Owganystanly aýallaryň hukuklaryny barlamak boýunça taýýarlanan dokumental filme degişli bir klipde parlamentiň bir agzasy özi bilen interwýu geçirýän zenan žurnaliste “haýbat atýan” ýaly bolup görünýär. Indi bolsa ol özünden ötünç soralmagyny talap edýär.
Bu “haýbat atmak” ýaly bolup görünýän waka, tapgyrlaýyn dokumental filmleri berýän "Vice on HBO" teleulgamynyň reportýory Isobel Yeungyň owganystanly tanymal ruhany we kanun çykaryjy Nazir Ahmad Hanafi bilen geçiren söhbetdeşliginde ýüze çykdy.
Yeung Owganystanyň aýallar babatda zorlukly hereketleri ýatyrmaga gönükdirilen kanunyna Hanafiniň näme üçin garşy çykýandygy barada sorap, oňa: "Bir erkek öz aýalyny zorlasa, bu içerde bolýan kemsitmemi? Siziň pikiriňizçe, bu iş üçin erkek jezalandyrylmalymy ýa aýal jezalandyrylmalymy?" diýýär.
Bu ikisi zorlamak sözüniň manysy barada jedelleşýärler. Onsoň heratly parlamentçi: "Zorlamagyň sizde bir görnüşi bar, başga bir görnüşi hem bizde yslamda bar" diýýär.
“Muny indi bes ediň”
Yeung: "Siziň pikiriňizçe, aýallara rugsat edilmelimi..." diýip ýaňy sorag berip başlanda Hanafi onuň sözüni bölüp, klipde görünmeýän bir adama: "Muny indi bes ediň" diýýär.
Ondan soňra Yeungyň dymyp oturandygy görünýär. Ruhany dari dilinde: "Muny bir owgan erkeginiň eline beriň, burnundan çykar ýaly edip bersin" diýýär.
Bu gürrüňleri "HBO" 10-njy aprelde bir wideoda goýberdi.
Azatlyk radiosy aýdan zatlary barada Hanafiden sorag edeninde ol ilki: "Men beýle adam bilen duşuşamok. Bu barada hiç bir zatdan habarym ýok. Hiç bir zat aýdamok, meniň bilen hiç kim gürleşenok" diýip, Yeung bilen bolan söhbetdeşligi inkär etdi.
Hanafi söhbetdeşlige gatnaşanyny ret etmegi dowam etdirip, wideony kimdir biri maňa meňzeş bir adam bilen taýýarlandyr, "wideo düşürmek gaty aňsat zat" diýdi.
“Bir owgana durmuşa çyk”
Edilen soňraky soraglarda Hanafi bir söhbetdeşlige gatnaşandygyny boýun alyp: "Men öýlenmek meselesi barada gürleşenimizde, oňa bu barada biljek bolsaň, bir owgana durmuşa çyk diýdim" diýdi.
Yaňky zatlary aýdanyň kesgitlense, ötünç sorarmysyň diýip soralanda, Hanafi has kejigip, şeýle diýdi: "Size başga näme gerek? Bu wideony ýasan bir adam bar, ol adamdan bu işi näme üçin edendigini men soramaly. Kim ötünç soramaly? Menmi, ýa-da bu wideony meniň garşyma ýaýradanmy? Olar öz işi bilen meşgul bir adama garşy dildüwşük guraýarlar".
Klipde köp zatlar belli bolmasa-da, Hanafiniň zorlamagyň gürrüňini edendiginiň dogrudygy şübhesiz.
Hanafi söhbetdeşlige gatnaşanyny inkär edýär diýip iberilen tweete, Yeung: "Munuň ondan köp meniň üçin unudylmajak zat bolan bolmagy mümkin" diýip jogap berdi.
Dokumental filmde “Talyban” hökümeti 2001-nji ýylda synaly bäri owganystanly aýallaryň agyr ýagdaýy görkezilmäge synanyşylýar. Günbatar Herat welaýatyndan bolan Hanafi aýallaryň garşysyna zorlukly hereketler ýok edilmeli diýip, öňki prezident Hamid Karzaý tarapyndan çykarylan permana garşy çykdy. Ýöne bu kanun parlamentden entek geçenok.
Hanafi interwýunyň käbir böleklerinde soraglar berlende biynjalyk görünýär. Ol käbir halatlarda hem Yeungyň gözüne doly garap bilenok. "Ol maňa seretmedi, meniň dilmajym bilen gürleşdi. Meniň depämden gürläp, berýän soraglaryma gulak asmady" diýip, reportýor aýdýar.
Reportýor: "Hanafiniň maňa bir aýal hökmünde duşmançylykly garanyna" hemmeler düşünendir diýip pikir etdim diýýär. Ol dilmajyň hem onuň aýdan zatlarynyň hemmesini özüne aýtmandygyna ynanýar.
Ol munuň Hanafiniň meni kemsitmegidigine düşünmedim diýýär.