Gyrgyzystanyň saglyk häkimiýetleri soňky ýyllarda ýurduň döwlet hassahanalarynda 300-den gowrak çaga HIV wirusynyň ýokaşandygyny aýdýarlar.
Gazagystanda dini ruhanylar wagyz-ündew işleriniň ýaşlara ýetmegini gazanmak üçin elinde baryny edýärler. Mollalar we ymamlar mundan beýläk sosial ulgamlaryň ýaşlara güýçli täsiriniň duşundan geçip bilmeýärler.
Merkezi Aziýa boýunça eneleriň ýaş üstünden iň ýokary ölüm derejesi Täjigistanda duş gelýär. Duşenbe akuşer lukmanlaryň kömegini elýeterli etmek ugrunda tagalla edýär.
Netijelerini belli bir derejede çaklap bolýan hem bolsa, Azatlyk Radiosy ýakynda Täjigistanda geçiriljek saýlawlar barada şäherde we obada ýaşaýan iki maşgala bilen söhbetdeş boldy.
Täjigistanly bir oba mollasynyň, Gurhandan aýatlary okap, bir aýaly sypalap durka düşürilen ýazgysy internetdäki YouTube sosial ulgamynda täjikleriň arasynda iň köp tomaşa edilen wideo boldy.
Özbegistan ýurtda pagta ýygymynyň gurnalyşyny öz gözleri bilen görmek isleýänlere öňki ýyllardaky bilen deňeşdirip bolmajak derejede mümkinçilikleri döredýärdi.
Özbegistanda ilatyň hytaý dilini öwrenmäge bolan islegi barha artýar. Bu artýan islegi ödemek üçin Özbegistanda täze dil mekdepleri we kurslary açylýar.
Şu hepde Owganystanyň Içeri işler ministrligi soňky bir aýyň dowamynda ýurtda 300-e golaý polisiýa işgäriniň dürli çaknyşyklarda heläk bolandygyny aýdyp, hasabat ýaýratdy.
Täjigistanyň demirgazygynda ýerleşýän Hojant şäherinde öýlendirilýän oglanyň ýa çykarylýan gyzyň pikiri soralman, nika işini maşgalanyň ýola goýmagy ozaldan däp bolup gelýän zat.
Owgan sportsmeni Mustafa Sadatyň şohraty öz saglygyny we karýerasyny töwekgelçilige salyp, bagrynyň bir bölegini ejesine berende, owganlaryň arasynda has hem arşa galdy.
Özbegistanyň polisiýasy welosipedlere garşy kampaniýa başlady. Häkimiýetler bu täze çäräni ýol heläkçiliginiň öňüni almak üçin geçirýändiklerini aýdýarlar.
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň hökümetleri türk mekdepleriniň türki dini ideologiýalary ýaýratmak bilen, dünýewi režimleri howp astynda goýmagyndan howatyrlanýarlar.
Merkezi Aziýaly resmiler, esasan musulman ilatly regionyň täze ýyl baýramçylygyny sowet döwründen galan däbe görä, aýaz babaly we arça agaçly bellemek mümkinçiliginden el çekmejegini aýtdylar.
Täjigistanyň bilim pudagynda aýlyklaryň pes bolmagy müňlerçe erkek mugallymlaryň öz kärlerinden ýüz öwrüp, başga ýerlerden gowurak girdeji gözlemeklerine getirdi.
Geçen ýylyň dekabrynda Gazagystanyň Žanaözen şäheri ganly wakalar sebäpli habar serişdeleriniň uly üns merkezine düşüpdi. Indi Žanaözeniň adyny üýtgetmek ugrunda edilýän tagallalar sebäpli bu şäher ýene jemgyýetçiligiň üns merkezine düşdi.
Kriket oýunçy Hamid Hassan öz ýurdunda super ýyldyz statusyna eýe boldy, ol öz ýurdunda “Owganystanyň Dewid Bekhemi” ady bilen tanalýar. Emma onuň üstünlik ýoly aňsat bolmandy.
Täjigistanda her bäş maşgaladan biri çagasyzlykdan kösenýär. Munuň kähalatlarda erkeklerden bolup biljekdigi baradaky tema Täjigistanyň urp-adata görä ýaşaýan jemgyýetinde agzalmagy gadagan pikir diýen ýaly zat.
Türkmenistan 27-nji oktýabrda özüniň Garaşsyzlyk gününi bellemäge taýýarlyk görýär. Özi-de, ol muny paýtagt Aşgabatda köpçülikleýin tanslar we harby paradlar bilen garşylamaga taýýarlanýar. Ýöne tanslaryň ýa ýörişleriň islendigi munuň üçin kabul edilmeýär.
Başatgyç meselesi Täjigistanyň dürli derejedäki resmi ýolbaşçylary üçin täzelik däl. Zenanlaryň ulanýan dini başatgyçlary öň iş ýerlerinde kabul edilmän, pasport suratynda hemem mekdeplerde gadagan edilipdi.
Aga Han dini ruhana bolup, ol ysmaýyl musulmanlaryň arasynda uly hormata eýedir. 75 ýaşly Aga Hanyň Muhammet pygamberiň nesilindendigi çaklanylýar.
Ýene-de ýükle