Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurt ilçihanalaryndan wiza nobatlaryny 'gizlemegi soraýar' – çeşmeler


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda raýatlar esasan iş, okuw we eklenç gözleginde köpçülikleýin daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edýän mahaly, häkimiýetler käbir daşary ýurt ilçihanalaryndan wiza nobatlaryny gizlemegi soraýar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri 7-nji oktýabrda habar berdi.

Maglumata görä, Russiýa, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň öňünde bu ýurtlara syýahat etmäge isleg bildirýän türkmenistanly raýatlaryň wiza nobatlary has köp emele gelip başlady.

“Bu nobatlaryň Türkmenistanyň hökümetiniň abraýyna kölege salmazlygyny gazanmak maksady bilen, häkimiýetler diplomatik kanallaryň üsti bilen daşary ýurt wekilhanalaryndan wiza nobatyna garaşýan adamlaryň üýşmeleňlerini köpeltmezligi haýyş etdiler” diýip, çeşmeler aýdýar.

“Öz gezeginde, daşary ýurt ilçihanalary hem Türkmenistanyň hökümeti bilen aradaky gatnaşyklary çylşyrymlaşdyrmazlyk maksady bilen, ilçihanalaryň öňünde nobata garaşylmagyny gadagan etdi. Olar adamlardan daşrakda garaşmagy soraýarlar, adamlar bolsa ilçihanalardan nobat belläp, sähel daşrakda, baglaryň kölegesinde garaşýarlar” diýip, çeşmeler sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy şu günler agzalan ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanalaryndan daşrakda garaşyp duran erkek we zenan raýatlary, oglanlary we gyzlary synlasa bolýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda indi ençeme ýyllardan bäri daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edýän raýatlaryň sany ýokary bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosynyň döwlet statistikalaryndan habarly çeşmeleri bäş ýyl çemesi mundan ozal 2008-2018-nji ýyllar aralygynda 1 million 900 müň çemesi türkmenistanlynyň uzak möhletli ýa-da hemişelik esasda daşary ýurtlara çykandyklaryny habar berdiler.

Global koronwirus pandemiýasynyň fonunda dünýäde halkara hereket çäklendirmeleriniň girizilmegi bilen, 2020-nji ýyllaryň başlarynda raýatlaryň Türkmenistandan daşary ýurtlara çykmagy seýrekleşdi, ýöne hereket çäklendirmeleriniň ýatyrylmagynyň yz ýany, şeýle meýiller gaýtadan güýçlendi.

Raýatlar ýurt içinde häkimiýetler tarapyndan emeli döredilýän kynçylyklardan hem baş alyp çykmaga mejbur bolýarlar. Daşary ýurtlaryň wizalaryny alyp bilen raýatlar wagtal-wagtal ýurduň halkara aeroportunda häkimiýetler tarapyndan düşündiriş berilmezden saklanyp, ýurtdan çykarylman bilýär.

Şonuň üçin, daşary ýurt wizalary köplenç raýata ýurduň daşyna çykmaga rugsat berilýändigini aňlatman bilýär.

Bulardan başga-da, türkmenistanlylar biometriki pasportlary almakda hem dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar. Döwlet migrasiýa gullugynyň käbir welaýat şahamçalary pasport nobatlarynyň senesini 2025-2026-njy ýyllara çenli uzaltdy.

Ýurtda dowam edýän ykdysasy kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda türkmenistanlylar esasan okuw we iş, eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga çalyşýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti bu sanlary jemgyýetçilige aýan etmeýär.

Türkiýäniň migrasiýa edarasyna görä, diňe şu ýurtda kanuny ýaşaýyş rusady bilen ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany iň soňky sanlara görä, 108 müň adamdan aşdy. 61 müň çemesi türkmenistanly gysga möhletli ýaşaýyş rugsady bilen, 17 müň 300 çemesi türkmenistanly student wizasy bilen, 7 müň 500 çemesi türkmenistanly bolsa maşgala wizasy bilen bu ýurtda ýaşaýar. Bu sanlar hasaba goşulanda diňe Türkiýäniň özünde kanuny esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany 194 müň adama golaýalaýar.

Ýatlasak, Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy.

Rus resmilerine görä, bu ýurtda diňe student wizasy bilen ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany 30 müňden aşýar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyna işlemäge barýan türkmenistanlylaryň sany hem, dürli çeşmelere görä, az däl.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy sentýabryň ahyrynda ýörite maglumat çap edip, bu ýurda syýahat etmek maksady bilen rus ilçihanasyna diňe oktýabr aýy üçin nobata ýazylan türkmen raýatlarynyň sanynyň 8 müň adama ýetendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosy türkmen hökümetiniň daşary ýurt ilçihanalaryna wiza nobatlaryny gizlemek babatynda iberen haýyşnamalary boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG