Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji telekanalyndaky galp reportaž ula ýazdy


Gürjüstanyň telewideniýesinde Orsýetiň Gürjüstana hüjüm edýändigini görkezýän we ilat arasynda uly dowul turzan toslama reportažyň efire berilmegi bilen baglanyşykly dawalar henizem dowam edýär. Bu waka bilen baglanyşykly ýurduň çar künjünden prezident Saakaşwiliniň adyna aýdylýan tankytlar hem kemelmeýär.

Başda Mihail Saakaşwili hepdäniň ýekşenbe güni efire berlen bu telereportažyň Moskwa tarapyndan salynýan hakyky howpy şöhlelendirýändigini aýdyp, ony gorap çykyş eden bolsa, düýn ol muny Gürjüstanyň jemgyýeti üçin «zyýanly» waka diýip atlandyrdy.

Hepdäniň şenbe güni, 13-nji martda hökümetparaz «Imedi» telekanaly tarapyndan efire berlen bu programmada Orsýetiň tanklarynyň Gürjüstanyň territoriýasyna girip, paýtagt Tbilisä golaýlap gelýändikleri habar berildi. Programmanyň dowamynda howadan we gury ýerden edilýän nähilidir bir harby hüjümler we howsala düşüp, ylgap barýan parahat ýaşaýjylar hem görkezildi.

Mundan daşgary, telewideniýe ýurduň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň öldürilendigini, Nino Burjanadze we Zurab Noghaýdeli ýaly käbir oppozisiýa liderleriniň bolsa ýurda dönüklik edip, Orsýetiň tarapyna geçendiklerini hem habar berdi.

Bir ýarym ýyl mundan ozal, ýagny 2008-nji ýylyň awgustynda Orsýet tarapyndan hakyky harby hüjümi başdan geçiren Gürjüstanyň ilatynyň arasynda telewideniýäniň bu reportažy uly dowul döretdi. Heniz reportaž efire gidip durka, adamlaryň howsala düşüp, mobil telefonlardan öz dogan-garyndaşlaryna jaň edip başlamaklary bilen telefon aragatnaşygynda bökdençlikler döredi, ýüreginden tutup, tiz kömek gulluklaryna alnyp gidilýän nähoşlaryň sany hem ur-tut artdy.

Wakadan soň...

Bu wakanyň yzy bilen jemgyýetçiligiň gahar-gazabynyň möwç alandygyny duýan hökümet resmileriniň köpüsi «Imedi» telekanalyny dessine ýiti tankytladylar.

Emma Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bu wakanyň ertesi güni ýurduň Bolniskiý regionynyň ýaşaýjylary bilen duşuşygynda ol waka barada kän bir aladalanmaýan ýaly gürrüň etdi: «Düýnki reportaždaky iň esasy ýakymsyz zat – onuň hakykatdanam bolaýmagy mümkin ýagdaýa ýakynlygydyr. Başgaça aýtsak, onuň biziň duşmanlarymyzyň aňyndaky we akylyndaky bar bolan zatlara ýakynlygydyr. Men şuňa siziň her biriňiziň düşünmegiňizi isleýärin».

Saakaşwili özüniň bu çykyşynda ýakynda Moskwa sapar eden we Orsýetiň häkimiýetlerini Gürjüstan bilen has ýakyn gatnaşyklara çagyran oppozisiýa liderleri Nino Burjanadze bilen Zurab Noghaýdeliniň bu saparlaryny hem tankytlady. Ol Gürjüstanyň bu oppozisiýa liderlerini «elleri gürjüstanlylaryň ganyna boýalan adamlar» bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplady.

Emma hepdäniň duşenbe güni öz internet saýtynda ýerleşdiren resmi beýanatynda prezident Saakaşwili özüniň ozalky äheňini has ýumşadyp, ýurduň habar serişdeleriniň žurnalistlerini geljekde bular ýaly wakalaryň bolmazlygy üçin žurnalistikanyň has ýokary standartlaryna eýermäge çagyrdy.

Dürli çaklamalar döredi


Gürjüstanyň telewideniýesinde peýda bolan bu toslama reportaž we oňa Saakaşwiliniň bildiren gapma-garşylykly reaksiýalary prezidentiň özüniň we oňa ýakyn toparlaryň bu reportažy ýörite gurnan bolmaklarynyň mümkindigi barada çaklamalary döretdi.

Hepdäniň duşenbe güni giçlik internetde peýda bolan ses ýazgy bu ugurdaky gümanlary has-da artdyrdy. Ol ses ýazgysynda «Imedi» telekanalynyň direktory Giorgi Awredladze bilen telekanalyň prodýuseri Eka Tsamalaşwiliniň telefon gürrüňdeşliginde prezident Saakaşwiliniň şeýle reportažy efire beriň diýip, görkezme berendigi baradaky sözler eşidilýär.

«Imedi» telekanalynyň direktory Giorgi Awredladze düýn ýurduň mediasyna beren interwýusynda agzalan ses ýazgysyny Orsýetiň gizlin gulluklarynyň emeli usul bilen döreden zady hökmünde doly ret etdi.
XS
SM
MD
LG