaryň mugallymlaryna sowgat we “soňky jaň” oturylyşygy üçin ýygnalýar. Elbetde, egin-eşik üçin hem çykdajy edilýär.

Okuwçylaryň goşýan pullary köplenç mekdebiň ýerleşýän ýerine ýa-da mekdebiň özboluşly abraýlylyk statusyna hem bagly bolýar. Mysal üçin, “abraýly” diýilýän mekdepleriň käbirlerinde oturylyşyk üçin azyndan 100 manat goşulýar.

Elbetde, bu çykdajylar okuwçylaryň ene-atalarynyň gerdenine düşýär. “Egin-eşigi üçin 200 manat. Olaryň “soňky jaňlaryny” bellejek kafeleri üçin bolsa 80 manat bermeli. Munuň üstesine “Uçurym” fotoalbomy üçin hem 60 manat pul goşýarlar” diýip, şu ýyl ogly orta mekdebi tamamlaýan we özüni Çary diýip tanadan aşgabatly ildeşimiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Mekdepleri tamamlaýan gyzlaryň “soňky jaň” dabaralaryna edýän çykdayjylary oglanlaryňkydan hem köpräk. Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Aýnabat “uçurym” gyzynyň egin-eşigi üçin 400 manat çykdajy edipdir.

Mugallymlara sowgat

Mundan başga-da, başda belleýşimiz ýaly, “uçurym” okuwçylar mugallymlary üçin sowgatlara hem pul goşýarlar. bu sowgatlar dürli-dürli bolup bilýär. Olaryň arasynda ýuwelir önümlerini, meselem, ýüzük sowgat bermek, ýogsa-da gymmatbaha mata ýa-da konwerte pul salyp bermek däbi bar. Bu gymmat bahaly sowgatlar, esasan, her klasyň klas ýolbaşçysyna we mekdebiň direktoryna berilýär.

Bu sowgatlar hem goşmaça çykdajy bolýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy Aýnabadyň aýtmagyna görä, bu hili sowgat üçin gyzynyň klasynda 80 manatdan goşupdyrlar.

Ýene sanlyja günlerden eginlerinden üstaşyr «Uçurym» diýlen zer çaýylan lenta dakynan mekdep okuwçylary Aşgabadyň köçelerini, seýilgählerini, kafelerini doldurarlar. “Soňky jaň” dabarasy bilen bagly geçirilýän baýramçylyk çäreleri, adatça, Aşgabadyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, “Ylham” seýilgähinde we döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada geçirilýär.

XS
SM
MD
LG