Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bürenjekler, sakgallar, "Talybana" raýdaşlyk: Özbegistanyň yslamlaşmagy we rus jemgyýetleriniň gorkusy


Özbek aýallary. Illýustrasiýa suraty.
Özbek aýallary. Illýustrasiýa suraty.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwründe yslam dini babatynda has liberal syýasat başlandy we Owganystanyň “Talyban” tarapyndan ele geçirilmegi ýurtda yslamlaşmagyň ýokarlanmagyna sebäp boldy, munuň özi köp adamy alada goýup, şol sanda rus ilatynyň azalmagyny getirdi.

Sergeý Özbegistanyň Namangan şäherinde ösüp ulaldy. Onlarça ýyllap Sowetleriň dolandyryşyna garamazdan, ol ýer musulman däp-dessurlaryny saklap geldi hem Merkezi Aziýanyň iň barlyşyksyz iki jihadçysy şol ýerde doguldy.

1980-nji ýyllarda Sergeý entek mekdepde okaýarka, ýaş kommunist bolmaga taýynlanýarka, bazara gelip, bürenjek atynmaga het eden özbek aýalynyň başyndan, bürenjegi zor bilen aýyrmagy buýurdylar.

Häkimiýetler aýal-gyzlaryň atynýan gara hem şekilsiz perenjisini "orta asyr nadanlygynyň" alamaty hökmünde ýazgarýardylar, perenjiniň ýüzündäki at ýalyndan örülen gözenegiň aňrysyndan, aýallaryň ýüzi hem gözi görünmeýärdi.

Hökümetiň şular ýaly yslam geýimlerine garşy alyp barýan kampaniýalary aýal-gyzlara ýokary bilim bermek we olaryň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etmek tagallalary bilen utgaşdyryldy. Bu çäreler "Gündogar aýallarynyň oýanmagy" hökmünde garşylandy.

Kitap dükanynyň eýesi Sergeý: "Köp gykylyklar hem protestler bolup geçdi, men [bürenjegiň] gaýdyp geljekdigini asla pikir etmändim" diýýär.

Ýöne takmynan dört onýyllykdan soň bu eşikler, 36 million çemesi ilaty bolan Merkezi Aziýanyň iň gür ilatly ýurdy Özbegistanda çalt yslamlaşmagyň aýdyň mysaly hökmünde peýda bolup başlady.

Yslamlaşma goňşy Owganystanda “Talybanyň” gaýtadan dolanmagy baradaky hakyky ýa-da çak edilýän howp bilen utgaşyp, köp adamy gorkuzdy, Özbegistandaky etniki ruslaryň we rus dilinde gürleýänleriň arasynda howsala döretdi.

Olaryň käbirleri göçmek hyýalyna geldiler, göçmek pikirini ençeme ýyl bäri ret edip gelýän Sergeý hem Russiýa ýa başga bir ýere göçmegi ýüregine düwdi.

Ýaňadan oýanyşmy ýa-da barlyşyksyz hereket?

Paýtagt Daşkentde perenji seýrek bolsa-da, aýallaryň köpüsi, şol sanda ýaş gyzlar hijap atynýarlar.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hökümeti iýul aýynda köpçülik ýerlerinde hijap atynmak baradaky gadaganlygy ýatyraly bäri, olaryň sany barha artdy.

Köp erkekler gür we uzyn sakgal goýberýärler. Beýle ýagdaý 1991-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň döwründe mümkin däldi, hatda howply hasaplandy.

Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow, 2015-nji ýyl.
Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow, 2015-nji ýyl.

Şol döwürlerde ynsan hukuklaryny goraýjy toparlaryň we günbatarly synçylaryň aýtmagyna görä, hökümet tarapyndan tassyklanan metjitleriň daşynda, öz dini ynançlaryny berjaý edýän müňlerçe musulmanyň tussag edilendigini çaklaýarlar. Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna gelenden soň, tussag edilen musulmanlaryň we dünýewi dissidentleriň köpüsini türmeden halas etdi we din meselesindäki çäklendirmeleri kem-kemden ýeňilleşdirdi. Ýöne ol bu syýasatdan golaýda yza çekildi: yslamçy diýlip güman edilýän bir topar adam tussag edildi. Bu ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň hasabatynda hem bellendi.

Bu hereketler, şübhesiz, ýurtda çalt yslamlaşma sebäpli edildi.

"Radikallaşýan ýaşlaryň sany artýar, muny bolsa hökümet [gytaklaýyn] öz [syýasaty bilen] höweslendirýär" diýip, Özbegistanda oppozisiýadaky “Erkin fermerler” partiýasyny esaslandyrandan soň, 2005-nji ýylda ýurtdan çykmaga mejbur bolan Nigara Hidaýatowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýdýar.

"Barha ösýän korrupsiýa, gowşak raýat jemgyýeti, ýaşlaryň sowatsyz bolmagy, bar ýerde bikanunçylygyň adalatsyzlyk bilen utgaşmagy partlamaga ýakyn bolan bulaşyklygy döredýär, oňa diňe uçgun degse bolany” diýip, Nigara Hidaýatowa hasap edýär.

«Talybandan» ruhlanmak

Golaýda bolup geçen başga bir waka – awgust aýynda “Talybanyň” Owganystany basyp almagy netijesinde ýurduň yslamlaşmak mümkinçiligi rus jemgyýetini alada goýýan esasy sebäp boldy. Häzir Özbegistanda takmynan 720 müň adam bar (1989-njy ýylda Özbegistan SSR-nde 1,65 million etnik rus bardy).

Käbir dinçi özbekler telegram-kanallarynda we sosial ulgamlarda uruş sebäpli heläk bolan ýurtdan amerikalylaryň çykarylmagyny we şerigat kanunlaryna esaslanýan owgan jemgyýetiniň döredilmegini goldaýandyklaryny aýtdylar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy hem-de 139 Documentary Center sungat galereýasynyň düýbüni tutujy Timir Karpow Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde, “talyban "ideýalarynyň" Özbegistanda hakyky goldaw tapandygyny aýtdy.

"Şonuň üçin [köp sanly etnik ruslar we rus dilinde gürleýänler] aladaly we goşlaryny taýýarlaýarlar" diýdi.

Ýaşululara däp bolan egin-eşikli adam. Daşkent, Özbegistan.
Ýaşululara däp bolan egin-eşikli adam. Daşkent, Özbegistan.

"Talyban" Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Moskwa öz delegasiýasyny iberip, puştunlaryň agdyklyk edýän hereketi indi Osama bin Laden ýaly halkara jihadçylary goldamajakdygyny we Owganystanyň azlykdaky halklaryna, şol sanda özbeklere we täjiklere adalatly çemeleşiljekdigini ynandyrmak islediler.

1999-njy ýylda “Talyban” tarapyndan goldanýan özbek yslamçy toparyň Gyrgyzystanyň günortasyndaky bir obany gysga wagtyň içinde basyp alyp, Fergana jülgesiniň özbek bölegine girmegi talap eden haýbatyny köp adam entek unudanok.

Bişkegiň we Daşkendiň gozgalaňçylaryň ahyr netijede “ýok edilendigi” baradaky aýdanlaryna garamazdan, bu waka etniki ruslaryň, rus dilli we hatda progressiw etniki özbekleriň göçmegine sebäp boldy.

«Mankurtlaşmak»

Meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow "Asyrdanam uzaga çeken gün” romanynda hakydasyny – oýlanmak ukybyny ýitiren guly suratlandyrmak üçin, "mankurt" adalgasy girizildi, onuň ýazmagyna görä, saçy syrylan guluň kellesinde düýe derisi geýdirilende, beýniniň aşa gysylmagy, saçyň tersine ösmegi zerarly agyr ejirden, ol öz hakydasyny ýitirýär.

Tutuş Merkezi Aziýadaky milletçiler bu gussaly adalgany öz etnik garyndaşlary, ýagny rus dilli gazaklaryň, gyrgyzlaryň, türkmenleriň we özbekleriň ýagdaýyny düşündirmek üçin ulanýarlar.

Sowet Özbegistany Ikinji jahan urşy döwründe faşistler SSSR-e çozup girende, uruşdan uzaga ewakuasiýa edilen ýüzlerçe müň etniki ruslary, ukrainleri we ýewreýleri öz içine alýan köp sanly migrasiýany kabul etdi.

Köp adamlar uruş gutarandan soňam bu yssy ýurtda galmagy makul bildiler, ähli sürgün edilen etnik toparlardan – Krym tatarlary, pontiý grekleri, Wolga nemesleri we Russiýanyň Uzak Gündogaryndan sürgün edilen koreýler muňa şaýat boldular. 1966-njy ýyldaky ýer titremesi Daşkentiň käbir böleklerini ýykypdy, şonda Sowet Soýuzynyň dürli künjeklerinden şäheri täzeden gurmaga kömek üçin, ýene on müňlerçe adam geldi.

