Dünýäniň iň bir üzňeçi we repressiw döwletleriniň biri bolan Türkmenistanda açyk jemgyýetçilik tankydy hakykatda eşidilen zat däl.
Prezidente ýa hökümetiň syýasatlaryna garşy açyk gepleýän adamlar gowy bolanda howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ýanalýar ýa-da, has ýamany, ruhy hassahana ýa-da türmä taşlanýar.
Emma muňa garamazdan, indi bu ýagdaý, azyndan bölekleýin, üýtgeýän ýaly görünýär. Soňky döwürde türkmenistanlylaryň onlarçasy özleriniň häkimiýetlerden lapykeçliklerini gürrüň bermek bermek üçin Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugyna ýüz tutdy. Adatça adamlaryň hatda anonim görnüşde hem pikirini aýtmakdan gaça durýan ýurdunda türkmenleriň käbiri indi açyk, hatda wideokameranyň öňünde gürrüň edýär.
"Gel we meniň öýümiň bar ýerini ýazgy et. Gel, biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna garamaýak adamlaryň nähili şertlerde ýaşaýanyny görkezeliň" diýip, 35 ýaşly öý hojalykçy Gülnara Najimowa Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýdýar.
"Biziň durmuşymyz we ýaşaýyş şertlerimiz türkmen telewideniýesinde görkezilýän ýagdaýdan düýpgöter başga" diýip, Najimowa habarça özüniň Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda çig kerpiçden salnan çalamydar jaýyny görkezýär.
Oba ýerlerinde ýaşaýan türkmenleriň köpüsinde bolşy ýaly, ýurduň ummasyz tebigy gaz serişdelerinden gelýän girdejilerine garamazdan, Najimowanyň esasy aladalary Türkmenistanda giň ýaýran işsizlik we garyplyk bolup durýar.
Najimowanyň adamsy Muhammet Pirmonow düşekde ýatan hassa, olaryň üç sany ýaş çagasy bar. Hiç bir girdejileri bolmansoň, bu maşgala garyndaşlarynyň we goňşularynyň sahawatyna bil baglamaly bolýar.
"Meniň häkimiýetlerden iki haýyşym bar, meniň adamyma ýarawsyzlyk posobiýasyny bersinler we maňa iş tapsynlar" diýip, Najimowa aýdýar.
Lagşadyjy lapykeçlik
Elinde hünäri bolmansoň, Najimowa gazanç üçin «islendik işi», tämizçilikden başlap daýhançylyga çenli bar işi etmäge taýýardygyny aýdýar.
Ol özüniň ýerli häkimiýetlerden halys göwnüniň geçendigini we şu ýagdaý sebäpli hem ahyrynda Azatlyk Radiosyna ýüz tutmak kararyna gelendigini gürrüň berýär.
"Men etrap häkimiýetlerinden köp gezek haýyş etdim. Men zähmet, iş dolandyryş edarasyna hem ýüz tutdum. Men ol ýerde hasaba-da durdum, emma bary netijesiz" diýip, Najimowa aýdýar. "Haçanda zähmet biržasynyň resmisi saňa iş bermeýän, git diýende, meniň şeýle bir gaharym geldi we men öz ýagdaýymy Azatlyk radiosyna gürrüň bermegi karar etdim."
Emma muňa garamazdan, Najimowa seresap görünýär we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy göni tankyt etmeýär.
Hakykatda Najimowa prezidente hem hat ýazandygyny, hatda onuň edarasyndan jogap hem alandygyny gürrüň berýär. Ol Aşgabatdan gelen jogaby ýerli resmilere hem görkezendigini, emma olaryň muňa üns bermändigini aýdýar.
Şonuň ýaly, Aşgabadyň şäher häkiminiň edarasynyň daş işiginde Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň ýanyna gelen iki aýal hem prezidenti tankytlamakdan daş durdy.
Bu iki aýal özleriniň wideoýazgy edilmegine razylyk berdi, emma atlarynyň aýdylmagyny islemedi. Olar öz jaýlarynyň şäher gurluşyk proekti sebäpli ýykylandygyny, emma muňa derek hiç bir kompensasiýa berilmändigini aýdyp, şikaýat etdiler.
Aşgabat töwereginde müňlerçe adamyň köneden gurlan jaýlary uly ýollary, parklary, köp gatly häzirki zaman jaýlaryny gurmak üçin ýykylyp ýok edildi.
Ýaşaýjylaryň köpüsi jaýlary ýykylmazyndan öň häkimiýetler tarapyndan wada berlen zatlary, ne ýeterlik kompensasiýa, ne-de jaý alyp bilendigini gürrüň berdi.
