Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Täjigistan: Aýdym-saz bolmasa, toý ýok


Täjigistandaky toýlaryň biri.
Täjigistandaky toýlaryň biri.

Täjigistanyň konserwatiw Çorkuh obasynda indi ençeme ýyl bäri toýlarda aýdym-saz edilmän, onuň deregine köplenç mollalar tarapyndan yslam dinine degişli öwüt-ündewler, ýazgylar okalýar.

Emma indi häkimiýetler öz diýenini etdirip bilse, basym bu däbiň soňuna çykylmagy mümkin.

Yslamyň urp-adatlarynyň agdyklyk etmeginden gorka düşen oba häkimiýetleri toýlarda aýdym-saz etmek üçin ýörite bir orkestr döretdiler.

Olar täze düzgüni ornaşdyrjakdyklaryny aýdýarlar - aýdym-saz bolmasa, toý ýok.

Häkimiýetler haýsydyr bir aýdym-saz toparyndan dil haty bolmasa, hasaba alyş edarasy hiç bir nikany resmi taýdan registrirlemez, ýagny hasaba almaz diýýärler.

Aladalar

"Biziň obamyz mollalaryň täsiri astynda dargap barýar" diýip, oba arçynynyň orunbasary Isomiddin Holikow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtdy.

Yslamyň täsiriniň barha artmagy prezident Imomaly Rahmonyň hökümetini aladalandyrýar. Ol indi özüniň dini ekstremizmiň alamaty diýip düşünen zatlarynyň hiç birine çydamlylyk görkezenok.

Holikow Çorkuhda nika toýlarynyň soňky ýyllarda ýas bilen tas deň derejä ýetendigini aýdýar.

"Biz şu tomus 2500 dollar çykdajy edip, saz gurallaryny, mikrofon we beýleki gerekli enjamlary satyn aldyk. Maşgalalar bir aý öňünden habar edip, bu orkestri kireýine alyp bilýärler. Hakyny hem öňünden tölemeli".

Orkestr mugt

Maşgalalar häkimiýetleriň döreden aýdym-saz toparyndan peýdalanmaga mejbur däl. Esasy maksat - diňe şatlyk, şadyýanlyk, toýlaryň dünýewi usulda tutulmagy. Olar başga orkestrlerden hem peýdalanyp bilýärler diýip, oba resmileri aýdýarlar.

Tomus gurlan aýdym-saz topary üç sazandadan ybarat. Bular hem başga obalardan getirilipdir. Holikowyň sözlerine görä, "Sebäbi Çorkuhda professional sazanda ýok".

Çorkuhda 2-3 sagada çekýän nika toý üçin 200 somoni (30 dollar çemesi) talap edilýär. Eger-de maşgala gurpsuz bolsa ýa öýlenýän ýigit goşunda gulluk eden bolsa, onda orkestr mugt.

Täjigistanda oba ýerlerinde bolýan toý-meýlisleri adatça öýüň öňündäki howluda ýa-da indi däp bolşy ýaly, toý "köşklerinde" geçirilýär.

Meýlis üçin oturgyçlary, stollary bolan giň zally bu binalar soňky ýyllarda, aýratynam Täjigistanda toý möwsümi hasaplanýan güýz we gyş aýlarynda, ýagny migrant işçiler Orsýetden öýlerine gelenlerinde pajarlap ösýän söwda obýektine öwrüldi.

Gelin sessiz-üýnsüz gaýyn öýüne getirilýär

Bu köşkleriň käbiri toýa gelen myhmanlary nahar we aýdym-saz bilen hem üpjün edýär.

Gelin bilen ýigit, adatça, iň belent oturgyçda oturýarlar. Onsoň toý torty bölünip, myhmanlara paýlanylýar.

Çorkuhda bolsa nika toýlary soňky ýyllarda şagalaňsyz wakalara öwrüldi. Başy galyň bürenjekli gelni aýal hossarlary sessiz-üýnsüz gaýyn öýüne getirýärler. Öýlenýän ýigit hem erkekleriň arasynda oturýar.

Toýuň dowamynda öýüň bir bölegi diňe erkekler üçin bir bölegi hem diňe aýallaryňky bolýar.

Täjigistanyň dürli regionlarynda ýerli urp-adatlary öwrenýän alym Olimboý Sohibowyň aýtmagyna görä, Çorkuhda bu däbi oňlamaýan adamlar az däl.

Täze düzgünden sypmagyň ýollary

Ol käbir ene-atalar toýda aýdym-saza rugsat etjek boldular, ýöne aýdym-sazy ret edýän mollalaryň täsiri olary ikirjeňlendirdi diýýär.

Çorkuh resmileriniň bellemegine görä, täze döredilen aýdym-saz topary bu däbi bozmaga meýilli adamlara kömek bolar.

"Aslynda, biz şu ýyl hem jemgyýetde käbir üýtgeşikliklere şaýat bolduk. Toýlar indi gitdigiçe şatlykly waka bolýar" diýip, Holikow gürrüň berýär.

Ýöne köne däbe ýapyşýan adamlar-da täze düzgünden sypmagyň ýollaryny agtarýarlar.

"Döwrebap toýy islemeýän adamlar orkestriň kireýini töläp, nika edarasy üçin hat alarys. Ondan soň aýdym-saz toparyna 'toýa gelip ýörmäň, gerek däl diýeris' diýýärler" diýip, Çorkuh obasynyň efirde öz adynyň tutulmagyny islemeýän bir ýaşaýjysy aýdýar.

40 müňe golaý ilatly Çorkuh 2000-nji ýyllaryň başlarynda onlarça ýaşaýjysy ”Özbegistanyň Yslamçy Hereketi” bilen ilteşiklikde tutulaly bäri gözegçilik astynda.

Täjigistanyň ýaňy gadagan edilen ”Yslamy Gaýtadan Döreýiş” partiýasynyň-da Çorkuhda köp agzalary we goldawçylary bardy. Çorkuh sowet döwründe-de özüniň berk yslam däp-dessurlary bilen giňden tanalýan obady.

XS
SM
MD
LG