Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda soňky birnäçe gün bäri Internet torunyň nurbatlary berk towlanýar, petiklemeleriň gerimi giňeýär. Synçylar häkimiýetleriň Internet petiklemeleri bilen, aslynda, ýurduň ösüşini petikleýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji iýulda häzirki wagtda Türkmenistanda ozal erkin elýeterli bolan hytaý we türk söwda websaýtlarynyň açylmaýandygyny habar berdi. Ýöne diňe bir söwda sahypalary däl, eýsem, Aşgabatdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň websaýtlary hem VPN-siz açylmaýar.

“Daşary ýurt ilçihanalarynyň saýtlary açylmaýar, olaryň arasynda, hususan-da Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň web sahypasy köpler üçin möhüm bolup durýar” diýip, gaýtadan ýaýbaňlanýan petiklemelerden habarly bir çeşme aýdýar.

Ýaňy-ýakynda petiklenen daşary ýurt söwda saýtlaryndan daşary “audio kitaplar, aýdym-sazlar, oýunlar, kinofilm saýtlary, hatda howa maglumaty goşundylary hem açylmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, telefonlardaky goşundylar täzelenmeýär, soňky birnäçe gün bäri hatda elektron hatlaryň kabul edilendigi barada duýduryşlar hem gelmeýär.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Türkmenistanda Internet aragatnaşygynyň 23-nji iýuldan bäri has-da durnuksyzlaşandygyny, ozal elýeterli bolan VPN serwerleriniň we goşundylarynyň işlemegi bes edendigini habar berýär.

“Turkmen.news” neşiri 26-nji iýulda, ýurtda gaýtadan ýaýbaňlandyrylýan petiklemeleriň arasynda, Türkmenistanda petiklenýän iri serwerleriň, hosting kompaniýalarynyň we web hyzmatlarynyň salgylaryny çap etdi. Olaryň arasynda Amazon Web Services (AWS), Azure (Microsoft), Google Cloud Platform (GCP) we GoDaddy ýaly dünýä belli hosting kompaniýalary we web hyzmatlary bar.

Şol bir wagtda, garaşsyz neşiriň çap eden Türkmenistanda petikli Internet salgylarynyň sanawyna görä, Facebook, Instagram, Twitter, YouTube, WhatsApp, Telegram we Signal ýaly iri messenjerler we sosial torlar; Call of Duty: Warzone, Clash of Clans, Counter-Strike: Global Offensive, Fortnite, Minecraft, Roblox we Among Us ýaly oýunlar hem Türkmenistanda petik astynda galýar.

Ýogsa-da, mundan ozal, Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Çikago uniwersitetiniň hem-de Maryland uniwersitetiniň informasiýa tehnologiýalary boýunça hünärmenler toparynyň 2021-2022-nji ýyllar aralygynda geçiren barlaglary Türkmenistanda azyndan 122 müň domen salgysynyň petikli saklanýandygynyň üstüni açdy.

Bu aralykda, garaşsyz “Turkmen.news” neşiri petiklemeleri amal edýän, buýruk berýän we ýerine ýetirýän döwlet emeldarlarynyň we gullukçylarynyň şahsy maglumatlaryny anyklamak maksady bilen özüniň Telegram sahypasynda Bildiriş çap etdi we habarly adamlary Türkmenistanda petiklemeleri durmuşa geçirýänler barada özlerinde bar bolan maglumatlary paýlaşmaga çagyrdy.

Neşiriň baş redaktory Ruslan Mätiýew 28-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen häkimiýetleriniň Internete garşy söweş yglan edendiklerini hem-de, global aragatnaşyk asyrynda, Interneti petiklemek bilen, aslynda, olaryň milli ykdysadyýetiň ösüşine böwet bolýandyklaryny gürrüň berdi.

“Aslynda, Türkmenistanyň Kiberhowpsuzlyk gullugy [täze] petiklemeler bilen Internete garşy uruş yglan etdi” diýip, žurnalist aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti soňky ençeme ýyllardan bäri dürli pudaklaryň, hususan-da maliýe-ykdysady pudaklaryň digitallaşdyrylýandygyny öňe sürýär. Häkimiýetler ýurtdaky digitallaşdyrma tolkunlary barasyndaky çykyşlaryny täze derejelere çykaryp, täze açylan Arkadag şäherini “akylly” şäher yglan etdiler. Ýöne, akylly şäheriň açylyşyna-da, ýatlasak, Internet petiklemeleri kölege salypdy.

“[Türkmenistanda häzir] Internet ýok diýseň hem bolar, hiç zat açylanok, ne Internet arkaly poçtaňy barlap bolýar, ne howa maglumatyny alyp bolýar, sosial ulgamlar düýbünden açylanok” diýip, žurnalist aýtdy we “Türkmentelekom” kompaniýasynyň Internet aragatnaşyk hyzmatlaryna ýazylan adamlaryň işlemeýän hyzmatlar üçin aýda 150 manatdan 280 manada çenli töleg töleýändiklerini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda ýurt boýunça Internet petiklemeleriniň geriminiň giňeldilmegi, global aragatnaşygyň nurbatlarynyň towlanylmagy daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň ýurtda galan hossarlary bilen aragatnaşygyny, galyberse-de, daşary ýurtlarda zähmet çekýän türkmen migrantlarynyň ýurtda galan bala-çagalary we dogan-garyndaşlary bilen habarlaşmagyny bökdeýär.

Ruslan Mätiýew Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin resminama taýýarlaýan ýaş raýatlaryň, şeýle-de, ýurduň içinden daşary ýurtlara hyzmat hödürleýän kärhanalaryň uçdantutma Internet petiklemeleriniň pidasy bolýandyklaryny aýdýar.

“Kiberhowpsuzlyk gullugy Internete garşy göreşýär, petikleýär, hemme zady ýapýar, bekleýär. Şol gullugyň arkasynda adamlar bar, tehniki spesialistler bar, başlyklar bar, ‘olar’ bar, ‘bular’ bar” diýip, žurnalist aýtdy we täze girişen kampaniýalarynyň şeýle adamlaryň şahsyýetini anyklamagy maksat edinýändigini belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Neşir ýurt raýatlaryndan Interneti petikleýjiler barada maglumat ibermegi sorap, taýýarlan bildirişini 26-njy iýulda Telegram sahypasynda çap etdi. “Käbir maglumatlar bizde eýýäm bar. Şeýle maglumat bazasyny taýýarlamak üçin bize ýardam beriň! Türkmenistan öz “gahrymanlarynyň” familiýalaryny we ýüzlerini bilmeli” diýip, “Turkmen.news” özüniň Telegram kanalynda çap eden bildirişinde aýdýar.

Derňew žurnalistiniň sözlerine görä, bildirişiň çap edilmeginden entek bary-ýogy birnäçe gün geçendigine garamazdan, eýýäm petiklemeleri amal edýän resmi adamlar, hünärmenler barada käbir maglumatlar gelip gowşupdyr.

Mätiýew häkimiýetleriň uçdantutma Internet çäklendirmelerini “terrorçylyga” deňeýär we bu ýagdaýyň ilatyň elektrik energiýasyndan, içimlik agyz suwundan mahrum edilmegine barabardygyny aýdýar.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň sentýabrynda Kiberhowpsuzlyk hakynda kanun kabul edildi. Şeýle-de, soňky ýyllarda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzüminde Kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Türkmen metbugaty bu gullugyň kiber giňişlikde döwletiň we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdýar. Ýöne garaşsyz “Turkmen.news” neşiriniň baş redaktory gullugyň işgärleriniň halky global aragatnaşykdan mahrum edýändigini aýdýar.

“Muňa terrorçylyk diýseň hem bolýar, sebäbi aragatnaşygy kesýärler, adamlary, maşgalalary aragatnaşyksyz goýýarlar. Biz hem şoňa garşy çykjak bolýarys” diýip, Mätiýew aýtdy.

Globallaşan dünýäde Internet aragatnaşygy adam durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, banklar, hyzmat hödürleýän kärhanalar, hatda adamlaryň özara sosiallaşmalary Internet hyzmatlaryndan peýdalanýar. Türkmenistanyň hökümeti ýurtda hyzmatlar pudagynyň yzygiderli digitallaşdyrylýandygyny aýdýar, ýöne şol bir wagtda Internet çäklendirmeleriniň depginini gowşatmaýar.

Ýatlasak, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň media azatlygy wekili Tereza Ribeýro 10-njy iýulda Aşgabada amal eden saparynyň yz ýany, türkmen häkimiýetlerini media azatlygy babatda öz üstüne alan borçlaryny berjaý etmäge, Internet elýeterliligini çäklendirmezden ýola goýmaga çagyrdy.

Mätiýewe görä, ýurtda häzirki wagtda giň gerime eýe bolýan Internet petiklemeleri “döwlet howpsuzlygyna abanýan wehimlere garşy” diýlen “bahana” esasynda amal edilýär.

“Kiberhowpsuzlykda ýa-da Milli howpsuzlyk ministrliginde oturan başlyklar, hünärmenler ýurt baştutany [Serdar Berdimuhamedowa] we Halk maslahatynyň başlygy [Gurbanguly Berdimuhamedowa] ‘döwletiň howpsuzlygy howp astynda’ diýýärler. ‘Interneti kesmeli’ diýýärler, ‘ýapmaly’ diýýärler. Olar hem ‘bolýar’ diýýärler, ‘görmeli çäreleri görüň’ diýýärler” diýip, Mätiýew aýtdy.

Ýatlasak, mundan ozal, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň ýanwarynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşinde ýokary derejeli howpsuzlyk resmilerine Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini berk çäklendirmegi tabşyryk beripdi. Berdimuhamedow şonda öz talabyny milli howpsuzlyk, jemgyýetiň durnuklylygy we asudalygy bilen bagly aladalary bilen esaslandyrdy.

Mätiýewe görä, bu aladalar, aslynda, diňe ‘bahana’ bolup, Türkmenistanda häkimiýetler Interneti çäklendirmek bilen aslynda ösüşleriň öňüni baglaýarlar.

Türkmenistan 2022-nji ýylyň dekabrynda global Internet toruna bagly bolmadyk milli sanly toruny işläp düzýändigini yglan etdi. Ýurtdaky internet aragatnaşygynyň ýagdaýyny ýakyndan yzarlaýan žurnalist Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde “milli tory döretmegiň” mümkindigini, ýöne 21-nji asyrda bu toruň oňyn netijelere getirmejekdigini gürrüň berdi.

“Olar, elbetde, [Milli tory] döredip bilerler. Demirgazyk Koreýada-da şu wagt ýagdaý şeýle. Ýöne [milli tor] jemgyýetiň ösüşine öz täsirini ýetirermi!? Elbetde, ýetirer. Milli ykdysadyýete öz täsirini ýetirermi!? Elbetde, ýetirer!” diýip, žurnalist aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG