Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew raketadan goranyş boýunça hyzmatdaşlyga çagyrýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Federal Assambleýanyň öňündäki ýyllyk çykyşyny edýär, Moskwa, 30-njy noýabr.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Federal Assambleýanyň öňündäki ýyllyk çykyşyny edýär, Moskwa, 30-njy noýabr.
Prezident Dmitriý Medwedew 30-njy noýabrda Orsýetiň parlamentinde eden çykyşynda geljek 10 ýyllykda ýaraglanyşygyň täzeden güýçlenmeginiň mümkindigini duýduryp, raketadan goranyş sistemasy boýunça Moskwa bilen Günbataryň özara ylalaşyga gelmeginiň zerurdygyny nygtady.

19-20-nji noýabrda Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda geçirilen Sammitde NATO Ýewropa üçin göz öňünde tutulýan raketadan goranyş sistemasy barada Orsýet bilen hyzmadaşlyk etmegiň ýollaryny tapmak hakda ylalaşdy. Medwedewiň parlamentiň öňündäki ýyllyk ýüzlenmesi şol Sammitiň yz ýanyna gabat geldi.

“Men bu zalda, açyk aýdýaryn: geljek 10 ýyllykda biziň öňümizde iki ýol bar. Bularyň biri raketadan goranyş barada ylalaşyga gelip, doly ösen hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek. Ylalaşyk bolmasa, ýaraglanyşygyň täze tapgyry başlanar. Onsoň biz hüjüm üçin täze ýaraglardan peýdalanmak barada karara gelmeli bolarys” diýip, Medwedew duýdurdy.

“Işleşmäge taýýar”

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 19-20-njy noýabrda Lissabonda geçen NATO-nyň Sammitinde Demirgazyk Alýansyň Ýewropada planlaşdyrylýan raketadan goranyş sistemasyna doly goşulmak baradaky çakylygyny: “Orsýet deňhukukly hyzmatdaş bolmaly” diýip, ret edipdi.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 30-njy noýabrda parlamentiň öňünde eden çykyşynda köpçülikleýin ýok ediji ýaraglaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak barada halkara derejesinde barýan tagallalaryň täzelenmeginiň tarapyny çaldy.

“Orsýet raketa tehnologiýasynyň ýaýradylmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen mehanizmleri güýçlendirmek boýunça gyzyklanma bildirýän beýleki döwletler bilen bilelikde işleşmäge taýýar” diýip, prezident Medwedew aýtdy.

Häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hem aprel aýynda Orsýetiň ýolbaşçysy bilen Pragada gol çekişilen täze START şertnamasyny Senata tassyklatmak üçin tagalla baryny edýär.

Medwedew Orsýeti döwrebaplaşdyrmak baradaky programmany ilerletmek üçin ABŞ we ÝB bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmelidigini aýtdy: “Hemme taraplaýyn ykdysasy hyzmatdaşlyk, maýa goýumy üçin ýagdaýy gowulandyrmak, ýokary tehnologiýa pudagynda bile işleşmek üçin ors-amerikan hyzmatdaşlygynyň mehanizminden peýdalanmaly”.

Içerki meseleler

Medwedewiň aýtmagyna görä, ýurt içindäki zerur meseleleriň arasynda ilkinji orunda duran wezipe - çagalaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak. Prezident üç we ondan ýokary çagaly maşgalalara mugt ýeriň berilmegini, şeýle hem çagalaryň durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ýene birnäçe çäreleriň girizilmegini teklip etdi.

Prezident Medwedewiň pikiriçe, Orsýet netijeli ösjek bolsa, ýurduň býujet defisiti we barha artýan inflýasiýa jylawlanmaly. Medwedew häzir 7,4 prosent bolan inflýasiýa derejesini geljek 3 ýylyň içinde aşakladyp, 4-5 prosente getirmäge synanyşjakdygyny mälim etdi.

Medwedew Orsýetiň uly yzagaýdyşlykdan soň ykdysadyýeti durnuklaşdyrmagy başarandygyny, ykdysady ösüşiň üstümizdäki ýyl 4 prosent töweregi boljakdygygy mälim etdi. Ýöne ol ykdysadyýetiň entek doly aýak üstüne galmandygyny-da sözüniň üstüne goşdy.

“Ykdysady ýagdaý heniz hem çylşyrymly. Ykdysady krizisiň ýetiren zyýanlarynyň hemmesi entek arka atylanok – muny gönümel boýun almak gerek. Emma biz öz sosial borçlarymyzy bir kemsiz ýerine ýetirmegi dowam etdireris” diýip, Medwedew wada berdi.
XS
SM
MD
LG