Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çagalar baglary darlyk edýär


Bilim müdirliginiň öňündäki nobat, Türkmenistan
Bilim müdirliginiň öňündäki nobat, Türkmenistan

Ýaz paslynda paýtagtyň il içinde GORONO diýip atlandyrylýan Baş bilim müdirliginiň ýollama berýän işçi toparynyň işi has köpelýär. Bu ýerde öz çagalaryny çagalar bagyna terbiýelemäge bermekçi bolýan aşgabatlylaryň nobatlary hem döreýär. Emma bu ýere gelenleriň ählisi öz maksatlaryna ýetip bilmeýärler.

Paýtagtyň çagalar baglarynyň hemmesi diýen ýaly doly. Şäheriň çagalar baglaryndaky toparlarda,dogrusy, köplenç bolmalysyndan köp çaga terbiýelenýär. Şol sebäpden öz körpelerini çagalar baglaryna terbiýelemäge berip bilmän kösenýän adamlar az däl. Çagalar baglarynda ýeterlik ýer ýok diýip, olaryň çagalaryny almaýarlar.

Bakjalar doly

Mysal üçin, Aşgabadyň 12-nji çagalar bagynyň toparlarynyň köpüsinde terbiýelenýän çagalaryň sany 30-dan geçýär. Ýogsa, toparlarda terbiýelenýän çagalaryň sanynyň 25-den geçmeli däldigini bu çagalar bagynyň terbiýeçileri hem boýun alýarlar.

Paýtagtyň beýleki çagalar baglarynda hem ýagdaý o diýen tapawutly däl. Şäheriň 53-nji, 55-nji we 93-nji çagalar baglarynda hem ýagdaý 12-nji çagalar bagyndaky ýaly. Bu çagalar baglary hem doly. Bu çagalar baglaryndaky toparlarda hem terbiýelenýänleriň sany 35-e ýetýär.

Bu ýagdaý ylaýtada işleýän ene-atalar üçin kynçylyklary döredýär. “Men we aýalym işe gidýäris. Çagany öýümizden uzagrakda ýaşaýan ejemlere äkidip, [soňra] işe gitmeli bolýarys” diýip, Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Arslan gürrüň berýär.

Çagalar baglarynyň aşa dolulygyndan olarda terbiýelenýän çagalar hem ejir çekýärler. Paýtagtyň 12-nji çagalar bagynda toparlaryň otaglarynda stol-stullar ýetmeýär. Çagalar gezekli-gezegine oturyp naharlanmaly bolýarlar. Çagalara ýatar ýaly krowatlaram ýetmezçilik edýär. Çagalaryň hatda bir krowatda iki-ikiden ýatmaly bolýanlaram az däl. Ýa-da iki krowaty bir-birine degişdirip goýup, üç çaga ýatyrylýar.

Bilime-de täsiri bar..

Çagalaryň terbiýeçileriniň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, çagalaryň köplügi sebäpli çagalar çagalar bagynda bilim hem alyp bilmeýärler. Çagalar bilen sapak geçer ýaly mümkinçiligiň ýokdugyny terbiýeçiler aýdýarlar. “Toparlarda 35-40 çaga bar. Olaryň her haýsysy bilen sapak geçer ýaly wagt hem ýok. Hatda stolam ýetenok” diýip, 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Arzygül aýdýar.

Türkmenistanda çagalar baglary hökümetiň hasabynda bolup, olarda çagalary terbiýelemek üçin her aýda resmi suratda 8 manat tölemeli. Elýeterli bolan soňky resmi statistika maglumatlara görä, 2012-nji ýylda ýurt boýunça 871 sany mekdebe çenli çagalar edaralary bolup, olarda 190 müň çaga terbiýelenipdir.

XS
SM
MD
LG