Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde sürüjiler A-95 benzininiň hiliniň pes bolmagyndan hem-de ýangyç guýujy beketlerdäki hasaplaýjylaryň nätakyk işledilmeginden şikaýat edýärler.
“Men bir aý bäri, Türkmenabadyň ýangyç beketlerindäki A-95 benzininiň hiline üns berip gelýärin. Ulagym ýaňy-ýakynda birden takyrdap, ses edip başlady. Düýn ulagymy ussa görkezenimde, ‘ulagyň sweçasy zaýalanypdyr’ diýdiler. Ussa bakdaky benziniň nusgasyny alyp, aslynda onuň A-92 görnüşli benzin bolandygyny aýtdy” diýip, bir türkmenabatly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Awtoulag eýeleri ýangyç beketlerinde guýulýan benziniň möçberleriniň hem nätakyk hasaplanylýandygyny aýdýarlar.
Bir ulag sürüjisi öz ulagynyň 60 litr çemesi göwrümi bolan benzin bakyny dolduranda ýangyç bekedindäki hasaplaýjynyň ýalňyş sanlary görkezendigini gürrüň berýär.
“Ýangyç beketleri guýulýan benziniň göwrümini ýalňyş hasaplaýar. Bir hepde mundan ozal, ulagyma benzin aldym. Bagyň göwrümi 61 litr, ýangyç bekedindäki hasaplaýjy ulaga guýlan benziniň göwrümini 67 litr diýip görkezdi” diýip, ulag sürüjisi aýdýar.
Şeýle-de, awtoulag eýeleri önümleriň we hyzmatlaryň hiline esewan edýän “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň ýangyç beketlerinde ýol berilýän galplyga göz ýumýandygyny aýdýarlar. Olar bu gullugyň işgärlerini ýangyç beketleriniň ýolbaşçylaryndan para almakda aýyplaýarlar.
Türkmenabadyň etrapçalarynyň birinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir awtoulag ussasy bu barada şeýle diýdi:
“Döwlet standart gullugy benzin beketlerindäki ölçeýjileriň galplaşdyrylmagyna göz ýumýar. Beketleriň ‘kalibrowkasyndaky’ näsazlyklara seretmeýärler. Beketleriň başlyklaryndan para alyp, bu ýagdaýa göz ýumýarlar. Şeýlelikde, ýene-de ýönekeý adamlar kösenýär. Arzyňy kime aýtjak!? Meniň özüm şu mesele boýunça prokuratura arz etdim. Meniň arz-şikaýatlaryma jogap bermekden geçen, döwletiň standart gullugyna töhmet atdyň diýip, maňa jenaýat jogapkärçiligine çekmek haýbatyny atdylar. Men näme edeýin, men bir ýönekeý adam, maňa bir zat bolsa, maýyp ejemi we çagalykdan ejesiz galan çagamy kim eklär!?” diýip, bir ulag ussasy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen ýylyň aprel aýynda Lebap welaýatynyň ýangyç beketleriniň A-95 benzinini satmaga niýetlenen bölümlerinde A-92 benzininiň satylandygyny habar berdiler. Muňa garamazdan, pes hili benzin satyn alan sürüjilerden A-95 benzininiň bahasyny tölemek talap edildi. Azatlyk bilen habarlaşan sürüjiler şonda özlerinden 1 litr A-92 benzinine 1,5 manat töleg tölenilmeginiň talap edilendigini habar berdiler.
Şol bir wagtda, ýangyja baý Türkmenistanda soňky ýyllarda ýygy-ýygydan awtoulag ýangyjynyň gytçylygy emele gelýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen ýylyň dowamynda, hususan-da güýz paslynda ýurduň dürli sebitlerinde emele gelen ulag ýangyjynyň gytçylygy barada yzly-yzyna habar berdiler.
Türkmenistan dünýäde we sebitde içerki sarp edijilere niýetlenýän awtoulag ýangyjynyň arzan bahasy bilen öňe saýlanýar. Bu ýurtda A-95 benzininiň bir litri içerki sarp edijilere 1 manat 50 teňňeden satylýar. “GlobalPetrolPrices” neşirine görä, 6-njy maýda ulag ýangyjynyň bu görnüşiniň bir litriniň dünýädäki ortaça bahasy 4 manat 74 teňňe hökmünde hasaba alyndy.
Şeýle-de, neşiriň maglumatlaryna görä, dizel ýangyjynyň bir litri Türkmenistanda 1 manatdan bahalanýar.
Ýangyja baý döwlet ulag ýangyjynyň bahasynyň elýeterliligi boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär.
“Türkmennebitönümleri” kärhanasy ýurduň gündogar sebitlerindäki beketlerde ýangyjyň hiliniň pese gaçmagy we ölçeýjilerde bellige alynýan nätakyk sanlar boýunça düşündiriş bermeýär.
Ýurtda ulag ýangyjy esasan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Owadandepäniň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynda öndürilýär.
Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 490 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenip, 413 müň tonna çemesi önüm öndürildi. Kärhanada 230 müň tonnadan gowrak A-95, A-92 we A-80 benzinleri öndürildi, şeýle-de, 123 müň tonna töweregi dizel ýangyjy öndürildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawody geçen ýylyň diňe ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 3 million 412 müň tonna çemesi çig nebiti gaýtadan işledi. Ýokar görkezijilere garamazdan, awtoulag eýeleri ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan ýangyç ýetmezçiligini başdan geçirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum