Soňky iki aý bäri tebigy gazyň üstünde dowam edýän gapma-garşylyklar we ýurtlaryň öz milli telewideniýeleri arkaly birek-biregiň adyna gönükdirýän tankytlary Kremliň Lukaşenkodan göwnüniň geçenligi barada pikir döredýär.
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko uzak wagtyň dowamynda Moskwanyň postsowet giňişligindäki iň ynamdar hyzmatdaşlarynyň biri bolupdy. Emma häzirki wagtda Orsýet sabyr käsesiniň dolanlygyny mälim edýär.
Soňky döwürde Lukaşenkonyň Günbatar babatdaky syýasatyny ýumşatmagy, Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny ykrar etmekden ýüz öwürmegi we Orsýetden gazyň bahasynyň peseldilmegini talap etmegi Kremliň göwnünden turmady.
“Propagandistik uruş”
4-nji iýulda Gazpromyň eýeçiligindäki NTV telekompaniýasy Lukaşenko barada dokumental film görkezdi. Filmde Lukaşenkonyň Günbatar metbugatynda “Ýewropanyň iň soňky diktatory” diýlip atlandyrylýanlygy we Lukaşenkonyň özüni belarus halkynyň atasy hasap edýanligi bellenýär.
Filmde 1990-njy ýyllaryň aýagynda ýitirim bolan belarus oppozisionerleri barada gürrüň berilýär we olaryň döwletiň goly astyndaky jezalandyryjy güýçleriň pidasy bolanlygy baradaky çaklamalar öňe sürülýär.
Şeýle hem filmde Aleksandr Lukaşenkonyň şahsy durmuşy barada maglumat berilýär. Orsýet tarapyndan Belarusa milliardlarça dollarlyk goldawyň berlenligi hem ýatlanyp geçilýär.
Ors telewideniýesindäki çykyşlara jogap hökmünde Belarus özüniň döwlet telewideniýesinde Kremliň ýiti garşydaşy, Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň interwýusyny efire berdi.
Saakaşwili Aleksandr Lukaşenkonyň adyna Abhaziýany we Günorta Osetiýany ykrar etmänligi üçin minnetdarlyk bildirdi we ors häkimiýetlerini Belarusa garşy “propagandistik uruş” alyp barmakda aýyplady.
Saakaşwili žurnalist Anna Politkowskaýanyň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Natalýa Estemirowanyň ölüminiň üstüniň heniz açylmanlygyny belläp, Orsýetiň hiç bir ýurduň adam hukuklarynyň ýagdaýyny ýazgarmaga hakynyň ýokdugyny aýtdy.
Munuň yzýany NTV telekanaly Aleksandr Lukaşenko baradaky dokumental filmiň dowamyny görkezip, Belarusyň prezidentiniň ors oligarhy Boris Berezowskiý we Gyrgyzstanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew bilen aragatnaşygyk saklaýanlygyna ünsi çekdi.
Gaz we prezidentlik saýlawlary
Orsýet bilen Belarusyň arasyndaky dowam edýän gapma-garşylyklar iýun aýynda başlanan gazyň nyrhy boýunça dawanyň yzýany ýüze çykyp, indiki ýylyň başynda Belarusda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýany alnyp barylýar.
Belarusyň oppozision Halk fronty toparynyň lideri Alýakseý Ýanukewiç Orsýetiň telewideniýesiniň görkezen dokumental filmine Moskwanyň Lukaşenkony häkimiýet başyndan çetleşdirmek isleýanliginiň alamaty hökmünde garaýar.
Minskde ýerleşýän Strategiýa analiz merkeziniň müdiri Leonid Zaýkaniň pikirine görä, Kreml Belarusy arzan energiýadan mahrum etmek we prezidentlige alternatiw dalaşgäri gizlin goldamak arkaly Lukaşenkony häkimiýetden çetleşdirmek boýunça ýörite operasiýasyny alyp barýar.
Zaýkanyň pikirine görä, Lukaşenko ses berişlikde özüni dördünji sapar ýeňiji diýip atlandyrsa, Günbataryň Lukaşenkonyň gaýtadan saýlanmagyny kanuny diýip ykrar etmekden ýüz öwürmegine Orsýetiň hem goşulmagy Moskwanyň strategiýasynyň kanuny ýagdaýda başa barmagyna ýol açyp biler.