Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suratlar futbol gözelini 'gözellikden' aýyrdy


Olga Kuzkowa
Olga Kuzkowa

Orsýetiň Baş ligasynyň täzelikde täç geýdirilen Gözellik hanymy, akýagyzlaryň artykmaçlygyna we neo-nasistlere gol ýapmakda aýyplanyndan soň, öz täjinden mahrum edildi.

Rus futbolynyň ýaş janköýeri, özüni «joşgunly» we «näme bolsa gowulyga» diýip ynanýan adam hökmünde häsiýetlendirýän Olga Kuzkowa täç geýdirilenine üç gün geçeninden soň, Orsýetiň Baş ligasynyň «Gözellik hanymy» diýen derejesinden mahrum boldy.

21 ýaşyndaky Olganyň bu derejesi 21-nji iýulda, neo-nasistlere berlen we akýagyzlaryň artykmaçlygyna duýgudaşlyk bildirýän adam hökmünde aýyplananyndan soň yzyna alyndy.

Bu gowga internet ulanyjylar, şol sanda jynsparazlyga garşy kampaniýa geçirýän aktiwistler Kuzkowanyň VKontakte sosial ulgamyndaky saýtynda gapma-garşylykly, dawaly suratlary we fotografiýalary görenlerinden soň turdy.

Kuzkowanyň VKontakte sahypasynda ýerleşdiren suratlarynyň köpüsi onuň futbol oýnaýan, halaşýan oglanyny ogşaýan, ýa-da öz figurasyny güjeňleýän şekillerini görkezýär.

Emma muňa garamazdan, olaryň arasynda CSKA-Moskwanyň yhlasly janköýerine başga sypat ýa häsiýetnama berýän zatlar hem bar.

Futbol gözeliniň beýleki sypatlary

Bir surat Kuzkowany sag elini galdyryp duran şekilde görkezýär we internet ulanyjylaryň köpüsi muny nasist salýuty hasaplaýar.

Suratyň arka tarapyndaky diwarda bolsa, akýagyzlaryň artykmaçlygyna gol ýapýanlaryň we neo-nasist toparlarynyň köp ulanýan kody, 14 sözden ybarat jynsparazlyk şygaryny, ýakasy gaýyşly “Haýl Gitler» salýutyny ýaňzydýan - "14/88" sanlary ýazylgy.

«88» sany Kuzkowanyň sosial ulgamlardaky sahypasynda aýratyn şekil hökmünde hem duşýar.

Bu sahypada eşiginde nasist belgileri bolan saryýagyz aýalyň ýewreýleri we Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitiniň adamlaryny kemsidişini görkezýän şekiller hem bar.

Başga bir surat bolsa Kuzkowanyň endamynda "14" we "88" sanlaryny görkezýän tatirowkaly erkek adam bilen ýanaşyk duranyny görkezýär.

Ol ikisiniň kelleçanak we kelt haçlary çekilen futbolka geýip düşen suratlary hem bar, bu şekiller köplenç neo-nasistler we akýagyzlaryň agalygyna gol ýapýanlar tarapyndan simwol hökmünde ulanylýar.

Rus mediasy Kuzkowanyň dawaly suratlarynyň birnäçesini öçürendigini, emma olaryň bir toparynyň VKontakte sahypasynda 22-nji iýulda hem durandygyny habar berdi.

Bu şekiller futbol janköýerleriniň we beýlekileriň arasynda gahar-gazap döretdi. CSKA janköýerleriniň jynsparazlyga garşy topary ýaryşy gurnaýjylaryň Kuzkowany bu derejeden derhal mahrum etmeklerini sorady.

Bu galmagal Orsýetiň Baş ligasynyň Moskwadaky ýaryşlarynyň açylmagynyň yz ýanyna, afrikaly oýunçyny nyşana alan jynsparazlyk şygarlaryna gygyrylan günlere gabat geldi.

"Maýmyn" gykylygy

Ganiýaly Emmanuel Frimpoň 17-nji iýulda Moskwada «Ufa» bilen «Spartagyň» arasynda bolan oýun mahaly «maýmyn” diýip gygyran janköýerlere barmagyny görkezdi.

Frimpong biraz soň öz bildiren reaksiýasy üçin ötünç sorady, emma bu hadysa Orsýetiň 2018-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionaty üçin ýerlikli ýurt bolup biljegi ýa-da bilmejegi baradaky soraglaryň gaýtadan berilmegine getirdi.

Orsýet janköýerler kanunyny kabul etdi we bu kanun esasynda düzgüni bozanlar, şol sanda jynsparazlyk we ýigrenç sözlerini aýdanlar ýedi ýyl ýaryşlara tomaşa etmekden mahrum edilip bilinýär, şeýle-de bu kanun jerime berilmegini, hatda 15 günlük tussaglygy hem öz içine alýar.

Emma rus futbolunda jynsparazlyk adaty bir zat bolmagynda galýar, ýagny janköýerler garaýagyz oýunça pökgi düşende «maýmyn» diýip gygyrmany hiç zatça görmeýärler.

CSKA şu ýyl, fewral aýynda geçen ýaryşda, Ýewropa futbolynyň dolandyryjy guramasy bolan UEFA tarapyndan, jynsparaz gykylyklar sebäpli, iki oýny boş stadionda oýnamaga mejbur edildi.

FK Rostowyň baş treneri Igor Gamula bolsa geçen ýyl media «gara derili oýunçylar ýeterlik, bizde indi ol zatlaryň altysy bar» diýeninden soň, bäş ýaryşa goýberilmedi.

Bu trener soň ötünç sorady we öz aýdan sözlerini günbatar mediasynda düşünilmejek rus ýumory hökmünde görkezmäge çalyşdy.

Gözellik hanymy derejesi Baş liganyň zenan janköýerleriniň arasynda geçirilýän ýyllyk gözellik bäsleşiginiň liganyň 16 kluby tarapyndan ýeňiji bolan zenana berilýän derejesidir.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG