Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Öňki Sowet Soýuzy” diýen düşünje henizem barmy?


Boris Ýeltsin Ýokary Sowetiň adatdan daşary ýygnagynda çykyş edýär, Moskwa, 1991-nji ýylyň 21-nji awgusty.
Boris Ýeltsin Ýokary Sowetiň adatdan daşary ýygnagynda çykyş edýär, Moskwa, 1991-nji ýylyň 21-nji awgusty.
Ozalky SSSR-de totalitar režimi saklap galmak üçin döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmaga synanyşyk edilenine, şeýle-de dünýäde 15 sany täze garaşsyz döwletiň döremegine indi ýigrimi ýyl dolýar.

Bu döwletlerde 1991-nji ýylyň 19-21-nji awgustyndaky wakalara bolan garaýyşlar hem biri-biriniňkiden örän tapawutly.

Tallinnde, Rigada we Wilnýusda ýaşaýanlar üçin, ýigrimi ýyl ozal dünýäni sarsdyran şol üç güne – Baltik döwletlerinde demokratik ösüşe itergi beren, bazar ykdysadyýetine geçmäge ýol açan we ýewropalaşmagyň başlangyjy bolan pursat hökmünde garalýar.

Özbegistan, Türkmenistan we Belarus ýaly ýurtlarda Sowet Soýuzynyň dargamagyna has başgaçarak düşünjeden ugur alnyp baha berilýär. Awtoritar döwlet gurluşyna tarap omzamanyň netijesinde bu ýurtlar “Freedom House” guramasynyň “Dünýäniň iň repressiw jemgyýetleri” diýen bahasyna mynasyp boldular.

Postsowet regiony barada gürrüň etmek ýyl-ýyldan agyr düşýär. Biz bu düşünjäni indi başgaçarak atlandyryp başlamaly. Eger-de şol döwletler öň çaga bolan bolsa, indi olar 20 ýaşa ýeten kämil adamlar.
Beýleki döwletlerde bolsa, ýigrimi ýyl ozalky şol wakalara orta-aram bir garaýyş bar. Mysal üçin, Gürjüstan, Ukraina, Moldowa, Gyrgyzystan we Ermenistan dagy dogumly hereket edip, demokratiýanyň belli bir görnüşine tarap ýola düşdüler. Galan döwetlerde, ýagny Orsýet, Gazagystan we Täjigistan ýaly ýurtlarda, ýumşak awtokratiýa ýa-da başgaçarak aýdylanda, “göz astyndaky demokratiýa” ornaşdy. Bu aralykda, energiýa serişdelerine baý Azerbaýjan awtoritar nebit döwletine öwrüldi.

Şeýlelikde, biri-birinden tapawutly, dürli režimler orta çykdy. Indi region barada “ozalky Sowet Soýuzy” diýen söz düzümi bilen gürrüň etmek näderejede heňe gelýär?

Millilik duýgularynyň berkemegi, belkem, täzeden döremegi; Orsýetiň täsiriniň, nähili-de bolsa, peselmegi; beýleki taraplaryň - Ýewropa Bileleşiginiň, Türkiýäniň we Hytaýyň bu regiona medeni, ykdysady we syýasy taýdan aralaşmagy; şeýle-de postsowet döwrüniň ýaşlarynyň kemala gelmegi ýaly ýagdaýlaryň ozalky berk gatnaşyklaryň tanapyny gowşadandygy aýdylýar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Karnegi fondunyň Orsýet we Ýewraziýa programmasy boýunça baş işgäri, şeýle-de Kawkaz regiony barada ençeme kitabyň awtory Tomas De Waal şeýle diýýär: “Postsowet regiony barada gürrüň etmek ýyl-ýyldan agyr düşýär. Biz bu düşünjäni indi başgaçarak atlandyryp başlamaly. Eger-de şol döwletler öň çaga bolan bolsa, indi olar 20 ýaşa ýeten kämil adamlar. Bu indi olaryň özbaşdak karar almaga ukyplarynyň bardygyny, işe ýerleşip bilýändiklerini, ulag satyn alyp, sürüp başlamaga mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar”.

Türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazow we täjik kärdeşi Rahmon Nabiýew Moskwada geçirilen GDA-nyň sammitinde, 1992-nji ýylyň 6-njy iýuly.
Ozalky SSSR-iň düzümine giren käbir döwletler üçin bolsa şu günüň hakykatlary 1991-nji ýyldaky şol wakalaryň eýforiýasyndan juda uzakda. 20 ýyl mundan ozal döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň garşysyna Moskwadaky wakalara gatnaşan, soňra Boris Ýeltsiniň häkimiýeti döwründe Orsýetiň premýer-ministriniň orubasary bolan Boris Nemtsow Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Biz diýseň romantikdik. Biz azatlyga we şowly durmuşa barýan ýoluň juda gysga boljakdygyny çaklapdyk. Biz munuň beýle däldigine soň düşündik. Men kommunizmiň ýatyrylmagy netijesinde, birnäçe aýyň içinde uly durmuşy gurup boljakdygyna ynanýardym. Biz juda sada bolan ekenik. Diňe men däl, eýse Ýelsin we biziň ähli toparlarymyz hem şeýledi. Biz kommunizmi ýok edip bilsek, onda juda rowaç adamlar bolarys öýdüp, pikir edýärdik. Ýöne, gynansak-da, häzirki ýagdaýlar şol döwrüň umytlaryndan has dartgynly we garjaşyk bolup görünýär”.

Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde dörän täze döwletler öz öňlerinde neneňsi agyr günleriň bardygyna gysga wagtyň içinde düşündiler. De Waalyň pikiriçe, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň, bu ýurtlaryň hiçisi demokratiýany we bazar ykdysadyýetini gurmak meselesine dogry baha bermegi başarmady.

Demokratiýa nukdaý nazaryndan çen tutulsa, olar yza tarap hereket etdiler. Munuň anyk mysaly Türkmenistandyr. Bu ýurt 1985-nji ýylda häzirkisindan has erkindi.
Täze dörän döwletleriň öňünde duran esasy wezipeleriň biri hem milliligi döretmekdi. Karnegi fondunyň Orsýet we Ýewraziýa programmasynyň direktory Metýu Rožanski şeýle diýýär: “Elbetde, iň esasy özgerişlik – bir asyr töweregi ýaşan Sowet impersiýasynyň dargamagyndan başga, ondan öňki Orsýet imperiýasynyň synmagy bolupdy. Netijede millilik dikeldilip, käbir ýagdaýlarda, dogrusyny aýtsaň, täzeden hem kemala gelip başlapdy. Men bu ýerde belli bir döwletleriň adyny tutmakdan saklanaýyn. Sebäbi munuň käbir millietçi toparlaryň janyna degmegi mümkin. Garaz, umuman aýdylanda, bärde möhüm zat - täze, hiç kime bagly bolmaýan milliligi döredip, kemala getirmekdi. Muňa, hususan-da, özlerini Orsýetden tapawutly edip görkezmek synanyşyklary hem girýärdi. Bu şol ýurtlaryň halklarynyň aglabasynyň ruslaşandygyna we ykdysadyýetiniň köp böleginiň sowet görnüşindedigine garamazdan hem amala aşyrylyp başlanypdy”.

Milliligi döretmek käbir döwletler üçin aňsat bolupdy. Mysal üçin, Baltik ýurtlary bu meselede özleriniň iki sany jahan urşy aralagynda gazanan garaşsyz döwlet tejribelerini ulanypdylar. Ermenistan we Ukraina ýaly döwletleriň Günbatarda güýçli diasporalarynyň bolmagy olara öz milliligini saklamaga kömek edipdi. Ýöne köpler milliligi tarpdan gurup başlamaly bolupdylar.

De Waalyň aýtmagyna görä, kähalatlarda bu proses demokratiýa tarap gitmekden ötri, ters ugur boýunça hereket edipdir. Ol käbir ýurtlar häzirkisinden tapawutlylykda sowet döwründe has demokratdy diýen pikirde: “Gürrüňsiz, Azerbaýjanda demokratiýanyň häzirki derejesi 20 ýyl mundan öňküsinden pes. Belarus hem şeýle. Elbetde, hökümetiň güýji we gündelik işler boýunça öňegidişligiň bar bolmagy mümkin. Ýöne demokratiýa nukdaý nazaryndan çen tutulsa, olar yza tarap hereket etdiler. Munuň anyk mysaly Türkmenistandyr. Bu ýurt 1985-nji ýylda häzirkisindan has erkindi”.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan 20 ýylyň geçmegi bilen region “ozalky Sowet Soýuzy” döwründen “post-öňki sowet zamanasyna” girdi. Biri-birinden tapawutly 15 sany döwlet - bularyň her biriniň indi öz daşary syýasaty, içerki sosial-syýasy durky bar.
XS
SM
MD
LG