Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: aýdymçynyň öz tenini örtmegi talap edilýär


Aziza Nyýazmetowa
Aziza Nyýazmetowa

Özbegistanda häkimiýetler meşhur aýdymçyny geýýän eşikleri sebäpli “utançsyzlykda” aýyplap, milli düşünjeleridir gymmatlyklary depelemeli däldigini ýatlatdylar. Etmişi üçin onuň aýdymçylyk biznesinden mahrum edilip bilinjekdigi hem duýduryldy.

Ýerli aýdym-saz pudagyna gözegçilik edýän döwlet gullugy bolan “Uzbeknavo” aýdymçy Aziza Nyýazmetowa ýetip gelýän lisenziýa täzeleniş döwründe özüni alyp barşynyň kesgitleýji faktor boljakdygyny habar berdi. Özbegistanda, öz hünärini ýöretmekleri üçin, aýdymçylardan lisenziýa almaklary talap edilýar.

Resmi hatda häkimiýetleriň Nyýazmetowanyň ahlak normalaryna hormat goýmaýanlygyna, diňleýjileriň duýgularyny kemsidýänligine, milli duýgy-düşünjelere, milli gymmatlyklara we medeniýete hormat goýmaýanlygyna garaljakdygy ýazylypdyr. Bu hatyň aşagynda aýdymçylaryň öz aralarynda “Aýdymçylaryň ministri” diýlip atlandyrylýan, lisenziýa bermäge jogapkär guramanyň başlygy Farhod Juraýewiň goly bar.

Nyýazmetowa Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna özüniň aýna bakyp, öňünde gül dessesini goýup, ýeňsiz köýnekli düşen suratyny, ýagny selfiesini sosial mediada paýlaşanlygy zerarly kösenje uçranlygyny gürrüň berýär.

Nyýazmetowa, adatça, köp duş gelinýän beýle suratyň olary howsala düşürendigini we “Uzbeknavonyň” başlyklarynyň geýnen eşigine ahlaksyzlyk diýip baha berendigini aýdýar.

Nyýazmetowa “Men bu suraty öýde düşürdim, öňümdäkem adamymyň beren gülleri. Ýagny, suratda esasy faktor men däl, üssesine-de suratda diňe eginlerim görünýär” diýdi.

Tankytlaýjy teswirler

Nyýazmetowanyň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginden soňra, ol 7-nji aprelde bolan “Uzbeknavodaky” duşuşygynda özbek dilindäki kemçilikleri sebäpli sosial mediada giňden tankytlanýan özbek aýdymçy zenanyna arka çykdy.

Şol söhbetdeşlikde Nyýazmetowa Özbegistanda täjikler, ýewreýler we orslar ýaly köp sanly etniki toparlaryň ýaşaýandygyny ýatladyp, döwlet dili bolan özbek dilini her kimiň bilmeginiň zerur däldigini aýtdy.​

Bu söhbetdeşligiň Nyýazmetowanyň soňky meselesine täsir edip-etmedigi belli däl. Her näme-de bolsa, aýdymçy özüniň mediadaky we sosial mediadaky tankytlaýjy teswirleriniň häkimiýetleriň gaharyny getirendigini aýdýar.

​Azatlyk Radiosy “Uzbeknavodan” Nyýazmetowa bildirilýän aýyplama bilen bagly söhbetdeşlik geçirmek üçin beren soraglaryna jogap alyp bilmedi.

“Uzbeknavoda” aýdymçylara degişli geýim-gejim ýa-da edim-gylym barada hiç hili kanun ýok. Emma Nyýazmetowa özbek düşünjesini we milli gymmatlyklary “depelemekde” aýyplanýan ýeke-täk sungat işgäri däl.

Lola Yuldoşewa atly aýdymçy zenan hem, konsertde aýaklaryny açyp çykyş edenligi sebäpli, 2015-nji ýylda resmi duýduryş berlipdi.

“Uzbeknavo”, “Million” atly giňden meşhur komediýa toparynyň degişmelerini ýerliksiz we jynsy taýdan kemsidiji hasaplap, wagtyny çäklendirmezden lisenziýasyny ýatyrdy.

Gödek geýim geýdiň ýa-da ýerliksiz degişmeleri hödürleýärsiňiz diýen ýaly aýyplamalardan zyýan çekýän özbek sungat işgärleri diňe bular däl. 2013-njy ýylda meşhur aýdymçy Jasur Umarowyň-da, döwlet tarapyndan gurnalýan pagta ýygym kompaniýasyna gatnaşmanlygy sebäpli, konsert çykyşlary gadagan edildi. “Uzbeknavo” şol döwürde Umarowyň, öz keselini bahanalap pagta ýygymyna gatnaşmaýanlygyny, netijede onuň aýdymlarynyň özbek milli düşünjesine ters gelýändigini öňe sürüpdi.

Özbegistanda lisenziýasyz aýdymçylara we artistlere konsertler, toýlar, radio we telewideniýe ýaly jemgyýetçilik ýerlerinde çykyş etmek gadagan.

XS
SM
MD
LG