Daşary ýurtlara gitmekçi bolýan raýatlaryň Türkmenistanda duçar bolýan kynçylyklary dowam edýär we olara goşmaça täze päsgelçilikler goşulýar. Azatlygyň habarçylaryna mälim bolan täze ýagdaýlar banklardan kredit alan adamlaryň ýurduň daşyna çykarylmazlygyna degişli.
Orsýete, Türkiýä wiza alyp, Aşgabadyn howa menzilinde serhetden geçirilmän, daşary ýurt pasportyny elinden aldyran we yzyna Balkan welaýatyna dolanmaly bolan raýatlaryň sany köpelýär.
Balkandaky habarçymyzyň we ýagdaýdan habarly ýerli çeşmeleriň beren maglumatlaryna görä, aeroportda biometriki pasportyny elinden aldyran balkanlylar munuň sebäbini anyklamak üçin welaýatyň migrasiýa gullugyna baranlarynda olara bankdan karz alan puluny üstüne prosentleri bilen gaýdyp berenlerinden soň pasportunyň beriljegi aýdylýar.
"Daşary ýurtlara gitmekçi bolýan adamlar daşary ýurt pasportyny düzetmek, wiza almak, ýol kireýi we beýleki zerur çykdajylary üçin bankdan karz pul alýarlar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri aýtdy.
Soňky döwürde daşary ýurtlara gitmek üçin banklardan karz alýanlaryň arasynda oba ýaşaýjylary we kärendeçi daýhanlar köpeldi.
"Balkan welaýatynda ilatyň köpçülikleýin işsizliginiň artmagy we tebigy hadysalaryň, sil suwlarynyň mellek we ekin meýdanlaryndaky hasyly syryp, topraga garyp, weýran etmegi ilaty eklenç çeşmesinden mahrum etdi. Şol sebäpden ilat täjirçilik banklaryndan karzyna pul alyp, daşary ýurtlara gazanja gitmek niýeti bilen 20-30 müň manat möçberinde karz alýarlar" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.
Azatlyk bilen anonim gürleşen habarly çemeler banklarda karzy bolan adamlaryň sanawynyň migrasiýa gullugyna tabşyrylýandygyny, şeýlelikde şeýle raýatlaryň bergisini üzmezden daşary ýurtlara gitmeginiň öňüniň alynýandygyny mälim etdiler.
Şeýle-de çeşmeler, şu sebäpden migrasiýa gullugynyň işgärleriniň biometriki pasportyna eýe bolup, bankdan ýakynda kredit alan raýatlara jaň edip, pasportyny tabşyrmagy talap edýändigini bellediler.
"Şol sebäpden migrasiýa gullugy banka bergidar raýatlaryň sanawy bilen daşary ýurt pasporty bar adamlaryň sanawyny deňeşdirip, iki sanawda bar bolan raýatlary migrasiýa gullugyna pasportyny alyp barmaga çagyrýarlar" diýip, çeşme aýdýar.
Balkan welaýatynyň migrasiýa gullugynyň talaby boýunça pasportyny alyp baran adamlaryň dokumentleriniň ellerinden alynmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi bolupdyr.
Azatlyk Radiosy bu düzgün barada welaýatyň migrasiýa gullugyndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda ilat arasynda daşary ýurtlara gazanja gitmek meýilleri artýarka, pasport, wiza almak işi gitdigiçe kynlaşýar we talaplar köpelýär. Emma dilden edilýän şeýle talaplaryň köpüsi barada ilat köpçüligi diňe kynçylyga duçar bolanda bilip galýar.
Mundan öň bankda karzyň bolmazlygy bilen bagly talap daşary ýurda gidýän adama kepil bolýan býujet işgärlerinden edilipdi.
Geçen ýylyň awgust aýynda dilden edilen şol düzgüne laýyklykda, daşary ýurda gitjek raýatyň yzyna dolanyp geljekdigine kepil bolmaly döwlet işgäriniň bankda karzynyň bolmazlygy talap edilipdi. Şonda habarçylarymyz agyr ykdysady krizisiň arasynda bankdan karz almadyk býujet işgärleriniň juda azdygyna ünsi çekipdi.
Raýatlaryň wiza almak işi hem kynlaşyp, çykdajylary artdy. Hususan-da, Aşgabatdaky türk konsullygyndan Türkiýä wiza almak üçin, ýüz tutulýan adamdan wizanyň görnüşine görä, 18 töweregi resminama talap edilýär.
Türkmen hökümeti migrasiýa bilen bagly meseleleri resmi derejede açyk agzamaýar. Bu aralykda çeşmelere görä, ähli resminamalaryny taýýarlap, daşary ýurda barýan türkmen raýatlarynyň onlarçasy günde serhediň daşyna çykmakda kynçylyk çekýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum