Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň terrorçylyga garşy göreşi tankyt astynda


29-njy martda Moskwanyň iki sany metro duralgasynda bolan partlamalar Putiniň terrorçylyga garşy syýasaty sebäpli ilatyň syýasy hem graždan azatlyklarynyň elinden alnandygyna garamazdan, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmändigini subut etdi.

29-njy martdaky hüjümlerden soň, Wladimir Putiniň reaksiýasy ozal prezident bolan döwri amala aşyrylan terrorçylykly hüjümlerden soňky hereketlerinden kän tapawutlanmady. Emma 1999-njy ýylda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň partladylmagyndan soň ýa-da 2004-nji ýylda Beslanda bolan ganly wakadan soňky döwürden tapawutlylykda bu gezekki partlamalaryň yz ýany ilat arasynda Putiniň terrorçylyga garşy alyp barýan syýasatyny netijesiz diýip hasaplaýan graždanlaryň sany artdy.

Moskwanyň Park Kultury metro duralgasynda, terrorçylykly hüjümlerden iki gün geçensoň hem, adamlarda gynanç, gorky hem gahar-gazap duýgularynyň bardygy görünýär.

Ýewgeniý atly ýaş ýigit ilatyň biri-birine ynamsyzlyk bilen garaýandygyny aýdýar: “Bu ýerde dartgynly ýagdaý duýulýar. Adamlar seresaplylyk bilen biri-birine seredýärler. Dogrymy aýtsam, gorkunç, gaty gorkunç”.

Halkda şeýle gorky duýgusy bolmaz ýaly 11 ýyla golaý wagt mundan ozal 1999-njy ýylda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň partladylmagyndan soň, Wladimir Putin Çeçenistana garşy harby hereketlere başlapdy.

KGB-niň öňki işgäri çini boýunça polkownik Putin kesgin, ýiti sözleri bilen rus raýatlaryny terrorçylykdan gorap biljek adam hökmünde öz syýasy ahmiýetini artdyryp, häkimiýeti eýeledi we öz häkimligini berkitdi.

Häkimiýetleri oppozisiýadan goraýyş

Öz daş-töweregine howpsuzlyk gulluklarynyň öňki ofiserlerini jemlän Putin şeýle howply döwürde terrorçylyga garşy göreşmek üçin demokratik institutlary dargadyp, häkimiýeti öz elinde jemlemegiň zerurdygyna halky ynandyrdy.

Emma 29-njy martda bolan soňky waka Putiniň bu syýasatynyň başa barmandygyny görkezdi. Bu wakadan soň Wladimir Putin Sibire planlaşdyran resmi saparynyň arasyny üzüp, yzyna Moskwa geldi we öz çykyşynda ýene-de terrorçylary ýok etjekdigini tekrarlady: “Biz olaryň gizlenendigini bilýäris, emma olary şol gizlenen ýerlerinden, kanalizasiýanyň düýbünden köwläp çykarmaklyk biziň hukuk goraýjy organlarymyzyň işgärleri üçin mertebeli işdir”.

Emma Putiniň bu ýiti sözleri orslaryň köpüsi üçin pöwhe bolup göründi. Orsýetli ýaş aktiwist Ilýa Ýaşin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosunyň Rus gullugyna beren interwýusynda Putiniň häkimiýeti öz elinde jemländigini aýdyp, bu ýagadaýda ýurduň içinde bolup geçýän wakalara-da hut Putiniň özüniň jogap bermelidigini belledi.

“11 ýyl mundan ozal Putin rus şäherlerinde terrorçylykly hereketleri ýok etjekdigini wada beripdi. Terrorçylygy ýeňmegiň hatyrasyna-da biziň graždan hem syýasy hukuklarymyzy elimizden aldylar, gubernatorlary saýlamak hukugymyzdan mahrum etdiler, netijede Putin öz şahsy häkimiýetini berkitdi, ýöne biziň howpsuzlygymyz üpjün edilmedi. Şonuň üçin soňky partlamalar Putiniň terrorçylyga garşy syýasatynyň puja çykmagy hökmünde baha bermek bolar” diýip, Ilýa Ýaşin aýdýar.

Şeýle hem ýaş aktiwist prezident Medwedewiň Putini wezipesinden çetleşdirmäge erk-isleginiň hem mümkinçilikleriniň bolmajakdygyny çaklap, bu waka bilen bagly iň bolmanda ýurduň Federal howpsuzlyk gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň hem Moskwanyň şäher milisiýasynyň ýolbaşçylaryny wezipelerinden boşatmalydygyny öňe sürdi: “Howpsuzlyk organlary halky terrorçylardan däl-de, häkimiýetleri oppozisiýadan goraýarlar”.

“Solidarnost”, ýagny “Raýdaşlyk” hereketiniň başlygy Boris Nemsow hem metrodaky partlamalaryň howpuslyk güýçleriniň gözüniň alnynda amala aşyrylandygyny belläp, ilatyň howpuzlygyny üpjün edip, terrorçylara garşy göreşmeli bu ogranlaryň işgärleriniň halkyň däl-de, häkimiýet başyndakylaryň aladasyny edip, oppozisiýa garşy göreşýändiklerini nygtady.

Syýasy arassalaýyş bolarmy?

Bilermenleriň pikiriçe, häkimiýet başyndakylaryň arasynda şeýle syýasy arassalaýyş geçirilmez. Sebäbi Putiniň töweregindäki howpsuzlyk organlaryň weteranlarynyň syýasy täsiri iki ýyl mundan ozalky ýaly güýçli bolmasa-da, olar henize çenli rus syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýarlar.

Analitikleriň pikirlerine görä, bu waka hem, 2004-nji ýylda Beslan tragediýasyndan soň bolşy ýaly, syýasy çäklendirmeleri girizmek üçin ulanylar.

Şonda, 2004-nji ýylda, Putin regional häkimleriň saýlawlaryny ýatyryp, hökümete degişli däl guramalaryň hereketlerini çäklendirýän kanunlary kabul edipdi.

Moskwanyň Karnegi Merkeziniň analitigi Liliýa Şewsowa hem bu wakanyň netijesiniň raýatlaryň syýasy hem graždan hak-hukuklarynyň çäklendirilmeginden ybarat boljakdygyny aýdýar. Sebäbi “Orsýetiň syýasy sistemasy demokratik däl, ýurtda hökümetiň hem häkimiýetleriň howpsuzlygy raýatlaryň howpsuzlygyndan has ileri tutulýar” diýip, analitik düşündirýär.

Şol bir wagtda-da bilermenler häzirki döwürde Orsýetiň 2004-nji ýyldaky Orsýetden tapawutlanýandygyny, global ykdysady krizis zerarly häkimiýetleriň abraýynyň pese gaçyp, ýurtda hökümete garşy protest demonstrasiýalarynyň artýandygyny belleýärler.

Onuň üstesine-de, geçen birnäçe aýyň dowamynda Orsýetde ýüze çykan wakalar ýurduň içinde tertip-düzgüne gözegçilik etmeli hukuk goraýjy organlaryň işgärleriniň ahlak taýdan pese düşendigini görkezip, olaryň abraýyna zeper ýetirdi.
XS
SM
MD
LG