Özbegistanda häkimiýetler meşhur aýdymçyny geýýän eşikleri sebäpli “utançsyzlykda” aýyplap, milli düşünjeleridir gymmatlyklary depelemeli däldigini ýatlatdylar.
Marziýa maşgalasynyň we iki çagasynyň öz “çyn kärinden” habarly däldigini aýdýar. Olar Marziýanyň her gün agşam awtobus bilen welaýat merkezine gitse-de, hakykatda ol ýerdäki diskotekada ofisiantka bolup işlemeýändigini bilmeýärler.
Owganystanly aýallaryň hukuklaryny barlamak boýunça taýýarlanan dokumental filme degişli bir klipde parlamentiň bir agzasy özi bilen interwýu geçirýän zenan žurnaliste “haýbat atýan” ýaly bolup görünýär.
Täjigistanyň konserwatiw Çorkuh obasynda indi ençeme ýyl bäri toýlarda aýdym-saz edilmän, onuň deregine köplenç mollalar tarapyndan yslam dinine degişli öwüt-ündewler, ýazgylar okalýar.
Orsýetiň Baş ligasynyň täzelikde täç geýdirilen Gözellik hanymy, akýagyzlaryň artykmaçlygyna we neo-nasistlere gol ýapmakda aýyplanyndan soň, öz täjinden mahrum edildi.
Bir kanunçykaryjy, diýeni bolsa, daşary ýurtlara dynç almaga gidýän orslar öz gowy görýän üç ýurduna baryp bilmez. Ý.Merçekonyň pikiriçe, Müsür, Tailand we Türkiýe adamlaryň saglygy üçin gowy ýurtlar däl.
Gyrgyzystanly zähmet migranty Orsýetde bolýan öýünde barlag geçiren orsýet polisiýasyna garşy kanuny taýdan iş gozgamaga taýýarlyk görýär. Orsýetde migrantlaryň öz hukuklaryny goramagy seýrek bir ýagdaýdyr.
Täjigistanyň hökümeti ýurtda täjik medeniýetini peseltmek, äsgermezlik bolup görünýän we "keseki" hasaplanýan adam atlaryny gadagan etmek isleýär.
Orsýetiň milli puly rublyň hümmetiniň peselmegi bu ýurtda işleýän millionlarça migrantlaryň gazanç etmek mümkinçiliginden mahrum bolmagyna getirdi.
Internetde Täjigistanyň ”Yslam galkynyş partiýasynyň” zenan agzasyna degişli diýilýän wideo peýda boldy. Partiýa bu wideonyň ýurtda fewral aýynda boljak parlament saýlawlarynyň öň ýanynda özüni abraýdan düşürmek üçin edilen synanyşykdygyny aýdýar.
Russiýadaky etniki azlyk toparlaryň wekilleri Kremli özlerini BMG-niň şu hepde Nýu-Ýorkda geçýän sammitine gatnaşdyrmazlykda aýypladylar.
Gyrgyzystanda ýurduň adynyň soňundaky “stan” goşulmasyna howp abanýar. Ýakynda “Ar-namys” syýasy partiýasy ählihalk referendumy arkaly ýurduň adyndan “stan” goşulmasyny aýyrmagy teklip etdi.
"Olaryň gowy ýaşaýyş şertleri we azyk, eşik almak üçin ýeterlik pullary bar. Olar täzeje «Taýotalary» münýärler... Onsoň olar diňe uruş hakynda pikir edýärler."
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin golaýda Gazagystanyň garaşsyz döwlet hökmündäki taryhy barada aýdan sözleri gaharly reaksiýalary döretdi. Putin: "Gazaklaryň hiç wagt döwletliligi bolmandy" diýdi.
Özbegistan garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda obligasiýa edinen adamlaryň pullarynyň öwezini dolýar. Ýöne tölenýän töleglerden çen tutup, özbegistanlylar özlerini aldanan ýaly duýýarlar.
Gazagystan özüniň syýahatçylyk ulgamyny has kämllieşdirmek üçin milliardlarça dollarlyk pul serişdesini sarp edýär. Muňa garamazda, bu ýurduň meşhur syýahatçylyk merkezine öwrülmegi üçin entek köp işler edilmeli.
Prezidente ýa hökümetiň syýasatlaryna garşy açyk gepleýän adamlar gowy bolanda howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ýanalýar ýa-da, has ýamany, ruhy hassahana ýa-da türmä taşlanýar.
Bu aý Türkmenistanda Saglyk we Sport aýy diýlip yglan edildi, müňlerçe raýat ýurduň parklaryna gezelenje çykarylýar we olar özleriniň iş ýerlerinde guralýan bedeni berkidiş çärelerine gatnaşdyrylýar.
Ýene-de ýükle