Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan çykjak bolýan raýatlardan SSSR döwründäki harby biletleri çalyşmak talap edilýär


Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň harbylary (arhiw suraty)
Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň harbylary (arhiw suraty)

Balkanyň migrasiýa gullugy SSSR döwründe gulluk eden raýatlaryň harby biletlerini harby bölümlere tabşyryp, täze harby biletlere çalyşmagyny talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň günbatar welaýatyndaky habarçysy 25-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Migrasiýa gullugy 51 ýaşly we ondan uly ýaşly raýatlardan harby biletlerini çalyşmagy, şeýle-de 53 ýaşy dolan erkek adamlardan harby wekillikde ätiýaçda durandygy hakdaky kepilnamany ýa-da harby ätiýaçdan çykaryldy, diýen resminamany getirmegi talap edýär.

Habarçymyz bilen gürleşen balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, raýatlar bu barada biometriki pasporty almak üçin migrasiýa gullugyna ýüz tutanda bilip galypdyr.

"Erkek raýatlar harby biletlerini woýenkomata tabşyryp, täze harby bilete çalyşmaly boldular" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýarlar.

Türkmenistanly erkek raýatlaryň arasynda 1973-nji ýylda dogulanlar SSSR döwründe harby gulluk eden ýurduň iň soňky nesili bolup, 1974-nji ýylda doglan erkek raýatlar garaşsyz Türkmenistanyň çäginde harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirip başladylar.

52 ýaşly balkanly ýaşaýjynyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, sol Türkmenistandan çykmak üçin biometriki pasporty almak ugurnda köp tagalla edip, ençeme wagtlap nobatyna garaşypdyr. Emma onuň nobaty ýetip, resminamalary tabşyrmaga geleninde täze talap barada bilip galypdyr.

"Men dogulyş şahadatnamamy täzeläp aldym, sebäbi SSSR döwrüniň dogulyş şahadatnamasyny migrasiýa gullugy indi kabul etmeýär. Türkmençe ýazylan dogulyş hakyndaky şahadatnamany Balkanabadyň nikany hasaba alyş edarasyndan para berip aldym, 10 günde çalyşyp berdiler. Emma indi ýene bir täze býurokratiýa böwet boldy. Woýenkomatdan täze harby bilet çykardyp almaly bu goşmaça wagt we pul ýitirmek bolýar" diýip, balkanabatly ýaşaýjy janygyp gürrüň berýär.

2023-nji ýylyň awgust aýynda ýurduň migrasiýa gulluklary raýatynyň ýurtdan çykmak we ýurda girmek üçin daşary ýurt pasportyny edinmegi üçin SSSR döwründe berlen dogluş hakynda şahadatnamalary kabul etmekden ýüz öwürip başlady. Şonda hem raýatlar täze talap barada migrasiýa gullugyna ýüz tutan wagtynda bilip galypdy.

Raýatlaryň biometriki pasporty edinmek üçin harby biletlerini çalyşmagyna degişli täze talap we onuň sebäpleri barada Balkan welaýatynyň migrasiýa wekillerinden resmi maglumat alyp bolmady.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary düzgünleriň üýtgäp durmagyndan nägile bolýarlar we özlerine dürli kynçylyklaryň döredilýändigini belleýärler.

"Türkmen hökümeti ýakyn taryhy üýtgedip ýazmaga çalyşýar. Raýatlyk pasportynda hem TSSR-de doglan diýen ýazuwlary doly aýyrdy. Ähli dokumentlerde döwrüň ýaşaýyş nokatlarynyň we köçeleriň adres atlary hem häzirki görnüşinde bellenýär" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy raýatlardan biometriki pasport almak üçin ýüz tutanda soraýan resminamalaryň düzümini yzly-yzyna üýtgedýär we täze talaplary goşýar.

Türkmen hökümeti ilatyň migrasiýa akymyny görkezýän resmi sanlary çap etmese-de, biometriki pasporty almak isleýänleriň nobatlarynyň iki ýyla uzamagy we adamlaryň ähli talaplary berjaý etmäge razy bolmagy raýatlarda daşary ýurtlara gitmek islegleriň artmagyndan habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG