17-nji awgustda Günorta Sibirde bolan güýçli partlama zerarly zawodyň diwarlary ýykylyp, turbina otagyny suw basdy. Hepdäniň penşenbe güni irden 17 işgäriň heläk bolanlygy we ýene 58 adamyň tapylmanlygy tassyklanyldy. Ýitirim bolan işgärleriň garyndaşlary bu pajygaly waka barada hakykaty aýtmagy häkimiýetlerden talap etdiler we halas etmek boýunça operasiýalaryň gidişiniñ derejesine şübhe bildirdiler.
Orsýetiň iň uly elektrostansiýalarynyň biri bolan Saýano-Şuşen gidroelektrostansiýasynyň harabalygynda diri adamlaryň bolmagy ahmal diýip, alada bildiren žurnalistleriň biri häzir tussag edildi.
Mihail Afanasýew tussaglykda
Orsýetiň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, “Nowyý Fokus” Internet gazetiniň baş redaktory Mihail Afanasýew Abakan şäherinde milisiýa tarapyndan saklanýar. Ol zawodyň dolandyrylmagy we halas ediş çäreleri barada galp maglumat bermekde we töhmet atmakda aýyplanýar.
Tussag edilmeginiň öňüsyrasynda Afanasýew “Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy” bilen söhbetdeşlikde Saýano-Şuşen elektrostansiýasynyň suw alan gatyndan aşakda diri adamlaryň bardygyny aýdypdy we adamlary halas etmek üçin wagtyň azalýanlygyny belläpdi: “Biziň pikirimizçe we garyndaşlarda hem stansiýada işleýänlerden gowuşýan maglumatlara görä, diri adamlar bar. Hiç bolmanda düýn giç aşgama çenli tarkyldy eşidilipdir. Munuň bilen baglylykda meni bu gün prokuratura çagyrdylar we düşündiriş talap etdiler. Ministriň galp maglumat bereni jezalandyrmak baradaky çagyryşy eşidildi diýip, pikir edýärin”.
Mihail Afanasýew, şeýle-de, şu hepdede häkimiýetleri betbagytçylyk barada hakykaty ýaşyrmakda aýyplap, ýaýradylan elektron hata gol çekenleriň biri.
Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, guwwaslar zawody basan sowuk suwda diri galanlary agtarmak işini dowam etdirýärler. Emma diri adamlaryň tapyljagyna ynamsyz garaýarlar.
Öňki betbagtçylygy ýada saldy
Çykyp bilmän, tarkyldy bilen özleriniň diridigini mälim etmäge we şeýdip, halas edijileriň ünsüni çekmäge synanyşýan adamlar baradaky habarlar 2000-nji ýylyň awgust aýynda Orsýetde bolan “Kursk” suwasty gämisiniň betbagtçylygyny ýada saldy. “Kursk” Barentsewo deňzinde partlama sebäpli gark bolup, onuň 118 adamdan ybarat komandasy heläk bolupdy. Partlamadan soň “Kurskyň” diri galan komanda agzalary gäminiň demir diwarlaryny tarkyldatmak arkaly özleriniň diridigini halas edijilere mälim edipdiler.
“Kursk” gämisiniň betbagtçylygy şol wagtda ýaňy prezidentlik wezipesine saýlanan Wladimri Putiniň häkimiýet başyndaky ilkinji ýylynyň esasy syýasy şowsuzlygy bolupdy. Halas ediji çäreleriň dowamynda Putin özüniň gara deňizdäki rezidensiýasynda myhman kabul etmek bilen meşgullanypdy.
Ýaramaz syýasy täsir
Saýano-Şuşen gidroelektrostansiýasyndaky partlamanyň hem Orsýetiň prezidenti D.Medwedewe we premýer-ministri Wladimir Putine ýaramaz syýasy täsir ýetirip biljege meňzeýär. Emma häzirki wagtda stansiýada ölenleriň we ýitirim bolanlaryň garyndaşlarynyň gahar-gazaby ýerli hekimiýetlere gönükdirilýär. Olar Hakasiýanyň gubernatory Wiktor Zimin bilen 19-njy awgustda bolan duşuşykda zawodyň we döwletiň ýolbaşçylaryny howpsuzlyk çäreleriniň üpjün edilmänliginde aýypladylar.
Hepdäniň duşenbe güni betbagtçylygyň yz ýany D.Medwedew degişli ministrlikleriň ýolbaşçylaryna ýagdaýdan çykalga tapmakda olaryň doly jogapkär boljagyny duýdurdy. Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Sergeý Şoýgu we Energetika ministri Sergeý Şmatko häzir betbagtçylygyň ýüze çykan Hakasiýa regionynda.
Şmatkonyň žurnalistlere aýtmagyna görä, häkimiýetler häzir alasarmyk ýagdaýda: “Bu adatdan daşary we hatda seýrek duş gelýän ýagdaý. Bu dünýä boýunça gidroenergetikada bolan iň uly we düşnüksiz awariýadyr. 800 tonnalyk turbinanyň gapagynyň partlamagy… Biz şeýle netijä getiren güýçleriň sebäplerine düşünemzok. Bu ýerde gowy spesialistler işlemeli” diýip, Orsýetiň Energetika ministri aýtdy.