"Sowetleşdirmek" ýerli ýaşaýjylaryň we gelenleriň ruslaşmagyna getirdi. Şäherli özbekleriň köpüsi çagalaryny rus dilindäki mekdeplere iberdi. Özbekleriň her biri diýen ýaly iki ýyllyk hökmany harby gullugy başdan geçirdi, şol döwürde ähli aragatnaşyk rus dilinde bolýardy.

Özbekleri ägirt uly medeni mirasyndan mahrum eden beýleki bir möhüm faktor, Moskwa 1920-nji ýyllarda olaryň arap elipbiýini latyna çalşyrdy, soňra 1930-njy ýyllarda kiril – rus hatyna geçildi.

Arap dilini öwretmek Özbegistanyň diňe bir uniwersiteti bilen çäklenýärdi, SSSR-de ýeke-täk ylahyýet mekdebi Buharada işleýärdi. Hindistanyň premýer-ministri Lal Bahadur Şastri ýa-da boks çempiony Muhammet Aly ýaly ýokary derejeli we tanymal daşary ýurtly musulmanlara "din azatlygynyň" subutnamasy hökmünde, ol okuw jaýyny görkezýärdiler.

Ibn Sina ýaly Musulman Galkynyş zamanasynyň şahsyýetleriniň ylahy eserleri özbekleriň nesilleri üçin elýeterli bolmady we adamlaryň dindarlygy esasan esasy dogalary we däp-dessurlary berjaý etmek bilen çäklendi.

Samarkantdaky Gur-Emir aramgähi. Özbegistan, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry.
Samarkantdaky Gur-Emir aramgähi. Özbegistan, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry.

Jihadyň gaýdyp gelmegi

Emma gür ilatly Fergana jülgesi ýaly ýerlerde yslam durmuşyň köp ugurlarynda dowam edipdi. Özbek jihadçylygynyň döremeginde sebitiň esasy şäherlerinden biri bolan Namangan aýratyn rol oýnady.

1981-1991-nji ýyllardaky Sowet-owgan urşy Merkezi Aziýadan bolan müňlerçe esgere örän çuňňur musulman dini jemgyýeti görmäge mümkinçilik berdi.

Namanganyň ýerli ýaşaýjylary we iki söweş weterany Tahyr Ýuldaş bilen Juma Namangany 1991-nji ýylda dogduk mekanynda şerigat kanunlarynyň girizilýändigini yglan etdiler. Prezident Kerimow gepleşiklere geleninde we namazdaky yslam düzgüninde ýalňyşlyk goýberende, ony aç-açan kemsitdiler.

Soňra Ýuldaş bilen Namangany “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly söweşjeň topary döretmek üçin, Owganystana gaçdylar. Olar 1999-njy ýylda Gyrgyzystana çozmagy gurnadylar. ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa garşy söweşde şehit boldular.

“Özbegistanyň Yslam hereketini” esaslandyryjylar ölenden birnäçe ýyl soň, onuň agzalarynyň köpüsi ekstremist “Yslam döwleti” toparyna wepaly bolmaga kasam etdiler. Häzirki wagtda olar “Talyban” bilen hereket edýän “Horasanyň yslam döwleti” toparyna öwrüldiler.

Özbegistandaky ruslar Owganystanda barýan göreşiň jikme-jiklikleri bilen hemişe tanyş däl, ýöne munuň özbekleriň dini duýgularyna nähili täsir edýändigini görýärler.

"Talybanyň" bu ýere şu gün gelmezligi mümkin, ýöne olar ýerli ýaşaýjylaryň aňyna täsir edýär" diýip, Sergeýiň giýewisi Fýodor Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ol hem Russiýa gitmek üçin, goşlaryny taýýarlaýar, muňa jemgyýetiň yslamlaşmagyny esasy sebäp edip görkezýär. Ol kiçijik neşirýatyny we elita toplumdaky kwartirasyny satmaga taýyn.

Fýodor bäş ýaşly gyzy Polinanyň geljegi barada alada edýär, çagalar synpynda ol ýeke-täk rus gyzjagazy bolup galdy.

"Oňa oýnamaga ýoldaş ýok" diýip, Fýodor aýdýar. Ol gyzjagaz häzirlikçe akylly telefonlarda goýulýan rus dilindäki multfilmlere tomaşa edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG