Maryda awtoulag şaýlaryny satýan hususy eýeçilikdäki dükanlar köpçülikleýin ýapyldy. Häkimiýetler bu çäräniň sebäbini aç-açan düşündirmezden, söwdagärlere dilden berýän maglumatynda diňe “gadagan” diýmek bilen çäklenýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji awgustda sebitden maglumat berdi.
“Polisiýa işgärleri awtoulag şaýlaryny satýan hususy eýeçilikdäki dükanlara aýlanyp, awto-bezeg ätiýaçlyk şaýlaryny satmagyň gadagandygyny aýdýarlar we dükanlary ýapdyrýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly bir söwdagär anonimlik şertinde aýtdy.
Şu hepdäniň başyndan bäri dowam edýän bu çäräniň çäginde ululy-kiçili onlarça dükan ýapyldy. Bular welaýatyň Mary, Ýolöten, Türkmengala we Baýramaly şäherlerinde ýerleşýärdi.
“Käbir söwdagärler özleriniň awtoulaglaryň diňe magnitofonlaryny, çyralaryny, salon çeholuny satýandygyny aýdyp, dükanlaryny ýapdyrmajak boldular. Ýöne polisiýa işgärleri olara hem diňe “bolanokmy, bolanok” diýip jogap berdiler we başga-da düşündiriş bermediler” diýip, türkmengalaly söwdagär anonimlik şertinde aýtdy.
Dükan eýeleriniň tassyklamagyna görä, bu çäräniň netijesinde özleri bilen bir hatarda, başga-da ýüzlerçe işgär işsiz we eklençsiz galdy.
Ýerli häkimiýetler bu çäreleriň sebäbini aç-açan düşündirmeýär. Olar bu gadagançylygyň wagtlaýyn çäremi ýa-da däldigi barada hem hiç zat aýtmaýarlar.
Ýöne Marynyň polisiýa bölümleriniň biriniň işgäriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, çäreler häkimiýetleriň awtoulaglardaky goşmaça ätiýaçlyk şaýlaryna garşy göreşini güýçlendirmegi bilen baglanyşykly.
“Welaýat ýol polisiýasynyň duralgasy awtoulaglardan dolupdyr. Bu ulaglaryň zawoddan çykarylanda goýlan şaýlarynyň, enjamlarynyň, bezegleriniň käbirleri goşmaça abzallara çalşylypdyr we olar şol sebäpli saklanypdyr. Häzir bu ätiýaçlyk şaýlaryny satýan dükanlara garşy hem göreş alnyp barylýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden we Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýöne bu waka, Maryda gara reňkli detallary bolan, ýa-da goşmaça abzallar bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglara gözegçiligiň güýçlendirilmeginden bir aý çemesi soňa gabat geldi.
“Awtoulagyň islendik böleginde gara reňk bar bolsa, ýa-da awtoulaglardaky teker diskalary, radiator gözenekleri (örtükleri), yzy görüş aýnalary goşmaça abzallar bilen enjamlaşdyrylan bolsa, awtoulaglary göni jerime duralgalaryna alyp gitmek boýunça talaplar güýçlendi” diýip, ýol gözegçiligi gullugynyň bir işgäri anonimlik şertinde 27-nji iýunda gürrüň beripdi.
Iýunyň ahyrynda Marydaky habarçylarymyz radio antennalaryny daşyna çykaran awtoulaglaryň jerime duralgalaryna äkidilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdylar.
Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň hususy awtoulaglary bilen bagly çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň ençemesini güýje girizdi.
Awtoulaglaryň öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk abzallar bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda aýnalaryň ýüzüne dürli örtükleriň tutulmagy, ses abzallarynyň ýerleşdirilmegi gadagan edilýär.
Ýurtda indi ýedi ýyldan gowrak wagt bäri gara, garamtyl we goýy reňklerdäki awtoulaglary sürmäge hem rugsat berilmeýär.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu gadagançylyk we çäklendirmeler boýunça resmi düşündiriş berip, maglumat ýaýratmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum