Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň geňeşçisiniň maşgalasynda dawa turdy


Orsýetiň prezidentiniň geňeşçisi Sergeý Glazýew
Orsýetiň prezidentiniň geňeşçisi Sergeý Glazýew

Bu zatlaryň ählisi yzy üzülmeýän seriallara, ýagny, aýdylyşy ýaly, ”sabynly operalara” mahsus bir ýagdaýdyr: öý hyzmatçysy bolup işleýän immigrant zenan özüne iş beren we Kreml bilen gatnaşykdaky baý maşgalanyň ogluna aşyk bolup, gabanjaňlygyň, gahar-gazabyň we ölüm haýbatynyň kerebine çolaşýar.

Bu dawa-jenjelli we ynanmasy kyn söýgi hekaýaty 31 ýaşly Firuza Sawuşkina we onuň 23 ýaşly söýgülisi Ýuriý Glazýewe degişli. Ýuriý Kremliň ýokary derejeli geňeşçisi we tanymal milletçi Sergeý Glazýewiň ogly.

Sawuşkina çagasyny ýeke terbiýeleýän täjigistanly aýal. Ol Glazýewiň Moskwadaky jaýyny ýygnaşdyrýan öýdençir hökmünde işe alnypdy, emma onuň öý hojaýynlarynyň ogly bilen söýüşmegi Glazýewiň maşgalasynda bulam-bujarlyk döretdi.

Ýuriý Glazýew Sawuşkinany görende, aşyk bolýar, sähel wagtdan soň olar, ýaş we sosial statusyndaky aratapawutlara garamazdan, maşgala gurmak kararyna gelýärler.

“Firuzany tapmaklyk meniň durmuşymda iň uly waka boldy” diýip, Ýuriý Glazýew Sawuşkina, onuň gyzy we beýleki merkezi aziýaly zenanlar bilen tans edip duran pursatyny görkezýän öý wideosynda aýdýar.

Ýury Glazýew Sawuşkinany “bagtym” we “güneşlim” diýip atlandyrýar we oňa we onuň gyzyna öz ömrüni bagyş etmegi wada berýär.

Orsýetiň mediasynda peýda bolan suratlarda söýgülileriň deňiz kenarynda, parkda we ir-iýmişli merkezi aziýa saçagyň daşynda oturyşlary görkezilýär.

Olaryň söýgi romanynyň haçan başlanandygy belli däl, emma Ýuriý Glazýew we Firuza Sawuşkina çaga garaşýandyklaryny aýdýarlar.

24-nji sentýabrda olaryň bagtyna kölege abandy. Sawuşkina özüniň täjik migrant jorasy Dilafruz Mirzoýewa öldürmek haýbatyny atmakda aýyplanyp, gözenegiň aňrysyna düşdi.

Glazýewleriň hojalygynda işleýän Mirzoýewa, Sawuşkinanyň özüne bäsdeş hökmünde garap, üstüne pyçak bilen topulandygyny, ýüzüni dyrnap, ony öldürmek haýbatyny atandygyny aýdýar.

Ýuriý Glazýew we Firuza Sawuşkina
Ýuriý Glazýew we Firuza Sawuşkina

Emma Ýuriý Glazýew bolan wakanyň başga sebäbiniň bardygyny aýdýar.

Glazýew sud işiniň daşary ýurtly işçi zenan bilen arasyny üzmegini gazanmak üçin özüniň täsirli kakasynyň gurnan işi diýip hasap edýändigini aýdýar.

Ýuriý Glazýew ene-atasynyň, aýratynam “Olga” diýip adyny tutýan ejesiniň özüne gelin hökmünde saýlan aýalyny halamaýandygyny aýdýar.

Öňki hökümet agzasy we kanun çykaryjy Sergeý Glazýew soňky iki ýylyň dowamynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň geňeşçisi bolup işleýär.

Sawuşkina bolsa Orsýetde zordan gazanç edýän we köplenç milletçilikli basyşlara sezewar bolýan 1.2 million täjigistanly migrantlaryň biri.

Ýuriý Glazýew öz ejesiniň Sawuşkinany makullamaýandygyny, ony oglunyň durmuşyny weýran edip, baýamak maksadyny öz öňünde goýýan betniýet adam diýip atlandyrýandygyny aýdýar.

“Ilkinji günden başlap, ejem oňa garşy delilsiz we esassyz ýigrenç görkezdi” diýip, Ýuriý Glazýew Orsýetiň RenTW telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.
“Firuza mydama ejeme kömek bermäge we onuň bilen gowy gatnaşyk gurmaga çalyşdy, emma gatnaşyklar gitdigiçe ýaramazlaşdy” diýip, Ýuriý Glazýew öz ejesiniň Sawuşkina babatyndaky duýgusynyň “paranoýa çägine” ýetendigini belleýär.

Kelebiň ujy

Ýuriý Glazýewiň aýtmagyna görä, onuň ene-atasy öz täsirini ulanyp, başda suduň Sawuşkinanyň Orsýete gelmegine 10 ýyllyk möhlet bilen gadagançylyk girizip, Täjigistana deportasiýa edilmegini gazanmaga çalşypdyrlar. Emma Sawuşkina bu karary ret edip, Orsýetde bolmaga rugsat almagy başarypdyr.
Glazýewiň ene-atasy öz oglunyň aýyplamalaryny köpçüligiň öňünde kommentirlemediler we onuň söýgi hekaýaty barada dil hem ýarmadylar.

Şol bir wagtyň özünde-de ataly-ogluň YouTubede ýerleşdirilen telefon söhbetdeşligi olaryň Sawuşkinanyň tussaglykdan boşadylmagynyň mümkinçiliklerini maslahat edýändigini subut etdi.

Sergeý Glazýewe degişli bolmagy çak edilýän ses öz ogluna aklawça ýüz tutmagy we näme etmelidigini maslahat berýär.

Uzaga çeken söhbetdeşligiň dowamynda Ýuriý Glazýewe degişli bolmagy çak edilýän ses öz atasyndan prosesde öz “tanyşlyklaryny” ulanmagy haýyş edýär: “Sen öz kanallaryň boýunça sudýa we prokuror bilen gepleşip, tussaglyk möhletini uzaltmazlygy sorap bilerdiň”.

Ses goraýjy aklawçynyň pul talap edýändigini, emma aklawçy zerur dokumentleriň baryny taýýarlansoň, ol puly töläp biljekdigini aýdýar.
“Bu hem bir mümkinçilik” diýip, Kremliň geňeşçisiniňki bolmagy çak edilýän ses jogap berýär.

Glazýewiň hekaýatynyň uly bölegi entek nämälim galýar.

Ýuriý Glazýew öz söýgülisine arka durmak we ony “islendik usul bilen uçran kynçylygyndan” goramak niýetini mälim edýär.

Sawuşkina tussaglykda otyrka Ýuriý Glazýew onuň gyzynyň we ene-atasynyň aladasyny edip, maşgala gatnaşyklaryna degişli borjuny berjaý edýär.

XS
SM
MD
LG