Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 1381 adama raýatlyk berýär


Türkmenistanyň pasporty.
Türkmenistanyň pasporty.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir müňden gowragyna raýatlyk bermek baradaky karara gol goýdy.

Bu kararyň kabul edilmegi, ýurtda müňlerçe adamyň raýatsyzlykdan kösenýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna yzygiderli maglumatlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

9-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisde Berdimuhamedow hökümetiň 11 aýda bitiren işleriniň netijelerini jemläp, “biz adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýäris” diýdi.

“Adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyna hormat goýýarys. Şoňa görä-de, biz 1381 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada karara geldik” diýip, türkmen lideri aýtdy.

26 milletiň wekilleri

Resmi metbugatyň maglumatynda raýatlyk almak üçin hödürlenýän adamlaryň dünýäniň 26 milletiniň wekilleridigi aýdylýar. Şeýle-de, habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistan 2011-2015-nji ýyllar aralygynda 5074 adama raýatlyk berdi.

Hökümet maslahatynda Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki halkara guramalary bilen birlikde “bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukugyny ýokary derejede üpjün etmek boýunça ulgamlaýyn esasda çäräniň görülýändigi” nygtalýar.

Görülýän bu çäreler barada resmi habarda anyk maglumat berilmese-de, Azatlyk Radiosyna ýurt içinden gowuşýan maglumatlarda, Türkmenistana daşardan gelen gelinleriň ýa-da etniki türkmenleriň müňlerçesiniň raýatlyk alyp bilmän, onlarça ýyllap kösenip gelýändikleri we bu sebäpli ençeme kösençlikler, şol sanda saglygyny bejertmekde, okuwa, işe ýerleşmekde we kadaly maşgala gurmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň ejesi özüniň we oglunyň indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri raýatlyk, pasport alyp bilmeýändigini aýtdy.

“Oglum işe ýerleşip bilmeýär”

1984-nji ýylda goňşy Özbegistana durmuşa çykansoň, 1993-nji ýylda yzyna Türkmenistana dolanan Allaşowyň ejesi özlerinde dokument bolmany sebäpli oglunyň hem günde-günaşa kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, şol sanda işe ýerleşip bilmän kösenýändigini gürrüň berdi.

1991-nji ýylda Täjigistandan Türkmenistana göçüp gelen türkmenlerden biri Hudaýguly Nazarow hem Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap hassahanasynda lukman bolup işleýän wagty, ýarawsyzlyk sanawynda oturanda “bikanun işden çykarylandygyny” aýdýar.

Ol bu wakadan soň, özüniň kazyýete ýüz tutandygyny we şondan soň “türme tussaglygyna” höküm edilip, özüne berlen türkmen raýatlygyndan hem mahrum edilendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň media serişdelerinde Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň agzasy bolmak arkaly ähliumumy halkara ýagdaýlaryna strategiki derejede gatnaşýandygyny iş ýüzünde esaslandyrýar diýilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda dokumentsiz ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň sany barada halk köpçüligine statistik maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG