NATO iki ýyl mundan ozal adatdan daşary ýagdaý şertlerindedi, bu günki gün ol uzak we dartgynly konfliktler babatynda plan düzýär.
Üç adam öz ýurtlaryndan bikanun ogurlandy we daşary ýurtda hilegärlik bilen adalatsyz tussaglykda saklanýar. Olaryň durmuşyna zeper ýetirildi we geljegi nämälim görünýär.
Orsýetde güýçli şahsyýetiň kemsidilmegi adaty bir ýagdaý ýa tötänlik däl. Şeýle waka ýüze çykaýan ýagaýynda bolsa, gürrüňi edilýän güýçli adamyň garşysynda edil özi ýaly güýçli adam bar diýmekdir.
Öňki maliýe ministri Kudrin prezident Dmitriý Medwedew bilen oňuşman, geçen ýylyň sentýabr aýynda wezipesinden çekilipdi. Indi köpleri oýlandyrýan bir zat bar.
Jedelli parlament saýlawlary Sowet Soýuzy çökeli bäri Orsýetde görlüp-eşidilmedik köpçülikleýin protestlere sebäp boldy.
Onlarça müň orsýetliler Moskwanyň we ýurduň beýleki şäherleriniň köçelerine çykyp, giň gerimli protestleri geçirdiler.
Eger Putin ýene iki möhlet Orsýetiň prezidenti bolsa, bu ýagdaý ony 2024-nji ýyla çenli häkimiýet başynda saklar. Bu doňaklyk we durgunlyk üçin reseptmi?
Ozalky SSSR-iň düzümine giren käbir döwletler üçin şu günüň hakykatlary 1991-nji ýyldaky wakalaryň eýforiýasyndan uzakda.
Medwedew ors parlamentinde eden çykyşynda geljek 10 ýyllykda ýaraglanyşygyň täzeden güýçlenmeginiň mümkindigini duýdurdy.
Russiýa we NATO raketalardan goranyş boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyp, özleriniň birek-birege howp döretmeýändiklerine ýazmaça kepil geçdiler.
Geçen ýyl Lissabon şertnamasyna ÝB-de durýan ýurtlaryň hemmesi gol çekip, çeh prezidenti Klaus gol çekmändi.
Lukaşenko we onuň Kremldäki öňki ýaranlarynyň arasyndaky konfliktleriň güýçlenmegi Orsýetiň ony häkimiýet başyndan çetleşdirmek isleýänligi barada pikir döredýär.
Moskwada bolan bombaly hüjümlerden bäri Uzlipat Gebekowa daşary çykanda geýinýän egin-eşigine gaty dykgat edýär. Häzir wagtlaýyn Moskwada bolýan bu Mahaçgalaly zenan özüniň ýaňy metroda bomba partladan iki aýala meňzedilmeginden gorkýar.
29-njy martda Moskwanyň iki sany metro duralgasynda bolan partlamalar Putiniň terrorçylyga garşy syýasaty sebäpli ilatyň syýasy hem graždan azatlyklarynyň elinden alnandygyna garamazdan, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmändigini subut etdi.
Gürjüstanyň telewideniýesinde Orsýetiň Gürjüstana hüjüm edýändigini görkezýän we ilat arasynda uly dowul turzan toslama reportažyň efire berilmegi bilen baglanyşykly dawalar henizem dowam edýär. Bu waka bilen baglanyşykly ýurduň çar künjünden prezident Saakaşwiliniň adyna aýdylýan tankytlar hem kemelmeýär.
Birleşen Ştatlaryň wise prezidenti Jo Baýden bir ýyl öň Mýunhende geçirilen Howpsuzlyk konferensiýasynda Orsýet bilen gatnaşyklarda «täzeden gur düwmesini» basmagyň wagty geldi diýipdi. Ine, Mýunhende ýene Howpsuzlyk maslahaty geçýär.
Gürjüstandan bölünen Abhaziýada şenbe güni prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Bu özbaşdaklygyny yglan edenden soňra, respublikada geçirilýän ilkinji ses berlişikdir.
Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda alnyp barylýan diplomatik tagallalar “Nabukko” proýektiniň durmuşa geçmegine oňaýsyz täsir ýetirip bilermi?
Saýano-Şuşende bolan awariýanyň pidalaryny gözlemek boýunça görülýän çäreler bilen baglylykda orsýet häkimiýetlerine basyşlar güýçlenýär.
Gürjüstanyň Sowet Soýuzyndan soňky ýakyn taryhy Orsýetiň hem-de ABŞ-niň arasyndaky geosyýasy göreş bilen bagly boldy.
Ýene-de ýükle