Täjigistanyň hökümeti ýurtda täjik medeniýetini peseltmek, äsgermezlik bolup görünýän we "keseki" hasaplanýan adam atlaryny gadagan etmek isleýär. Bu ýagdaý köpçülikde nägilelik döredýär.
Täjigistanda uly ýaşdaky nesliň wekilleriniň arasynda "Hoşok" (iýmit), "Sangak" (daşjagaz), "Istad" (galaýmaly) ýa-da "Poço" (köreken) ýaly atlara seýrek duş gelinmeýär. Yryma görä, şeýle, adaty bolmadyk adam atlary dakylan çagalar Hudaýyň ünsüni kän bir özüne çekmeýär we şeýlelikde olary ir ýanyna almaýar. Ýöne bu yrym indi täjik hökümetiniň ünsüni özüne çekene meňzeýär.
Täjigistanyň adalat ministrligi "Graždan durumynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy" kanunyna "adamlara keseki medeniýetlere degişli atlaryň dakylmagyny, jisimleriň we şol sanda önümleriň, haýwanlaryň hem guşlaryň atlarynyň dakylmagyny, şeýle-de adamzadyň abraýyny peseldýän terzdäki atlaryň dakylmagyny gadagan edýän" üýtgeşiklik girizilmegini teklip edýär.
Golaýda Täjik atlarynyň "saplanmagy" boýunça tagallalaryň soňky tapgyrynda orsça we parsça dini hem watançylyk temaly atlardan saplanylmagy babatda teklip hödürlenipdir. Täjik hökümeti häzirki wagtda arap we beýleki daşary ýurt adam atlaryndan saplanmagyň aladasyny edýär. Täjik hökümetiniň bu tagallasy halk arasynda adam atlarynyň yzyna goşulýan "-molla", "-halypa", "-şyh", "-emir", "-sopy" ýaly yslam we arap goşulmalaryna jogap bolar.
Ýörgünlilik
Täjik hökümeti şeýle-de jemgyýetde "Sumaýa" (yslamyň ilkinji jepakeşi), Aýşa (Muhammet pygamberiň aýallaryndan biri) we Asiýa (Gurhanda ýagşylykda ýatlanýan aýal) ýaly owal gyzlara hiç dakylmadyk dini atlaryň golaýda has ýörgünli bolmaga başlandygyny ünsden düşürmändir.
Erkek adamlaryň atlaryndan hem Muhammad, Ýusuf we Abubakr ýaly atlaryň dakylmagynyň gadagan edilmegi islenilýär. Şeýle atlar soňky döwürde yslama garşy ünsüň hasam güýçlenmegi sebäpli indi hökümete ýaramaýar. Şonuň üçinem ýurtda hyjap we sakgal goýberilmegine garşy gadagançylyk girizildi.
Adalat ministrligine degişli raýat durumyny döwlet tarapyndan hasaba alýan edaranyň başlygynyň orunbasary Jaloleddin Rahimow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda, eger şeýle kanun kabul edilse, onda raýat durumynyň hasaba alynýan ýerinde arap we "keseki" atlar dakylan çagalar hasaba alynmaz. Onuň deregine çaga täjik adynyň dakylmagy teklip ediler.
Yslam atlarynyň dakylmaga başlanmagy, 1980-nji ýyllaryň başynda ene-atalaryň öz çagalaryna "hakyky täjik" adam atlaryny ýa-da gadymy pars atlaryny dakmak görnüşindäki owaldan ýörgünli bolan adaty üýtgedildi. Haçan-da 2007-nji ýylda prezident Emomali Rahmon öz adyndan "-ow" ors familýa goşulmasyny aýranda, ýurtda adam atlarynyň üýtgedilmek derejesi ýetjek derejesine ýetdi. Onuň yz ýanyndan familýalaryň üýtgedilmegi babatda hasam uly tagallalar başlandy we ýüzugra ors goşulmalary täjikçe "-zoda", "-zod" ýa-da "i" familýa goşulmalary bilen çalşyryldy.
2011-nji ýylda ene-atalaryň öz çagalaryna dakýan atlary bilen baglanyşykly hökümete aýratyn ygtyýar berilmegi we gerek bolanda gadagançylyklar girizmegi babatda kanun taslamasy hödürlenildi. 2014-nji ýylda bolsa ene-atalara öz çagalaryna watançylyk temaly adam atlaryny dakmak ündeldi.
"Atlaryň saplanmagy" we şahsy azatlyk
Golaýda öňe sürlen teklip häzirlikçe mejlise hödürlenenok. Ýöne şonda-da bu köpçülikde ýeterlik ýagdaýda nägileligiň döremegine sebäp boldy. Köp adam muny şahsy azatlygyň gödek bozulmagy höküminde kabul edipdir.
"Haçan-da adalat ministrligi raýatlara nähili adam atlarynyň dakylmalydygy we nähili familýa goşulmalarynyň ulanylmalydygy babatda buýruk berende, bu gönümel adamlaryň şahsy azatlygyna tokunmaklyk hasaplanýar we raýatyň azatlygyny hem çäklendirýär. Näme üçin ministrlik käbir adam atlarynyň köpçülikde oňaýsyz pikir döredýändigi babatda şeýle karara gelýär? Bu karar gaty gülkünç" diýip, tanymal hukukçy Faýzinisso Wohidowa öz garaýşyny beýan edýär.
Öz familýasyny aýtmakdan saklanan Duşanbäniň ýaşaýjysy Mullo Abdul Hamid, atasyna hormat hökmünde özüne şeýle adyň dakylandygyny we adyň dini manysy sebäpli hiç haçan bir problema uçramandygyny aýdýar. Onuň pikrine görä, ministrligiň bu teklibi adam hukuklaryny çäklendirýär.
Yslam liderleri häzirlikçe bu temada garaýyş beýan etmekden saklanýarlar. Yslam merkeziniň başlygy Jaloliddin Homuşi, yslamyň adam atlarynyň arap ýa-da pars manysyna garamazdan, owadan we ýakymly adam atlaryny ýaýbaňlandyrýandygyny nygtap, manysyz hem ýakymsyz atlary oňlamaýandygyny nygtaýar.
Mejlisde bu teklibiň häzirlikçe haçan gozgaljakdygy näbelli, ýöne Duşanbäniň käbir ýaşaýjylary eýýäm raýatlaryň durumyny hasaba alýan edaralarda kanun teklibi bilen baglanyşykly çäklendiriji hereketleriň başlananlygyndan nägile.
Abubakr Haýdarşoýewiň aýtmagyna görä, Duşanbäniň raýatlaryň durumyny hasaba alýan edaralarynyň birinde çaganyň kakasynyň ady "Akbar" bolany sebäpli, onuň ady "täjik medeniýetine keseki at" diýip, onuň çagasyny, ýagny öz ýegenini hasaba almakdan ýüz öwrüpdirler. Haçan-da çaganyň kakasy öz adyny "Mahmud" görnüşinde üýtgedensoň, çagany hasaba alypdyrlar we oňa dogluş hakyndaky şahadatnamany beripdirler.