Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe ýaşaýjy Türkiýede ýaşaýan ýakyn garyndaşlarynyň bikanun durumy zerarly, özleriniň Aşgabatda türk wizalaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Çärjew etrabyndan bolan bir är-aýalyň hem-de Farap şäheriniň ýaşaýjylary bolan bir ene bilen oglunyň duçar galan ýagdaýy Aşgabatda türk wizalaryny almagyň töweregindäki päsgelçilikleri açyp görkezýär.
Çärjewli är-aýal uzak ýyllardan bäri Türkiýede zähmet çekip, bu ýurtda ýaşaýyş rugsatnamasy bilen kanuny ýagdaýda ýaşaýan ekeni. Ýöne olaryň biometriki pasportlarynyň möhleti dolup, bu ýurtdaky kanuny durumlaryny uzaltmaly bolanlarynda, ýagdaýlar çylşyrymlaşyp başlaýar. Aýaly pasportyny täzelemek üçin bir ýyl çemesi mundan ozal watana dolanýar, adamsy eklenç çeşmesini ýitirmezlik maksady bilen, Türkiýede bikanun ýagdaýda galmagy saýlap alýar.
“Biz ýoldaşym bilen bilelikde 10 ýyla golaý Türkiýede ýaşaýardyk. Biziň biometriki pasportlarymyzyň möhleti doldy, men bir ýyl töweregi mundan ozal pasportymy täzelemek üçin watana dolandym. Şondan soňra, adamym bu ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşap başlady, sebäbi onuň hem pasportynyň möhleti dolansoň, Türkiýedäki ýaşaýyş rugsatnamasynyň möhletini uzaldyp bilmedi. Men para berip, Türkmenistanda biometriki pasportymy täzeledim. Gaýtadan yzyma dolanmak maksady bilen, zerur bolan ähli resminamalary toplap, Aşgabatdaky türk wiza merkezine ýüz tutanymda, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçiihanasy meniň wiza ýüz tutmalarymy ret etdi” diýip, bir aýal maşgala anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ol bu ýagdaýy anyklaşdyrmak üçin Aşgabatdaky Wiza merkezine barýar, ýöne ol ýerden hem kanagatlanarly jogap alyp bilmeýär.
“Gelneje, bu ýagdaý bize bagly däl. Biz diňe zerur resminamalary toplamaga we wizalara ýüz tutmaga ýardam berýäris, ýöne wizalar boýunça gutarnykly karar türk ilçihanasyndaky konsul tarapyndan kabul edilýär” diýip, çärjewli zenan Wiza merkezinde özüne aýdylan sözleri sitirleýär.
Ol türk wizasyna ýüz tutmazdan ozal, başga-da birnäçe türkmenabatly ýaşaýjynyň şeýle tejribeleri başdan geçirendiklerini gürrüň berýär.
Çärjewli zenanyň sözlerine görä, türk wizalary ret edilen türkmenabatly ýaşaýjylar bu ýagdaýy özleriniň Türkiýede ýaşaýan ýakyn dogan-garyndaşlarynyň bikanun durumy bilen esaslandyrýandyklaryny aýdýarlar.
Ýöne Aşgabatdaky türk ilçihanasy ýa-da Wiza merkezi ret edilmeleriň sebäbini düşündirmeýär.
Beýleki bir lebaply ýaşaýjynyň, faraply bir enäniň duçar bolan birmeňzeş ýagdaýy wiza ret edilmeleriniň mümkin bolan sebäpleri boýunça dowam edýän çaklamalary güýçlendirýär.
Ikinji synanyşykda wiza almagy başaran faraply ene ilkinji wiza ýüz tutmasynyň ret edilmeginiň sebäpleri boýunça Wiza merkezinde özüne dilden aýdylan sözleri delil görkezýär.
“Meniň oglum ýokary okuw jaýyna okuwa giripdi, emma okuwyň töleglerini geçirip bilmänsoň, okuwyny taşlamaly boldy we Türkiýede birnäçe aý bikanun ýagdaýda galdy. Şol aralykda men türk wizasyna ilkinji gezek ýüz tutupdym. Şonda meniň wizam ret edildi. Wiza merkezinde maňa oglumyň Türkiýedäki bikanun ýagdaýy sebäpli, wizalaryň berilmejekdigini aýtdylar. Ýöne gyşda oglum gaýtadan okuwa girip, bikanun durumdan halas boldy. Men şondan soňra gaýtadan türk wizasyna ýüz tutdym. Bu gezek wiza berdiler, ret etmediler” diýip, faraply ene gürrüň berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, çärjewli är-aýal bilen faraply eneli ogluň ýagdaýlarynyň arasynda möhüm bir tapawut bar.
Çärjewli zenanyň sözlerine görä, onuň adamsy 2020-nji ýylda türkmen migrantlarynyň Türkmenistanyň hökümetine garşy Türkiýede guramalaşdyran protestleriniň dowam edýän pursatlarynda YouTube kanallarynda hökümete garşy teswirler bilen çykyş edipdir.
“Indi, ýurda dolanmakdan gorkýar. Dolanyp gelen halatynda hem, Türkmenistanda iş ýok, işsizlik, açlyk höküm sürýär” diýip, çärjewli zenan gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri tankytlara çydamsyzlykda, raýatlaryň söz, beýan, pikir we ýygnanyşmak ýaly esasy azatlyklaryny berk çäklendirmekde tankyt edilýär.
Türkmenistanda ykdysady krizisiň ýitileşýän pursatlarynda, has köp türkmenistanly eklenç, gazanç gözleginde daşary ýurt döwletlerine, hususan-da Türkiýe respublikasyna uzak möhletli esasda göçüp başlady.
Türkiýe 2007-2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň raýatlaryndan 30 gün möhlet bilen wiza talap etmedi. Ýöne Ankara 2022-nji ýylyň sentýabrynda, Aşgabadyň haýyşy boýunça, türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Munuň yz ýany, Türkiýede biometriki pasportlarynyň hem-de bu ýurtdaky ýaşaýyş rugsatnamalarynyň möhletini uzaldyp bilmeýän türkmenistanlylar býurokratiki päsgelçiliklere sezewar boldy.
Şol bir wagtda Türkiýäniň hökümeti soňky bir ýyl çemesi wagt bäri ýurtda bikanun ýaşaýan daşary ýurtly migrantlara garşy göreşi güýçlendirdi.
Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 9-njy maýda täzelän statistiki sanlaryna görä, Türkmenistan bu ýurtda ýaşaýyş rugsady bilen ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda birinji orunda durýar. Häzirki wagtda 112 müň 81 türkmenistanly bu ýurtdan ýaşaýyş rugsadyny alypdyr. Sanawda Türkmenistandan soňra Russiýa ikinji orunda gelýär. Bulardan başga-da, 68 müň 321 türkmenistanly gysga möhletli ýaşaýyş rugsady bilen, 19 müň 912 türkmenistanly student wizasy bilen, 7 müň 85 türkmenistanly maşgala wizasy bilen bu ýurtda ýaşaýar.
Synçylar we adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu ýurtda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň umumy sanynyň resmi sanlardan birnäçe esse köpdügini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum