Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýa sakgalyňy syrarsyň, ýa-da 15 gün türmä basylarsyň". Daşkentde sakgal goýberýänlere garşy ýene barlag başlandy


Daşkentdäki «Malika» bazary
Daşkentdäki «Malika» bazary

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň halk arasynda "Malika" ady bilen meşhur bolan elektronika bazarynda, sakgala garşy nobatdaky barlaglaryň geçirilendigini habar berdiler. Soňky ýyllarda sakgally adamlara garşy birnäçe hüjüm guraldy.

Sakgallylar milisiýa barmaly

Iki sany biri-birinden aýry telekeçiniň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna habar bermegine görä, “Malika” bazarynda hojalyk tehnikalary we elektron enjamlary satylýan merkezde, 2-nji fewralda sakgallylara garşy geçirilen soňky reýdiň dowamynda, azyndan 10 adam saklanypdyr. Olaryň ählisini soňra Daşkendiň içeri işler edarasynyň Şaýhantahur etrap bölüminiň jenaýatyň öňüni alyş merkezine alyp gidipdirler.

– Juma namazyndan soň, milisiýa işgärleri ondan gowrak sakgally ýigitleri tussag etdiler. Olary etrabyň içeri işler bölümine eltip, sakgallaryny syrmaga mejbur edipdirler. «Ýa sakgalyňy syrýarsyň, ýa-da 15 gün türmä basylarsyň» diýip gorkuzypdyrlar – diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan söwdagärleriň biri aýtdy.

– Reýdler bazarda her anna güni diýen ýaly geçirilýär. Olar sakgalyny sähel ösdüren adamy görseler, derrew ony syrmagy talap edýärler. Eger uzyn sakgally bolsa, ony bölüme äkidip, sakgalyny syrmaga mejbur edýärler – diýip, “Malika” bazarynda hojalyk tehnikasyny we elektron enjamlaryny satýan başga bir söwdagär aýdýar.

Reýdler dowamynda saklananlaryň aýtmagyna görä, sakgaly diňe dini ynançlary sebäpli syrdyrýarlar.

“Malika” bazarynyň ýerleşýän töweregine gözegçilik edýän etrap inspektory sakgala garşy göreş maglumatlary inkär etdi.

– Biz juma günleri metjitde namaz wagty hiç hili waka bolmaz ýaly, bazaryň töwereklerini goraýarys. Munuň üçin adamlar bize minnetdarlyk bildirýärler. Belki-de, şol döwürde sakgally ogrulary saklanandyr. Şaýhantahur etrapçasynda dine ynanýanlar kän, olar arkaýyn namaz okaýarlar. Hiç kim olara päsgel bermeýär – diýip, Azatlyk bilen gürleşen inspektor aýtdy.

Munuň “Malika” bazarynda sakgally adamlara garşy ilkinji hüjümler däldigini bellemek gerek. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda, bu bazarda onlarça reýd guraldy. Barlag wagty saklananlar milisiýa bölümlerine äkidilip, tussag etmek haýbaty astynda, sakgallaryny syrmaga mejbur edipdiler. Bu bolsa dine ynanýanlar tarapyndan, nägilelige sebäp boldy we hukuk goraýjy guramalar bu ýagdaýy gaýta-gaýta tankyt edip gelýärler.

Emma Özbegistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda sakgal goýberýänlere hiç hili çäklendirme girizilmeýändigini öňe sürmegini dowam etdirýär hem-de kanun goraýjylaryň sakgally raýatlary anyklamak üçin, barlag geçirmeýändigini aýdýar.

Özbegistanyň IIM reýdler baradaky maglumaty inkär edýär

Iki ýyl mundan ozal geçirilen reýdler we sakgal goýbermegiň gadagan edilmegi baradaky žurnalistleriň soraglaryna Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Şohruh Giýasow şeýle jogap beripdi: «Bizde graždanlaryň ynançlaryna hiç hili çäklendirme ýok. Sakgal goýbermek ýa-da goýbermezlik, her graždanyň özüne, onuň imanyna bagly. Muňa goşulmaga hiç kimiň haky ýokdur».

Şonda Giýasow erkek adamlaryň hukuklary bozulan bolsa, şikaýat edip biljekdigini hem sözüne goşdy. «Eger graždanlar konstitusion hukuklarynyň bozulandygyny bilseler, bellenilen tertipde şikaýat edip biljekdigini size ýatladýarys» diýipdi.

Daşkent şäherinde ýerleşýän "Ezgulik" adam hukuklary jemgyýetiniň başlygy Abdurahmon Taşanowyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň güýç ulanyjy edaralary sakgala dini radikalizmiň alamaty hökmünde garaýar. Şonuň üçinem sakgally adamlar hemişe ýörite gulluklaryň nazarynda bolýarlar.

– Sakgal goýbermek her kimiň şahsy meselesi. Şonuň üçinem kimdir birini sakgal goýberendigi üçin aýyplamak ýa-da ony syrmaga mejbur etmek nädogry. Emma biziň ýurdumyzda sakgal radikal yslamyň alamaty hökmünde görülýär we sakgally adamlara bolsa biraz gorkuly garalýar – diýip, hukuk goraýjy aýdýar.

Sakgala garşy göreş hemme ýerde deň däl

Adam hukuklaryny goraýjylaryň ýene biri ferganaly Abdusalom Ergaçew sakgallylara garşy göreş kampaniýasynyň Özbegistanyň ähli ýerinde alnyp barylýandygy bilen ylalaşmaýar.

– Biz “Malika” bazarynda sakgallylara garşy reýdleriň bolup durýandygyny eşidýäris. Meniň pikirimçe, ol diňe bazaryň territoriýasyna gözegçilik edýän içeri işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özbaşdaklygy bolsa gerek. Mysal üçin, Ferganada sakgala ýa-da hijaba gadaganlyk ýok – diýip, hukuk goraýjy belleýär.

Sakgala garşy göreş Özbegistanda iki onýyllykdan öňräk, Yslam Kerimowyň prezidentligi döwründe başlanypdy. 1999-njy ýylda hökümete degişli obýektleri, şol sanda hökümetiň baş edarasyny nazara alan tapgyrlaýyn bolan partlamalardan soň, Özbegistanda sakgal goýbermek hem-de jemgyýetçilik ýerlerine hijaply barmak gadagan edildi.

2016-njy ýylda häkimiýet başyna Şawkat Mirziýoýewiň gelmegi bilen dini azatlyklara girizilen çäklendirmeleri gowşatmak ugrunda käbir işleriň edilýändigini synçylar aýdyp başladylar. Meselem, metjitlerde azan sesini gataldyjy enjamlar Kerimow döwründe gadagan edilenem bolsa, oňa rugsat berildi. Türmelerden din işleri bilen baglanyşykly madda esasynda basylan bir ýarym müňden gowak tussag boşadyldy. Din bilen baglanyşykly gara sanawa girizilen 16 müň çemesi adama ýurduň çäginden daşary çykmaga rugsat edildi.

Şotlandiýanyň Sent-Andreýs uniwersitetiniň Terrorçylyk we syýasy zorlugy öwreniş merkeziniň barlagçysy professor Noah Takeriň pikirine görä, prezident Şawkat Mirziýoýewiň dini azatlyk ulgamyndaky tagallalaryna garamazdan, ýurt Kerimowdan galan “mirasdan” doly saplanyp bilmän gelýär.

– Soňky gezek men Özbegistanda bolanymda, Daşkendiň köçelerinde, Andijan ýa-da Buhara, mysal üçin, köne Daşkentde, sakgally, başy ýaglykly zenanlaryň köpüsini gördüm. Kanunda muňa çäklendirmeler bolsa-da, hijaply mekdepde barýan gyzlaram bar. Çünki kanunyň özi düşnüksiz. Özbegistanda adamlaryň öňküsinden azda-kände erkin ýaşap başlandygyny aýtmak isleýärin, men oňa öňe gidişlik diýip bilerdim. Ýöne şol wagtyň özünde, biz erkekleriň sakgallaryny syrmaga mejbur edilmeginiň aýratyn ýagdaýlaryna göz ýumup bilmeris – diýip, Taker aýdýar.

Özbek häkimiýetleriniň we kanun goraýjy edaralaryň din simwoly hasaplanýan sakgal we hijap geýmäge garşy alyp barýan kampaniýasy halkara jemgyýetçiligi, şol sanda ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan ençeme gezek tankyt edildi.

2022-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky Özbegistandaky ilçisi Daniýel Rozenblum hem kanun goraýjy işgärleriň musulman ýigitlerini sakgalyny syrmaga mejbur edendigi baradaky habarlary ýazgardy.

«Polisiýa işgärleri erkekleriň sakgalyny zor bilen syrdyrýarlar. Amerika bu hereketler barada alada bildirýär» diýip, ilçi Daşkentde geçirilen metbugat ýygnagynda aýdy.

Daniýel Rozenblum soňky ýyllaryň dowamynda, Özbegistanda dini azatlyklaryň bozulmagy ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleri ýoga çykaryp biler diýip belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG