Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Merkezi Ýewropadaky täsirini artdyrýar


Orsýetiň prezidenti D.Medwedew (çepde), Çehiýanyň prezidenti W.Klaus (ortada) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) Pragadaky duşuşykda, 8-nji aprel 2010-njy ýyl.
Orsýetiň prezidenti D.Medwedew (çepde), Çehiýanyň prezidenti W.Klaus (ortada) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) Pragadaky duşuşykda, 8-nji aprel 2010-njy ýyl.

Geçen ýylyň oktýabrynda Lissabon şertnamasyna Ýewropa Bileleşiginde durýan ýurtlaryň hemmesiniň gol çekip, ýeke çeh prezidenti Waslaw Klausyň gol çekmänligi Bileleşigi gaty lapykeç etdi.

Klaus şonda öz beýleki kärdeşlerinden gelýän jaňlara hem jogap bermän, daşary ýurtlara sapara gitdi. Soň hem Moskwada ors telewideniýesinde peýda bolup, prezident Medwedewiň ýanynda metbugat konferensiýasyna gatnaşan Klaus Ýewropa Bileleşini tankytlady.

Çeh prezidenti iň soňunda oppozisiýanyň tankytlaryna çydaman, Lissabon şertnamasyna gol goýdy, ýöne onuň bu işi beýle gijikdirmegi köp synçylaryň ýanynda “ol Kremliň bähbitleri üçin işleýär” diýen şübhäni oýardy.

Tanymal žurnalist Ýaruslaw Plesliň pikiriçe, bu myş-myşlar hakykata näderejede laýyk, ol möhüm däl. Ol şeýle diýýär: “Muňa bir dokumentiň bolmagy gerek däl. Oňa edýän işleriniň üsti bilen baha bermeli. Orslaryň isleýäni Ýewropa Bileleşiniň mümkin boldugyçä gowşak bolmagy. Ine, şu maksatda Klaus olaryň bähbitlerine gaty gowy gulluk edýär”.

Ýöne bu işi edýän ýeke Klaus däl. Çehiýa respublikasynda Orsýet bilen ilteşikli syýasatçylaryň sany gitdigiçe artýana meňzeýär. Tankytçylar: “Täsir üçin Moskwanyň elindäki esasy gural energiýa ýangyjy” diýýärler.

Orsýetiň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna nebit-gaz eksportirleýän iň ul ýurtdugy gizlin syr däl. Bu ýurtlaryň käbiri sarp edýän nebit-gazynyň 90 prosente golaýy üçin Orsýete garaşly. Öz bähbitlerine işleýän günbatarly kompaniýalardan tapawutlylykda ors kompaniýalary Kremliň daşary syýasatynda rol oýnaýarlar, ýöne bu aýyl-saýyl görnüp duranok.

Çeh aňtaw gullugynyň öňki başlygy K.Randak

x
Çeh aňtaw gullugynyň öňki başlygy K.Randak
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00
Çehiýanyň aňtaw gullugynyň öňki başlygy Karel Randak Orsýetiň uly kompaniýalarynyň käbiriniň gizlin iş alyp barýanlygyny aýdýar. Ol: “Käbir kompaniýalar çehler tarapyndan ýöredilip, çehleriň adyna bolsa-da, olara iş ýüzünde gözegçilik edýän Moskwa” diýýär.

“Orslar Çeh respublikasynda maýa goýjak bolsalar ýa käbir strategik meselere gözegçilik etjek bolsalar, bu işi Şweýsariýadaky ýa Günbatar Ýewropadaky kompaniýalaryň üsti bilen edýärler. Bu kompaniýalaryň aňyrsynda orslaryň ýatandygyny hiç kim bilenok” diýip, Ranak aýdýar.

Kremli tankytlaýanlar Ýewropa Bileleşiniň özüniň toparlaýyn bähbitlerini goramakda agzybir bolup bilmezliginde Klaus ýaly syýasatçylaryň goşandynyň bardygyny aýdýalar. Olaryň sözlerine görä, Orsýet dürli ýurtlaryň energiýa kompaniýalary bilen baglaşýan ylalaşyklary arkaly energiýa oýnunyň düzgünlerini hem bulara kabul etdirýär.

Moskwanyň şol strategiýasynda Çeh respublikasynyň oýnaýan roly ol diýen uly däl. Ýewropa öz sarp edýän energiýasynyň dörtden biri üçin Orsýete garaşly. Orsýetiň gurjak bolýan iki täze gaz geçirijisiniň hem bu garaşlylygy güýçlendirjekdigi şübhesiz.

