Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan çykyp bilmedik we daşary ýurtda galan raýatlar resmilerden hemaýat soraýarlar


Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wiza merkezi. Aşgabat
Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wiza merkezi. Aşgabat

Tükmenistandan daşary ýurtlara gaýtmak üçin ýol gözleýän raýatlaryň sany artýarka, syýahatçylyk üçin zerur ähli dokumentleriň bar bolmagyna garamazdan, uçara goýberilmedik raýatlaryň sany soňky hepdelerde köpeldi. Bu ýagdaýdan nägile raýatlar migrasiýa resmilerine köpçülikleýin ýüz tutýarlar, şikaýat edip, meselesiniň çözülmegini gazanmaga synanyşýarlar.

Migrasiýa edaralaryna şikaýatlary we nägilelikleri bilen barýan raýatlaryň sany göz-görtele köpelipdir. Azatlygyň habarçylarynyň ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, berýän maglumatlaryna görä, köpçülik bolup, migrasiýa edalaryna barýanlaryň ençemesi ellerindäki ähli dokumentlerine garamazdan, ýurduň daşyna çykarylmadyk raýatlar.

"Hususan-da, Mary welaýatynyň döwlet migrasiýa gullugynyň edarasynyň öňünde şu günler ýurtdan çykmaga bolan hukugy çäklendirilen raýatlar we ýakynda daşary ýurtlardan deport edilen ençeme ýaşaýjylar, şeýle hem Aşgabadyň aeroportunda uçara goýberilmedik raýatlar bar. Ýüzlerçe adam gullugyň başlygynyň we beýleki resmileriniň kabulhanasyna girmek üçin nobata garaşýarlar" diýip, habarçymyz 6-njy maýda aýtdy.

Apreliň ikinji ýarymyndan bäri Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň uçardan düşürilmegi bilen bagly ýagdaýlar hasam köpeldi. Migrasiýa gulluklarynyň işgärleri ýolagçylaryň näme sebäpden uçara goýberilmeýändigini düşündirmezden, olary yzyna gaýtarýarlar.

Resmileriň dymmagy raýatlaryň aladasyny artdyrýar. Adamlar çäklendirmeleriň sebäplerine düşünmeýärler we näme etjegini bilmeýärler.

Bu aralykda ýurduň daşyna barýan raýatlaryň uçardan düşürilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi barada türkmenistanlylar sosial mediada hem pikir alyşýarlar. Raýatlar öz görenlerini habar berip, başgalara peýdaly bolup biljek maslahat berýärler. Şeýle maslahatlaryň biri Migrasiýa edarasyndan düzgün bozmalaryň we çykmak gadagançylygynyň ýokdugy baradaky çykyş rugsadyny öňünden edinmeklige degişli.

"Ony bir aýa golaý wagtda berýärler. Adatça ol öň deport edilen adama gerek. Emma ony her kime edinmek gowy. Sebäbi uçardan düşürilýänleriň arasynda deporty bolmadyklar hem bar" diýlip IMO-da çap edilen maglumatlaryň birinde aýdylýar.

Şol bir wagtda-da, ýurduň daşyna gitmek üçin çykyş rugsadynyň zerurlygy ýaly talap Migrasiýa gullugynyň resmi sahypasynda görkezilmändir.

Bu aralykda Marydaky habarçymyzyň nobatda duran raýatlara we migrasiýa gullugy bilen bagly çeşmelere salgylanyp, habar bermegine görä, raýatlaryň ýurtdan çykmagy meselesini para bilen çözüp bolýar.

"Migrasiýa gullugynyň welaýatdaky resmileri öz orunbasarlary we beýleki resmi we näresmi araçylarynyň üsti bilen raýatlardan 2500-3000 dollar möçberinde para talap edýärler we bu parany töläp bilen raýatlaryň ýurtdan çykmak hukugynyň dikeldiljekdigini 'wada' berýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosy raýatlaryň uçara goýberilmezligi we çykyş rugsady barada Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugyndan resmi maglumat alyp bilmedi.

Habarçymyz işsizlikden we sosial - ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän raýatlar welaýat migrasiýa edarasynyň eden-etdiliginden arz edip, merkezi döwlet migrasiýa gullugyna we baş prokuratura arz şikaýatlary ýazýarlar diýýär.

Eýýäm üç ýyl bäri özüniň ýurtdan çykmak hukugyny dikeltmek üçin häkimiýetlere arz edýän 50 ýaşyndaky maryly prokuratura edaralaryndan hiç hili ýardamyň bolmandygyny gürrüň berdi: "Eýýäm üç gezek baş prokuratura hat ýazdym, başda jogap hem gelýärdi, emma soňky hatyma dekabr aýyndan bäri jogap hem berenoklar. Netije ýok, prokuratura edaralary hem migrasiýa gullugyna çäre görüp bilenok ýa-da islänok".

Habarçymyzyň bellemegine görä, raýatlar prokuratura ýüzlenmegiň netijesizligini aýdyp, prezidentiň diwanyna hem hat ýazýarlar. Şeýle-de, soňky wagtda Adalatçynyň ofisine hem arz bilen baranlaryň sany köpelipdir.

Marynyň migrasiýa gullugynda nobatda duran birnäçe raýatyň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, nägile raýatlar öz hak-hukuklaryny dikeltmek ugrunda prezidentiň administrasiýasyna hat ýazjagyny migrasiýa işgärlerine açyk aýdýarlar.

"Prezidentiň diwanyna arz etjek diýip, migrasiýa gullugynyň başlygynyň kabulhanasynda nägilelik bildiren raýatlara resmiler haýbat atýarlar: 'Prezident bize näme diýse, biz şony edýäris, bar, näme ýazsaň ýaz, ýöne soň ýurtdan umuman çykmaz edileňde ökünip ýörme!' diýlen sözleri aýdýarlar" diýip, maryly raýat gürrüň berdi.

Lebapdaky çeşmeleriň sözlerine görä, soňky wagtda häkimiýetlere edilýän köp ýüzlenme ýerli ýaşaýjylaryň daşary ýurtlarda zähmet migrasiýasyndaky hossarlarynyň ykbaly bilen bagly aladalara degişli. Hususan-da, Russiýada deport merkezlerde galan ençeme lebaplynyň garyndaşlary öz hossarlary bilen aragatnaşygyň üzülendigini aýdyp, ýakynlarynyň halyndan habar almak talaby bilen welaýatdaky Daşary işler ministrliginiň welaýat bölümine, şeýle hem migrasiýa gullugyna ýüz tutýarlar.

"DIM-iň we migrasiýa gullugynyň resmileri raýatlara hiç hili anyk jogap bermekden saklanyp, "garaşyň, özüňiz günäkär, näme üçin iberdiňiz "diýip, äsgermezlik edýärler. Bu hili gödek jogaplardan ýadan birnäçe raýat soňky wagtlarda migrasiýa we DIM-iň welaýat bölüminiň edaralarynda açyk nägilelik bildirip, özleriniň Russiýadaky we Türkiýedäki migrantlaryna ýardam bermegi talap edip başladylar" diýip, ýerli habarçymyz aýtdy we çykgynsyz ýagdaýa düşen käbir raýatlaryň öz şikaýatlary barada internete we sosial ulgamlarynda paýlaşjak diýip, resmilere janygyp aýdýandygyny belledi.

"Raýatlaryň köpçülikleýin internete çykarmak şertlerinden gorkýan resmiler diňe şondan soň raýatlary köşeşdirmek üçin 'goýuň, ýurdumyzy masgara etmäň, Arkadagly Serdarymyz kömek eder, biz siziň talabyňyzy oňa ýetireris' diýip, mylaýym gürrüň edýärler'" diýip, lebaply çeşme aýdýar.

Aşgabatly çeşmeler hem soňky döwürde migrasiýa meselesiniň agyr we ulgamlaýyn krizise öwrülendigini we häkimiýetleriň bu problemany boýun almaga mejbur boljagyny belleýärler.

"Mesele çynlakaý ýagdaýa geldi. Raýatlaryň bu mesele boýunça sosial torlarda hem aç-açan pikir alşyp başlamaklary hem döwlet resmileri üçin uly signaldyr. Meseläniň bardygy we onuň çözülmeginiň zerurlygy boýun alynmaly. Režim indi muňa göz ýumup bilmez" diýip, synçy sözüni jemledi.

Türkmen resmileri migrasiýanyň möçberini görkezýän statistikany çap etmän gelýär. Emma ýurtda biometriki pasport almak üçin nobatyň iki ýyla uzamagy, wiza we beýleki resminamalara, uçar biletlerine bolan islegleriň artmagy ilatyň ýurdy terk etmek isleginiň gitdigiçe güýçlenýändigini görkezýär.

Türkiýede soňky ýylda migrantlara garşy alnyp barylan ýowuz çäreler we türkmenleriň köpçülikleýin deportasiýa edilmegi, şeýe-de Ukrainada uruş alyp barýan Orsýetde migrantlara garşy duýgularyň öjükmegi we olaryň köpçülikleýin tutulmagy we hatda zor bilen urşa ugradylmagy ýaly ýagdaýlaryň köpelmegi işsizlikden we dürli gysyşlardan ýaňa umytdan düşýän türkmen raýatlaryny öz watanyny taşlap şol ýurtlara gitmek isleginden saklamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG