Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskawadaky etniki azlyklar gorky içinde


Moskwada ýaşamak etniki azlyklara, aýratyn-da kawkazlylara, hiç haçan hem aňsat däl.
Moskwada ýaşamak etniki azlyklara, aýratyn-da kawkazlylara, hiç haçan hem aňsat däl.

Moskwada bolan bombaly hüjümlerden bäri Uzlipat Gebekowa daşary çykanda geýinýän egin-eşigine gaty dykgat edýär. Häzir wagtlaýyn Moskwada bolýan bu Mahaçgalaly zenan özüniň ýaňy metroda bomba partladan iki aýala meňzedilmeginden gorkýar.

“Ýagdaý biziň üçin gaty howply. Başörtgüli bolmagyň özi bir uly töwekgelçilik bolup durýar. Iň bärkisi ýubka geýinmek-de şeýle. Iň gowusy jalbar. Sen Moskwa söwda geldiňmi, okuwa ýa öz saglygyňy bejertmäge, näme-de bolsa gorkuly” diýip, Gebekowa belleýär.

Moskwada ýaşamak etniki azlyklara, aýratyn-da kawkazlylara, hiç haçan hem aňsat däl. Olar dowamly ala tutulýar, ezýet-azara, hüjüme uçraýar, dokumentleri barlananda, polis tarapyndan kemsidilýär. Terroristik hüjümler halkyň ünsüni Demirgazyk Kawkazdaky konfliktere çekäýse-hä ýagdaý öňküsinden has ýaramazlaşýar.

“Ejir çeken ýene çeçenler bolar”

Abdullah Duduýew çeçen dilinde neşir edilýän “Doş” žurnalynyň redaktory. Ol bolan waka özüniň gynanýandygyny, partlamada ölenleriň bigünä adamlardygyny aýdyp: “Terroristik hüjümlerden soň, hemişe bolşy ýaly, ejir çeken ýene çeçenler bolar” diýýär.

“Adamlaryň bize bolan garaýşy üýtgedi. Ýaňy metroda iki musulman aýal ýenjildi. Märekeden biri hem çykyp, olary goldamady. Bu jemgyýetiň haýsy ýagdaýdadygyny görkezýär. Gorky, dartgynlylyk, gaýgy adamlaryň ýüz-gözünden görnüp dur” diýip, Duduýew aýdýar.

Moskawada ýaşaýan orta aziýalylar hem gorky içinde. Muny täjik Abdullo Dawlatow şeýle düşündirýär: “Moskwadaky ýagdaý biziň ildeşlerimiz üçin gaty ýaramaz. Adamlar gorkup, kän bir daşary çykanoklar. Ýaňy bir duşuşygymyz bardy. Howpsuzlyk zerarly ýatyrdyk. Polis hemme ýerde dokumentleri barlaýar”.

Gürjüstandan hem şübhe edilýär

Orsýet 20 ýyla golaý bäri Demirgazyk Kawkazda separatistler bilen uruşýar. Şol sebäpden ors resmileri ilki hüjümleriň aňyrsynda ýatan adamlary tapmak üçin şol taraplara üns berjekdiklerini aýdypdylar. Ýöne ýaňy Milli howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew: “Bu hüjümlerde Gürjüstanyň hem eliniň bolmagy mümkin” diýdi.

Gürji hökümeti muny şol bada ret edip, özüniň her bir barlaga gerekli kömegi bermäge taýyndygyny aýtdy. Gürjüleriň Moskwadaky Lazare guramasynyň başlygy Johny Karatsheliýa: “Patruşewiň bu aýdany Moskwada ýaşaýan kawkazlylaryň hemmesiniň-de şübhe astyndadygyny görkezýär” diýýär.

“Biriniň Kawkazyň haýsy ýerindendigi olara möhüm däl. Olara çeçen, iňguş, gürji ýä abhaz bir. Indi näme bolar diýip, gürjüleriň hemmesi, kawkazlylaryň hemmesi gorkýarlar” diýip, Karatsheliýa aýdýar.
XS
SM
MD
LG