“ÇEZ”

Temelin obasy Çehiýanyň günorta Bohemiýa regionynda ýerleşýär. Atom elektrostansiýasynyň Çehiýa respublikasynyň taryhynda iň uly söwda meselesine öwrülmegi-de hut şu sebäpli.

Döwlet elektrik kompaniýasy ÇEZ şu ýerde öňki iki reaktordan daşgary ýene iki reaktory gurmagy planlaşdyrýar. Bu işi tankytlaýanlar bolsa aladalanyp: “ÇEZ ýöne bir elektrik kompaniýasy däl” diýýärler.

Bu döwlet gözegçiligindäki kompaniýa merkezi we gündogar Ýewropada iň uly kompaniýalaryň biri hasaplanýar. Ýurduň iki uly syýasy partiýasyny maliýeleşdirýän ÇEZ syýasat we söwda bilen şeýle berk baglanyşykly welin, çehleriň aglabasy öz ýurtlaryny Çeh respublikasy däl-de, ÇEZ respublikasy diýip atlandyrýarlar. Bu kompaniýanyň eýeçelik strukturalary näbelli. “Ýaşyllar” partiýasynyň başlygy Martin Bursikiň pikiriçe, bu çeh syýasatynyň çuň korrupsiýa batandygynyň alamaty.

“Ýaşyllar” partiýasynyň başlygy Martin Bursik

x
“Ýaşyllar” partiýasynyň başlygy Martin Bursik
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00
“ÇEZ gaty güýçli kompaniýa. Onuň elekrtrigiň bahasy bilen baglanyşykly kanunçylykda we bu baradaky düzgünler meselesinde sözi ýöreýär. Problema döwletiň bu kompaniýanyň kararlaryna täsir edip bilmeýänligi” diýip, Bursik aýdýar.

“Ýaşyllar” partiýasynyň garaýşyça, ÇEZ sudlary, polisiýany, prokurorlary, regional hökümetleri we syýasy partiýalary hem öz içine alýan bir ulgamyň edil merkezinde dur. Emma döwlet resmileri bu aladalary ret edýärler. Temelin stansiýasynyň sözçüsi: “Täze reaktorlar ýurduň energiýa garaşsyzlygy barada esasy faktor bolar” diýýär.

Işiň geň tarapy ýurduň sarp edýän nebit-gazynyň uly bölegini tabşyrýan Orsýetiň bu söwda gatnaşmaga jan edýänligi. Gatnaşmaga meýil görkezen üç kompaniýanyň biri Orsýetiň döwlet kompaniýasy “Atomproýekt”. Beýlekiler ýaponlaryň eýeçiligindäki “Westinghouse” bilen Fransiýanyň “Arewa” kompaniýasy.

ÇEZ: “Bularyň üçüsi-de başarnykly, esasy mesele baha” diýýär. Ýöne beýlekiler bu pikirde däl. Çeh respublikasynyň energiýa howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Waslaw Bartuska: “Söwda puluň üstünde baranok” diýýär.

“Meniň garaýşymça, ýurtda geçen ençeme ýylyň dowamynda goýlan iň uly maýa bolup durýan Temelin saýlawy bir siwilizasiýany saýlap tutmak. Men öz ýurdumyň ýa Fransiýa ýa-da Birleşen Ştatlar bilen ilteşikli bolmagyny isleýärin. Bu indi “Arewamy” ýa ”Westinghouse”, maňa tapawudy ýok. Men, hemişe aýdyşym ýaly, hiç kimiň tarapyny çalyp, tagalla edemok, diňe birine garşy tagalla edýärin” diýip, Bartuska aýdýar.

Baruskanyň aýtmagyna görä, ony aladalandyrýan “ors kompaniýalarynyň korrupsiýany eksportirleýänligi”. Onuň pikiriçe, korrupsiýanyň Orsýete öz täsirini ýetirmäge mümkinçilik beren ýeri diňe ýadro senagaty bolmaz. Ol bu ýerdäki syýasata hem täsir etmäge Kremliň elinde bir gural bolar.

“Ine, üç ýerden, ”Arewadan”, “Westinghouseden” we orslardan teklip geler. Bularyň ikisi gymmat bolup, biri arzan bolar. Sebäbi, Putin diňe iki reaktora däl-de, tutuş Çeh respublikasyna bir baha teklip eder” diýip, Bartuska aýdýar.
XS
SM
MD
LG