"Men şäher häkimi bilen gürleşmek üçin bir ýyl bäri nobata durun. Men bu ýere her hepde gelýärin we onuň meni kabul etmegine garaşýaryn. Emma onuň işiniň kändigini ýa ýerinde ýokdugyny aýdyp, meni yzyma gaýtarýarlar" diýip, ol aýallaryň biri aýdýar.
Ikinji aýal şäher häkiminiň kabul etmegine alty aý bäri garaşýandygyny gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen ýüzbe-ýüz duşuşýan adamlar köplenç jaý meselesi, işsizlik, saglygy saklaýyş problemalary ýaly kynçylyklardan zeýrenýärler.
Şeýle-de Türkmen gullugyna, şu hili problemalary habar bermek üçin, onlarça adam telefon edýär.
Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň müdiri Muhammad Tahir munuň hemişe beýle bolmandygyny aýdýar.
"Men Azatlykda 11 ýyl bäri işleýärin we Türkmenistandaky adamlardan düşündiriş almagyň nähili kyn bolany ýadymda, sebäbi adamlar gorkýardylar" diýip, ol aýdýar. "Biziň ýerli habarçylarymyzyň biriniň 10 sany SIM kardy bardy, sebäbi ol Azatlyga eden her telefonyndan soň häkimiýetleriň öz telefonyny kesjegini bilýärdi. Adamlaryň bize ýüz tutup başlamagy uly özgerişlik."
Taktika özgerişligi?
Bu adamlaryň häkimiýetlerden lapykeçliginiň ösmegi netijesinde dörän batyrlykmy ýa-da Aşgabatdaky hökümetiň has çydamly bolandygynyň alamatymy?
Türkmenistan baradaky soraglaryň köpüsinde bolşy ýaly, bu soragyň jogaby hem hiç belli boljaga meňzemeýär.
"Adamlaryň şu hili gürlemek islemekleri [gowy] geň-taňlyk" diýip, Pariždäki Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir aýdýar.
Biriň aýtmagyna görä, bu bir tarapdan olaryň Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Türkmen gullugyna bolan ynamyny görkezýär.
Ýöne Bir Çeçenystanda hem belli bir derejede tankyda çydamlylyk görkezilýändigini aýdýar.
"Biz Çeçenystan ýaly agyr repressiýa şertlerinde hem eger raýatlar we žurnalistler, göni döwlet baştutanyny ýa-da şeýle derejedäki häkimiýetleri nazara almasalar, belli bir derejedäki tankyda çydam edilýändigini görýäris" diýip, Bir aýdýar.
“Çeçenystanda adamlara, eger olar hökümeti açyk tankytlamaýan bolsalar, ýa-da olar kiçiräk derejeli ýolbaşçylary tankytlap, Çeçenystan respublikasynyň prezidentiniň bu meselä gatyşmagyny soraýan bolsalar, korrupsiýa ýa saglygy saklaýyş pudagynyň problemalaryny, ýa şoňa meňzeş meseleleri tankyt etmäge belli derejede rugsat berýärler” diýip, Bir aýdýar.
Ol munuň [türkmen] hökümeti tarapyndan, «nägileligi pes derejeli resmilere gönükdirmek üçin, taktikany özgertmek bolmagynyň hem ahmaldygyny» aýdýar.
Emma Bir Türkmenistanda hökümeti açyk tankyt etmegiň adamlar üçin entegem howply bir zatdygyny hem sözüne goşýar.
Serhetsiz reportýorlar guramasynyň dünýä boýunça çap edýän Metbugat azatlygy indeksiniň soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň içinde 178-nji orny eýeläp, dünýäniň iň azat däl jemgyýetleriniň bir bolmagynda galýar.
Birleşen Ştatlaryň fewral aýynda çap eden adam hukuklary hasabatynda Türkmenistanda bikanun tussag etmek, adam gynamak ýaly hukuk bozulmalarynyň giň ýaýrandygy, raýat azatlyklarynyň, şol sanda söz, metbugat, ýygnanyşmak we hereket azatlyklarynyň düýpden hormatlanylmaýandygy aýdylýar.
Döwlet departamentiniň hasabatynda türkmen hökümetiniň resmileriniň 2013-nji ýylda adam hukuklaryny bozandygy üçin jogapkräçilige çekilmändigi hem bellenilip geçilýär.

"Men Azatlykda 11 ýyl bäri işleýärin we Türkmenistandaky adamlardan düşündiriş almagyň nähili kyn bolany ýadymda, sebäbi adamlar gorkýardylar."