Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Temmäki önümleri gymmatlaýar


Çilim
Çilim

Türkmenistanda 31-nji maýda bellenilýän temmäkä garşy Bütindünýä göreş gününiň öňüsyrasynda bu endigiň zyýany barada birnäçe ýygnaklardyr maslahatlar geçirilýär. “Türkmenistany temmäki tüssesinden we neşeden azat edeliň!” diýen şygar astynda geçýän bu çäreler, esasan, döwlet edara-kärhanalarydyr, okuw jaýlarynda geçirilýär.

Adaty köpçülikleýin çäreler görnüşinde geçirilýän bu ýygnaklardyr, maslahatlar bilen bir hatarda häkimiýetler çilim söwdasyna garşy hem işleri geçirýärler.

Şu ýylyň başynda manadyň dollaragörä kursunyň peselmegi bilen çilimleriň bahasy 25% ýokary galdy. Täze ýyldan öň bir gabynyň bahasy 10 manat bolan çilimi tapyp bolan bolsa, indi ol bahadan çilim tapyp bomaýar.

Häzir paýtagtda iň arzan çilimiň bir gaby 13 manat. “Bruks” markaly bu çilimi hem tapmak o diýen aňsat däl. Az sanly kommersiýa dükanlarynyň biriniň satyjysy Maksadyň aýtmagyna görä, arzan bolansoň, ol çalt satylyp gutarýar.

Dükanlar

Galyberse-de, çilim satýan dükanlaryň sany-da azalýar. Maksadyň aýtmagyna görä, 3-4 ýyl mundan ozal çilim söwdasy kommersiýa dükanlarynyň esasy söwdalarynyň biri eken.

“Çilim satýan dükanlaryň hiç haýsysynda hem temmäki satmaga rugstanama ýok. Şonuň üçin çilim satjak bolsaň, barlagçylara para bermeli” diýip, Maksat gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, çilim söwdasyndan gelýän girdeji hem öňküler ýaly köp däl. Maksadyň sözlerinden çen tutsaň, onda alyjylaryň häzirki bahadan çilim satyn alyp bilýänleri kän däl. Hatda kommersiýa dükanlary çilimi, il arasynda aýdylyşy ýaly, “ştuçno”, ýagny däneläp satýarlar. “Däneläp” satylýan iň arzan çilimiň bahasy hem 1 manatdan arzan däl.

Şol bir wagtda temmäki önümleriniň assortimenti hem azaldy. Ýurtda satylýan çilimleriň görnüşi 10-dan geçmeýär. Olaryň arasynda kontrabanda bilen getirilýän Eýranda öndürilen çilimler hem bar.

Kanunçylyk

Geçen döwürde Türkmenistanda çilimkeşlige garşy birnäçe kanunçylyk dokumentleri kabul edildi. Ýurtda 2000-nji ýyldan başlap, temmäki önümlerini wagyz etmek hem-de köpçülikleýin ýerlerde çilim çekmek gadagan edildi.

2011-nji ýylyň maý aýynda bolsa Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň (BSG) «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasyna goşuldy. Şondan soň ýurtda temmäki önümleriniň bahalary 50%-den hem ýokary galdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreşmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda” karara gol çekdi.

2013-nji ýylyň dekabrynda bolsa “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň kanuny güýje girdi. Şeýle hem temmäkä garşy göreşmek boýunça ”Edarara utgaşdyryjy komitet” döredildi.

XS
SM
MD
LG