Soňky hepdede ýurduň dürli sebitlerinde hususy dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň ýapyk durmagy ilat köpçüligine erbet täsir ýetirdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň bu barada beren maglumatlaryna görä, agşamlaryna we gijelerine işleýän dükanlardan ilatyň uly bölegi peýdalanýardy. Awtoýuwalgalara-da uly zerurlyk döreýär.
Azyk dükanlarynyň ýapylmagynyň täsiri hususan-da, Oraza aýynyň dowamynda has köp duýulypdyr.
Çeşmeleriň sözlerine görä, soňky günlerinde agşamlaryna we gijelerine kireý üçin taksi hyzmatlaryny ýerine ýetirýän sürüjiler, şeýle hem garaňky gijä çenli dürli önümçiliklerde, kärhanalarda we hususy ýaşaýyş-durmuş işlerinde zähmet çekýän işçi gatlagyň wekilleri üçin agşam we gije işleýän dükanlar azyk önümlerini we iň wajyp hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýeke-täk mümkinçilik bolupdy.
Hususy dükanlaryň ençemesi martyň aýagynda ýurduň birnäçe regionynda - Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda, şeýle-de paýtagt Aşgabatda ýapylypdy.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň soňky günlerde gürrüň bermegine görä, dükanlaryň şeýle köpçülikleýin görnüşde ýapmagy il arasynda, hususan-da, gijelerine we agşamlaryna agyr zähmetde işlemäge mejbur bolýan raýatlar üçin uly nogsanlyklary döredipdir.
"Oraza aýynda agşamlaryna we gijelerine köp adam derhal iş bilen, myhmançylyk we beýleki aladalar bilen köçä çykmaly boldular, şeýle pursatda daň säherdäki agyz beklenýän wagta çenli remezanly adamlar iň bärkisi gerekli çöregini ýa suwuny hem alyp bilmediler" diýip, welaýat ýaşaýjysy aýdýar.
Gündizlerine işleýän dükanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp bilmeýän adamlaryň arasynda, hususan-da, ýarym sutkalap, sutkalap agyr işlerde, ammarlarda, bejergi we hyzmat ediş nokatlarynda bejeriş, remont işleri bilen meşgullanýan raýatlar bar. Olar üçin agşam we gije işleýän dükanlaryň ýapylmagy köp bökdençliklere getirýär.
Şeýle-de, çeşmeleriň sözlerine görä, awtoýuwalgalaryň ýapylmagy hem ilaty köseýär, ilkinji nobatda sürüjiler gaty kösenýärler.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan aşgabatly sürüjileriň sözlerine görä, käte bütin bir şäherçede, ýa-da kiçeňräk şäherde, ýa-da paýtagtyň giden bir etraplarynda ýekeje-de awtoýuwalga tapdyrmaýar. Bu hem, öz gezeginde, awtoulaglaryň PÝGG-nyň "gözüne düşmegine" getirýär.
"Bilşimiz ýaly, daş keşbi kir we hapalanan awtoulaglar ýol polisiýasynyň derrew ünsüni çekýär, netijede adaty sürüjilere dürli sebäpler bilen para ýa-da jerime haýbaty atylýar, bu hem raýatlaryň maşgala býujetine uly zarba bolýar" diýip, paýtagtly sürüji gürrüň berdi.
Türkmenistanda ýol polisiýasy awtoulaglaryň arassa bolmagyna birnäçe ýyl bäri berk gözegçilik edýär. Hatda sähelçe tozan yzy bolan awtoulaglar saklanyp jerimä sezewar edilýär. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, arassa awtoulaglaryň hem polisiýa tarapyndan saklanmagy seýrek däl, awtoulag "hapa" ýa-da döwlet belgileri "aýdyň görünmeýär" diýlip, sürüjilerden para alynmagyna bahana, ýa-da jerime ýazylmagyna esas bolup bilýär.
Nägilelik döreýär
Ýerli ýaşaýjylaryň özara gürrüňdeşliklerinde soňky bolup geçýän "ýapyş kampaniýasy" berk ýazgarylyp, kiçi telekeçilige we umuman raýatlara ykdysady urgy hökmünde häsiýetlendirilýär.
"Özara pikir alyşmalarda şeýle hili ýapmaklygyň kanuny taýdan hiç hili güýjüniň ýa-da sebäbiniň delillendirilmeýändigi aýdylyp, bu hereketiň öz gezeginde ýene bir gezek ýurtdaky hukuk we kanun normalarynyň hiç hili işlemeýändigini görkezýär" diýip, türkmenistanly çeşme aýdýar.
Şeýle-de, çeşmeler özara pikir alyşmalarda raýatlar şol bir wagtyň özünde "birinji maşgala" we ýokary derejeli döwlet emeldarlaryna ýakyn telekeçileriň dükanlaryna hem awtoýuwalgalaryna hiç hili "basyşyň" ýokdugyna üns berýärler diýýärler.
"Şeýle ýagdaýda öz-özünden ilat arasynda, diskussiýalara gatnaşýan raýatlaryň sözüne görä, 'ýurtda aç-açan deňsizligiň häkimiýet tarapyndan goldanylýandygy' hakynda pikirler orta atylýar. Ýatlasak, soňky 'ýapyş kampaniýasy' barada döwlet emeldarlary, resmi we hökümetçi habar beriş serişdeleri hiç hili düşündiriş ýa-da resmi beýanat bermediler" diýip, çeşme belledi.
Näme sebäp boldy?
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 27-nji martda beren maglumatyna görä, häkimiýetler gije işleýän hususy eýeçilikdäki awtoýuwalgalary we dükanlary ýapyp, olarda barlag geçirýändigini aýdypdy. Häkimiýet wekilleri bu çäreleriniň sebäbini “ýokary derejeli döwlet emeldarynyň geçen hepde ýary gije duýdansyz geçiren barlaglary” bilen düşündirýärler diýip, ýagdaýdan habarly çeşme 27-nji martda habar beripdi.
Azatlyk Radiosy dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň bir hepdä golaý wagt bäri ýapyk durmagynyň resmi sebäpleri barada türkmen häkimiýetlerinden kommentariý alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum