Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Maryda benzin gytçylygy emele geldi


Türkmenabadyň we oňa golaý Çärjew etrabynyň ýangyç beketlerinde yzy üzülmeýän ulaglaryň nobatyny görmek bolýar. (Arhiw suraty)
Türkmenabadyň we oňa golaý Çärjew etrabynyň ýangyç beketlerinde yzy üzülmeýän ulaglaryň nobatyny görmek bolýar. (Arhiw suraty)

Lebabyň we Marynyň aglaba sebitinde ýangyç gytçylygy emele geldi. Ýangyç guýujy beketlerde nobata duran köp ulagyň sürüjisi benzin satyn alyp bilmeýär.

Bu ýagdaý, Lebabyň Türkmenabat şäheriniň köçelerinde ulaglaryň we jemgyýetçilik awtobuslarynyň sanynyň azalmagyna we taksi kireý nyrhlarynyň gymmatlatmagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 27-nji iýunda maglumat berdiler.

“Türkmenabadyň we oňa golaý Çärjew etrabynyň ýangyç beketlerinde yzy üzülmeýän ulaglaryň nobatyny görmek bolýar. A-95 we A-92 görnüşli benzin tapdyrmaýar” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Maryly we lebaply ulag sürüjileriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, sebitdäki ýangyç beketlerinde gytçylygyň derejesi dürli-dürli bolup, käbir beketlerde benziniň diňe bir ýa-da birnäçe görnüşi ýetmezçilik edýär, käbirinde benzin asla tapdyrmaýar.

“Ýiti benzin gytçylygy 23-nji iýundan bäri dowam edýär” diýip, türkmenabatly ulag sürüjisi anonim şertde aýtdy.

Türkmenistanyň çägindäki ýangyç beketlerini nebit önümleri bilen üpjün edýän “Türkmennebitönümleri” kärhanasy we onuň ýerli edaralary Maryda we Lebapda dowam edýän benzin gytçylygy barada beýanat bermeýärler.

Azatlygyň Türkmenabadyň häkimligindäki ygtybarly çeşmesiniň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda sebitiň ýangyç beketlerine diňe ätiýaçlyk benzini iberilip, olar öňürtilik bilen ýerli howpsuzlyk gulluklarynyň we kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine berilýär.

“Ätiýaçlyk benzininiň näçe möçberdedigi anyk belli däl. Ýöne häzir bu benzin ýerli MHM, prokuratura, polisiýa edaralarynyň döwlet belgili ulaglary üçin niýetlenendir. Olardan galan benzin ýerli ilata satylýar” diýip, çeşmämiz benzin gytçylygynyň emele gelmegine nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumatyň ýokdugyny belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Benzin gytçylygy Türkmenabadyň köçelerinde awtoulaglaryň sanynyň göz-görtele azalmagyna getirdi. Habarçymyz jemgyýetçilik awtobuslarynyň bolsa, köçelerde tas asla göze ilmeýändigini aýdýar.

Bu ýagdaýlaryň netijesinde, taksä bolan talabyň artmagy we benzin gytçylygy, hususy ulagynda kireý edýän sürüjileriň öz nyrhlaryny ýokarlandyrmagyna hem getirdi.

“Adatça Türkmenabadyň içinde taksileriň hyzmaty 5-6 manatdy. Häzir olaryň bahasy 7-8 manada galdy” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenabadyň polisiýa bölümindäki çeşmämiz şäheriň we onuň töweregindäki etraplaryň ýangyç guýujy beketlerine gözegçiligiň artdyrylandygyny habar berýär.

“Ýokary derejeli hüşgärlik yglan edildi. Başlyklar halkyň güni agyr diýip, adam üýşmeleňlerinden gorkýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Ýangyja baý Türkmenistanda soňky ýyllarda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy ýygy-ýygydan emele gelýär.

Azatlyk geçen ýylyň dowamynda, hususan-da güýz paslynda ýurduň dürli sebitlerinde emele gelen ulag ýangyjynyň gytçylygy barada yzly-yzyna habar berdi.

Şonda Marynyň ýangyç beketlerinde benzin nobatyna garaşýan adamlar özara gürrüňdeşliklerde benziniň soňky wagtlarda daşary ýurtlara has köp satylmagy sebäpli gytalýandygyny aýtdylar.

TDH 20-nji maýda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasynyň ABŞ-nyň 77 million 668 müň dollaryndan gowrak bolandygyny habar berdi.

Maglumatda daşary ýurtly telekeçileriň beýlekiler bilen bir hatarda, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn alandygy bellenildi. Ýöne onuň anyk mukdary we bahasy aýdyňlaşdyrylmady.

Türkmenistanyň hökümeti ulag ýangyjynyň eksporty boýunça degişli sanlary aç-açan mälim etmeýär. Ýöne Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ýurtda benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 100,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 100 göterim ýerine ýetirilendigi mälim edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG